Dördünji Musa 15:1—41

  • Gurbanlyklar barada kanun (1—21)

    • Ýerli halk we gelmişek üçin bir kanun (15, 16)

  • Bilmän edilen günä üçin gurbanlar (22—29)

  • Bilgeşleýin edilen günä üçin jeza (30, 31)

  • Sabat gününi bozan adamyň öldürilmegi (32—36)

  • Donuň eteginiň seçeklenmegi (37—41)

15  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:  «Ysraýyllara aýt: „Mülk edip berjek ýurduma baranyňyzda+,  mal-garaňyzdan Ýehowa ýakylyp berilýän, Ýehowa üçin ýakymly ysly gurbanlyklary+: ýakma gurbanlygy+, wada berlen ýa-da göwnüňden çykarylyp berilýän gurbanlygy+, baýramçylyklarda+ hödürlenýän gurbanlygy berseňiz,  bir jam* ýokary hilli una+ bir golça* ýag garyp, Ýehowa galla sadakasyny-da getiriň.  Ýakma gurbanlygynyň+ ýa-da erkek toklynyň ýany bilen şerap sadakasy hökmünde bir golça* şerap hem getiriň.  Goç gurbanlyk bereniňizde, galla sadakasy üçin iki jam* ýokary hilli una bir ýarym golça* ýag garyp getiriň.  Bir ýarym golça şeraby bolsa Ýehowa ýakymly ysly şerap sadakasy edip beriň.  Eger Ýehowa ýakma gurbanlygy+, wada berlen+ ýa-da parahatlyk gurbanlygy+ hökmünde öküz berjek bolsaňyz,  ýany bilen üç jam* ýokary hilli una ýarym küýze ýag garyp, galla sadakasyny+ hem getiriň. 10  Ýarym küýze şeraby bolsa Ýehowa ýakylyp berilýän ýakymly ysly şerap sadakasy+ edip hödürläň. 11  Her öküziň, goçuň, erkek toklynyň ýa-da tekäniň ýany bilen şol sadakalary bermelisiňiz. 12  Näçe maly gurbanlyk berseňiz, hersi üçin galla we şerap sadakasyny hödürläň. 13  Ysraýyllar Ýehowa ýakylyp berilýän ýakymly ysly gurbanlyklary şeýdip hödürlesin. 14  Täze göçüp gelen we uzak wagt bäri ýaşaýan gelmişekler hem Ýehowa ýakylyp berilýän ýakymly ysly gurbanlyklary siziňki ýaly edip hödürlesin+. 15  Ýerli halk üçin hem, gelmişek üçin hem kanun birdir. Muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. Ýehowanyň sizden-de, gelmişeklerden-de edýän talaby birmeňzeşdir+. 16  Siziň üçin hem, araňyzda ýaşaýan gelmişek üçin hem bir kanun we perman bolsun“». 17  Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 18  «Ysraýyllara aýt: „Size berjek ýurduma baryp, 19  şol ýurduň hasylyny* iýersiňiz+. Şonda Ýehowa sadaka beriň. 20  Hasylyň ilkinji+ unundan halka görnüşli çörek bişirip getiriň. Olary harmandan getirilen sadaka ýaly hödürläň. 21  Hasylyň ilkinji unundan Ýehowa sadaka bermek siziň üçin nesilden-nesle hemişelik kanun bolsun. 22  Eger ýalňyşyp, Ýehowanyň Musa arkaly beren tabşyryklarynyň birini bozsaňyz, 23  Ýehowanyň Musa arkaly size we nesliňize beren tabşyryklaryny, Ýehowanyň tabşyran gününden bäri aýdan zatlaryny etmeseňiz, 24  bilmän ýalňyşlyk goýberseňiz, halkyň hem mundan habary bolmasa, halk bir öküzçäni Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip bersin. Kanunda tabşyrylyşy ýaly, ýany bilen galla we şerap sadakalaryny-da getirsinler+. Bir owlagy hem günä gurbanlygy edip hödürlesinler+. 25  Ruhany ysraýyl halkynyň günäsini ýuwsun. Şonda olaryň günäsi bagyşlanar+. Sebäbi olar muny bilmän etdiler we Ýehowa ýakma gurbanlygyny, günäleri üçin bolsa Ýehowa günä gurbanlygyny hödürlediler. 26  Bilmän günä edendikleri üçin, ysraýyllaryň-da, gelmişekleriň-de günäsi geçiler. 27  Eger biri bilmän günä etse, birýaşar geçini günä gurbanlygy edip bersin+. 28  Ruhany Ýehowanyň öňünde bilmän günä eden adamy günäden arassalasyn. Şonda günäsi bagyşlanar+. 29  Ysraýyllardan ýa gelmişeklerden bolsun, bilmän günä eden adam üçin bir kanun bolsun+. 30  Ýöne ysraýyllardan bolsun, gelmişeklerden bolsun, bilgeşleýin günä edip+, Ýehowa dil ýetirýän adam halkyň arasyndan ýok edilsin*. 31  Ýehowanyň sözüne biperwaý garap, tabşyrygyny bozandygy üçin, ol hökman öldürilsin+. Günäsi öz boýnunadyr“»+. 32  Ysraýyllar çöldekä, Sabat güni+ bir adamyň odun çöpläp ýörendigini gördüler. 33  Odun çöpleýänini görenler ony Musanyň, Harunyň we halkyň ýanyna getirdiler. 34  Oňa nähili çäre görmelidigini bilmän, tussaglykda sakladylar+. 35  Ýehowa Musa: «Ol adamy hökman öldüriň+. Halk ony düşelgäniň daşynda daşlasyn»+ diýdi. 36  Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, halk ony düşelgeden çykaryp, daşlap öldürdi. 37  Soňra Ýehowa Musa: 38  «Ysraýyllara aýt, donlarynyň etegini seçekläp, üstünden gök ýüp geçirsinler+. Muny nesilden-nesle berjaý ediň. 39  Seçekler size Ýehowanyň tabşyryklaryny we olary berjaý etmelidigini ýatladyp durar+. Ýüregiňiziň we gözüňiziň islegine kowalaşyp, Hudaýa biwepalyk etmäň+. 40  Muny meniň tabşyryklarymy ýatda saklap, berjaý etmegiňiz we Hudaýyň öňünde mukaddes bolmagyňyz+ üçin aýdýaryn. 41  Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. Sizi Müsür ýurdundan çykaryp, Hudaýyňyz boldum+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn»+ diýdi.

Çykgytlar

Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: küýzäniň üçden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: çöregini.
Ýa-da: öldürilsin.