Üçünji Musa 8:1—36
-
Harunyň ogullarynyň ruhany bellenmegi (1—36)
8 Soňra Ýehowa Musa:
2 «Harun bilen ogullaryny+, olaryň ruhanylyk eşiklerini+, mukaddes ýagy+, günä gurbanlygy üçin öküzi, iki goçy, petir çörekli*+ sebedi al-da,
3 halky ýygnak çadyrynyň* agzyna ýygna» diýdi.
4 Musa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, bütin halky ýygnak çadyrynyň agzyna ýygnady.
5 Musa: «Ýehowa şu zatlary tabşyrdy» diýdi-de,
6 Harun bilen ogullaryny çagyryp, ýuwunmagy tabşyrdy*+.
7 Soňra Haruna gözenek nagyşly köýnegi+ geýdirip, guşagyny+ daňdy. Üstünden dony*+ we öňlügi*+ geýdirip, öňlügiň guşagyny+ berk daňdy.
8 Gursakçany+ hem dakyp, içine urym bilen tummymy*+ saldy.
9 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Harunyň başyna selle+ orap, altyndan lowurdap duran mukaddes maňlaýlygy*+ dakdy.
10 Soňra mukaddes ýagy aldy-da, mukaddes çadyra we içindäki zatlara çalyp+, mukaddes etdi.
11 Gurbanlyk ojagyna-da* ýedi gezek ýag sepeläp, ojagy, esbaplaryny, legen bilen direglerini mukaddes etdi.
12 Harunyň başyna-da ýag guýup, mukaddes edip, ruhany belledi+.
13 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Harunyň ogullaryny hem getirip, olara gözenek nagyşly köýneklerini geýdirdi, guşaklaryny daňdy, sellelerini orady+.
14 Soňra ol günä gurbanlygy üçin öküzi alyp geldi. Harun bilen ogullary öküziň kellesine elini goýdy+.
15 Musa öküziň damagyny çaldy-da, gana+ barmagyny batyryp, gurbanlyk ojagynyň şahlaryna çaldy we ony günäden arassalady. Galan gany bolsa ojagyň düýbüne dökdi. Şeýdip, ol gurbanlyk hödürlär ýaly, gurbanlyk ojagyny mukaddes etdi.
16 Şondan soň Musa malyň içýagyny, bagryň töweregindäki ýagy, iki böwregi we olaryň ýagyny alyp, gurbanlyk ojagynda ýakdy+.
17 Öküziň galan zatlaryny, ýagny derisini, etini, tezegini bolsa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, düşelgäniň daşynda ýakdy+.
18 Soňra ýakma gurbanlygy üçin goçy getirdi. Harun bilen ogullary goçuň kellesine elini goýdy+.
19 Musa malyň damagyny çalyp, ganyny gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepeledi.
20 Ol goçy bölekläp, kellesini, böleklän etini we içýagyny* oda atdy.
21 Içegelerini we aýaklaryny ýuwup, goçy tutuşlygyna gurbanlyk ojagynda ýakdy. Şeýdip, Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygyny berdi. Musa muny Ýehowanyň tabşyryşy ýaly etdi.
22 Soňra ol ruhanylary bellemek+ üçin hödürlenjek beýleki goçy getirdi. Harun bilen ogullary malyň kellesine elini goýdy+.
23 Musa goçuň damagyny çalyp, ganyndan biraz aldy-da, Harunyň sag gulagyna*, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna çaldy.
24 Harunyň ogullaryny hem getirip, gandan olaryň sag gulagyna*, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna çaldy. Galan gany bolsa gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepdi+.
25 Ol goçuň ýagyny, guýruk ýagyny, içýagyny, bagrynyň töweregindäki ýagy, iki böwregini, olaryň ýagyny we sag buduny aldy+.
26 Ýehowanyň huzuryndaky petir çörekli sebetden halka görnüşli petir+, ýaga ýugrulan halka görnüşli çörek+ we çelpek* alyp, goçuň ýagy bilen sag budunyň üstünde goýdy.
27 Musa olary Harun bilen ogullaryna berip, Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk-beýläk galgatdy.
28 Soňra şol zatlary olaryň elinden alyp, gurbanlyk ojagynda ýakma gurbanlygynyň üstünde ýakdy. Şeýdip, ruhanylary bellemek üçin Ýehowa ýakymly ysly gurbanlyk ýakyldy.
29 Musa goçuň döşüni alyp, Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk-beýläk galgatdy+. Ruhanylary bellemek üçin hödürlenen goçuň döşi Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Musanyň paýy boldy+.
30 Musa mukaddes ýagdan+ we gurbanlyk ojagyndaky gandan alyp, Harun bilen ogullaryna, olaryň eşiklerine sepdi. Şeýdip, ol Harun bilen ogullaryny-da+, eşiklerini-de mukaddes etdi+.
31 Soňra Musa Haruna we ogullaryna: «Goçuň+ etini ýygnak çadyrynyň agzynda gaýnadyň. Ony şol ýerde ruhany bellenmegiňiz üçin hödürlenen çörek bilen iýiň. Sebäbi Hudaý: „Muny Harun bilen ogullary iýsin“+ diýip tabşyrdy.
32 Etden we çörekden näme galsa ýakyň+.
33 Sizi ruhany edip bellemäge ýedi gün gerek bolar. Ruhany bellenýänçäňiz+, ýedi günläp ýygnak çadyrynyň agzyndan gitmäň.
34 Sizi günäden arassalamak üçin, Ýehowa şu günki edilen zatlary ýene-de alty gün etmegi tabşyrdy+.
35 Ýedi gije-gündizläp+ ýygnak çadyrynyň agzynda boluň. Ýehowanyň tabşyran zatlaryny ediň+, şonda heläk bolmarsyňyz. Hudaý şu zatlary size aýtmagy tabşyrdy» diýdi.
36 Harun bilen ogullary ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.
Çykgytlar
^ Ýa-da: hamyrmaýasyz çörekli.
^ Sözme-söz: ýuwundyrdy.
^ Ýa-da: ýeňsiz dony.
^ Harunyň Hudaýa bagyş edilmegini aňladýan nyşan.
^ Ýa-da: böwrek ýagyny.
^ Ýa-da: gulagynyň ýumşak ýerine.
^ Ýa-da: gulagynyň ýumşak ýerine.
^ Ýa-da: ýukajyk çörek; gatlama.