Dördünji Musa 11:1—35
11 Günlerde bir gün halk Ýehowanyň öňünde zeýrenip başlady. Ýehowa muny eşidip, gahar-gazaba mündi. Ýehowa ot inderip, düşelgäniň gyrasyndaky käbir adamlary öldürdi.
2 Şonda halk perýat edip, Musadan kömek sorady. Ol Ýehowa ýalbaryp dileg etdi+ welin, ot söndi.
3 Şol ýere Tabera* diýdiler, sebäbi Ýehowa halkyň üstüne ot inderipdi+.
4 Halkyň arasyndaky gelmişekler+ öňki iýen zatlaryny küýsäp başladylar+. Ysraýyllar hem ýene nalap: «Indi ete-de zar bolduk!+
5 Wah, şu wagt Müsürde mugt iýen balyklarymyz, hyýarlarymyz, garpyzlarymyz, ýaş soganlarymyz, sogan-sarymsaklarymyz bolsady!+
6 Indi ysgyn-mydarymyz galmady. Mannadan+ başga görýän zadymyz ýok!» diýdiler.
7 Manna+ kinzanyň tohumy+ ýalydy, özem ýakymly ysly şepbige meňzeýärdi.
8 Adamlar çykyp, mannany ýygnardylar-da, degirmende üwärdiler ýa sokuda döwerdiler. Soňra mannany gazanda gaýnadardylar ýa-da çörek bişirerdiler+. Mannanyň tagamy ýag goşulyp bişirilen süýji külçe ýalydy.
9 Gije düşelgä çyg düşende, manna hem düşerdi+.
10 Musa her kimiň öz çadyrynyň agzynda oturyp, maşgalasy bilen dady-perýat edýänini eşitdi. Şonda Ýehowa gahar-gazaba mündi+. Musanyň hem gahary geldi.
11 Musa Ýehowa ýüzlenip: «Meni* näme üçin beýle gynaýaň? Bütin halkyň ýüküni boýnuma atar ýaly, eden etmişim näme?+
12 Näme, olar meniň bagrymdan önen çagalarmy? Ata-babalaryna wada beren* ýurduňa barýançalar, eneke ýaly olary gujagyňda göter diýýäň. Men olaryň atasymy näme?*+
13 Gözlerinden ýaş döküp: „Iýere et ber!“ diýip özelenýärler. Munça adama eti nireden alaýyn?
14 Halka baş bolmak ýeke özüme agyr düşýär+.
15 Maňa beýle azap çekdireniňden, häziriň özünde janymy al+. Eger menden razy bolsaň, indi bir köseme» diýdi.
16 Ýehowa Musa: «Ysraýyl ýaşulularyndan we ýolbaşçylaryndan+ başarjaň 70 adamy saýla-da, ýygnak çadyryna* getir.
17 Men aşak inip+, seniň bilen gepleşerin+. Sendäki mukaddes ruhdan+ olara-da bererin. Ýeke özüňe agram düşmez ýaly, olar halkyň ýüküni deň çekişer+.
18 Halka şeýle diý: „Ertire çenli tämizleniň+. Hemmäňiz et iýersiňiz. Ýehowa siziň: „Indi ete-de zar bolduk! Müsürde gowy ýaşaýardyk“+ diýen nalyşyňyzy eşitdi+. Ýehowa size iýere et berer+.
19 Özem 1 gün, 2 gün, 5 gün, 10 gün ýa 20 gün däl,
20 tutuş bir aýlap, agzyňyzdan-burnuňyzdan gelýänçä, aşa düşýänçäňiz iýersiňiz+. Sebäbi siz araňyzda mesgen tutan Ýehowadan ýüz öwürdiňiz. „Müsürden näme üçin gaýtdyk?“ diýip, onuň öňünde naladyňyz“»+ diýdi.
21 Şonda Musa: «Halkyň erkekleriniň özi 600 000 adam+. Sen bolsa: „Olara bir aýlap et iýdirerin“ diýýäň.
22 Mallaryň baryny soýup, deňziň ähli balygyny tutsagam, olara ýetmez» diýdi.
23 Ýehowa: «Näme, Ýehowanyň eli gysgadyr öýdýäňmi?+ Aýdan zadym bolarmy ýa ýok, özüň görersiň» diýip jogap berdi.
24 Musa çykyp, Ýehowanyň sözlerini halka ýetirdi. Soňra halkyň ýaşulularyndan 70 adamy ýygnap, olary ýygnak çadyrynyň töwereginde duruzdy+.
25 Ýehowa buludyň içinde aşak inip+, Musa bilen gepleşdi+. Ol Musadaky mukaddes ruhdan alyp+, 70 ýaşula berdi. Üstlerine mukaddes ruh inen badyna, olar pygamberlik edip* başladylar+. Beýle ýagdaý soň gaýtalanmady.
26 Ýaşululardan Eldat bilen Medat diýen iki adam düşelgede galypdy. Olar ýygnak çadyryna gitmese-de, üstlerine mukaddes ruh indi. Sebäbi ýazga alnan beýleki ýaşulularyň arasynda olaryň hem ady bardy. Olar düşelgede pygamberlik edip başladylar.
27 Bir ýigit ylgap gelip: «Eldat bilen Medat düşelgede pygamberlik edýär!» diýip, Musa habar berdi.
28 Şonda ýaşlygyndan Musa hyzmat edýän Nun ogly Ýuşa+: «Musa, agam, olary saklasana!»+ diýdi.
29 Musa bolsa: «Sen meniň abraýymy alada edýäňmi?* Men-ä Ýehowanyň bütin halkynyň pygamber bolmagyny, Ýehowanyň öz ruhuny olara-da bermegini isleýärin» diýdi.
30 Biraz wagtdan Musa ysraýyl ýaşululary bilen düşelgä dolandy.
31 Ýehowa ýel öwüsdirip, deňiz tarapdan düşelgä bedene getirdi. Düşelgäniň daş-töweregi bir günlük ýol aralykda bedeneden doldy+. Olar ýerden iki tirsek* belentlikde uçuşyp ýördi*.
32 Adamlar şol gün gijesi bilen, ertesi günem bedene tutdular. Hiç kim on ganardan* az ýygnamady. Olar üýşüren bedenelerini düşelgäniň töweregine serip goýdular.
33 Emma eti heniz iýip gutarmankalar, Ýehowanyň olara gahary geldi. Ýehowa halky gyryp başlady+.
34 Şol ýere Kibrot-hatawa*+ diýdiler, sebäbi açgözlük edenleri+ şol ýerde jaýlapdylar.
35 Soňra halk Kibrot-hatawadan Haserota göçdi+.
Çykgytlar
^ Manysy: Ýalyn; ot.
^ Sözme-söz: Guluňy.
^ Ýa-da: ant içen.
^ Sözme-söz: Olary men dogurdymmy?
^ Ýa-da: özlerini pygamber ýaly alyp baryp.
^ Sözme-söz: Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýäňmi?
^ Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: Ýerden iki tirsek beýiklige çenli bedeneden doldy.
^ Bir ganar 220 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Manysy: Açgözlük mazary.