Üçünji Musa 5:1—19

  • Günäler we gurbanlar (1—6)

    • Biriniň günäsine şaýat bolmak (1)

  • Garyplaryň gurbanlary (7—13)

  • Bilmän edilýän günä üçin ýazyk gurbanlygy (14—19)

5  Kimde⁠-⁠kim biriniň günä edendigini görse ýa bilse, şaýatlyk etmäge çagyrylsa⁠-⁠da*+, hiç zat aýtmasa, ol günä edýändir. Munuň üçin jogap bermeli bolar.  Eger adam haram hasaplanýan zada: haram ýabany haýwanyň, mal⁠-⁠garanyň ýa⁠-⁠da mör⁠-⁠möjegiň* maslygyna degse+, haram bolýandyr. Ol haram bolanyna düşünmese⁠-⁠de, ýazykly hasaplanmalydyr.  Eger biri bilmän, haram edýän zada ýa⁠-⁠da adama degse+, muny soň bilip galsa⁠-⁠da, ýazykly bolýandyr.  Eger biri oýlanman, gowy ýa erbet zat hakda howlugyp ant içse, soňam howlugyp ant içendigine düşünse, şonda⁠-⁠da ýazykly bolar*+.  Adam şu zatlaryň haýsyny edip ýazykly bolsa⁠-⁠da, günäsini boýun almalydyr+.  Ol eden günäsi üçin+ Ýehowa ýazyk gurbanlygyny bersin. Sürüsinden bir urkaçy guzyny ýa⁠-⁠da owlagy günä gurbanlygy hökmünde getirsin. Şonda ruhany ony günäsinden arassalar.  Eger goýun bermäge ýagdaýy bolmasa, Ýehowa ýazyk gurbanlygy hökmünde iki gumry ýa⁠-⁠da iki kepderi*+ bersin. Olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip bersin+.  Guşlary ruhana eltip bersin. Ruhany öňürti günä gurbanlygy edip beriljek guşuň damagyny çalsyn, ýöne kellesini goparmasyn.  Ol günä gurbanlygynyň ganyndan gurbanlyk ojagynyň* gapdalyna biraz sepeläp, galan gany ojagyň düýbüne akdyrsyn+. Günä gurbanlygy şeýdip berilmelidir. 10  Beýleki guşy bolsa kanunda tabşyrylyşy ýaly, ýakma gurbanlygy edip bersin+. Şeýdip, ruhany ol adamy günäsinden arassalasyn. Şonda onuň günäsi bagyşlanar+. 11  Eger iki gumry ýa iki kepderi bermäge⁠-⁠de ýagdaýy bolmasa, günä gurbanlygy üçin bir jam*+ ýokary hilli un getirsin. Una ýag ýa⁠-⁠da ladan* goşmasyn, sebäbi günä gurbanlygy şeýdip berilmelidir. 12  Ol uny ruhana eltip bersin. Ruhany undan bir goşawuç alyp, gurbanlyk ojagynda Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklaryň üstünde ýatlama sadakasy* hökmünde ýaksyn. Günä gurbanlygy şeýdip berilmelidir. 13  Adam şol günäleriň haýsyny eden bolsa⁠-⁠da, ruhany ony günäsinden arassalasyn. Şonda onuň günäsi bagyşlanar+. Galla sadakasyndaky+ ýaly, günä gurbanlygynyň galany hem ruhana+ berilsin“». 14  Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 15  «Eger biri Ýehowanyň mukaddes zatlaryna garşy bilmän günä edip, biwepalyk etse+, sürüsinden şikessiz goçy Ýehowa ýazyk gurbanlygy edip getirsin+. Goçuň bahasy mukaddes çadyrda ulanylýan ölçegde kümüş şekel* bilen hasaplansyn+. 16  Ol mukaddes çadyra garşy eden günäsi üçin töleg tölesin. Üstüne ýetiren zyýanynyň bäşden bir bölegini hem goşup+, ruhana bersin. Ruhany bolsa goçy ýazyk gurbanlygy edip hödürläp, ol adamy günäsinden arassalasyn+. Şonda onuň günäsi bagyşlanar+. 17  Eger biri Ýehowanyň tabşyrygyny bozsa, muny bilmän eden bolsa⁠-⁠da, ýazykly hasaplanmalydyr. Ol eden günäsi üçin jogap berer+. 18  Ol kesilen baha görä, ýazyk gurbanlygy üçin sürüsinden şikessiz goç getirsin+. Ruhany hem tötänden, bilmän günä eden adamy günäsinden arassalasyn. Şonda onuň günäsi bagyşlanar. 19  Ol Ýehowa garşy günä edeni üçin ýazyk gurbanlygyny bermelidir».

Çykgytlar

Sözme-söz: nälet (ant) sesini eşitse-de. Günäkäri ýa-da şaýatlyk etmekden boýun gaçyrýany näletläp jar çekmegi aňladýan bolmaly.
Topar-topar bolup, ýerde-suwda ýaşaýan we uçýan kiçijik jandarlar göz öňünde tutulýar.
Sözünde durmadyk adam göz öňünde tutulýar.
Kepderi jüýjesi göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.