Üçünji Musa 3:1—17
3 Sürüsinden bir öküzi ýa-da sygry parahatlyk gurbanlygy+ hökmünde berjek bolýan adam Ýehowa şikessiz mal bersin.
2 Ol malyň kellesine elini goýsun. Soňra ýygnak çadyrynyň* agzynda malyň damagy çalynsyn. Harunyň neslinden ruhanylar malyň ganyny gurbanlyk ojagynyň* çar tarapyna sepsinler.
3 Parahatlyk gurbanlygynyň bir bölegi Ýehowa ýakylyp gurban berilsin+. Ýakylmaly zatlar şulardyr: malyň içýagy+, içege ýagy,
4 iki böwregi we olaryň ýagy. Bagryň töweregindäki ýagy hem böwrek+ bilen hödürlemelidir.
5 Harunyň ogullary olary gurbanlyk ojagynda tutaşyp başlan odunyň+ üstünde ýakma gurbanlygy bilen hödürlemelidir. Ýehowa üçin ýakymly ysly gurbanlyk+ şeýdip bermelidir.
6 Sürüsinden bir goçy, goýny, tekäni ýa-da geçini+ Ýehowa parahatlyk gurbanlygy hökmünde berjek bolýan adam şikessiz mal bersin.
7 Eger ol erkek tokly gurbanlyk berjek bolsa, ony Ýehowanyň huzuryna getirsin.
8 Ol malyň kellesine elini goýsun. Soňra ýygnak çadyrynyň öňünde malyň damagy çalynsyn. Harunyň ogullary malyň ganyny gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepsin.
9 Parahatlyk gurbanlygynyň ýagy Ýehowa ýakylyp gurban berilsin+. Malyň guýruk ýagyny oňurgadan başlap tutuşlygyna kesip alsynlar. Içýagy, içege ýagy,
10 iki böwregi we olaryň ýagyny-da alsynlar. Bagryň töweregindäki ýagy hem böwregi bilen aýyrsynlar+.
11 Ruhany olary Ýehowanyň paýy* hökmünde gurbanlyk ojagynda ýaksyn+.
12 Eger ol geçi gurbanlyk berjek bolsa, ony Ýehowanyň huzuryna getirsin.
13 Ol malyň kellesine elini goýsun. Soňra ýygnak çadyrynyň öňünde malyň damagy çalynsyn. Harunyň ogullary malyň ganyny gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepsin.
14 Gurbanlygyň bir bölegi Ýehowa ýakylyp gurban berilsin. Ýakylmaly zatlar şulardyr: malyň içýagy, içege ýagy+,
15 iki böwregi we olaryň ýagy. Bagryň töweregindäki ýagy hem böwrek bilen hödürlemelidir.
16 Ruhany olary Hudaýyň paýy* hökmünde gurbanlyk ojagynda ýaksyn. Gurbanlygyň ýakymly ysy Hudaýa ýaraýandyr. Malyň ähli ýagy Ýehowanyňkydyr+.
17 Hiç hili ýag ýa-da gan iýmäň+. Muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý edip, nirede ýaşasaňyz-da eýeriň“».
Çykgytlar
^ Sözme-söz: çöregi. Hamala Hudaý hem parahatlyk gurbanlygyndan iýýän ýalydy.
^ Sözme-söz: çöregi. Hamala Hudaý hem parahatlyk gurbanlygyndan iýýän ýalydy.