Dördünji Musa 16:1—50

  • Karunyň, Datanyň we Abyramyň gozgalaňy (1—19)

  • Gozgalaňçylara berlen jeza (20—50)

16  Lewiniň+ çowlugy, Kohatyň+ agtygy, Ýysharyň+ ogly Karun+ we ruben taýpasyndan+ Alyýabyň ogullary Datan bilen Abyram+, Peleziň ogly Ohan agyz birikdirip,  Musa garşy gozgalaň turuzdylar. Ysraýyl halkyndan saýlanan at-abraýly 250 baştutan hem olara goşuldy.  Olar üýşüp+, Musa bilen Haruna: «Indi besdir! Tutuş halk, adamlaryň hemmesi mukaddes+, Ýehowa-da olaryň arasynda+. Siz näme üçin özüňizi Ýehowanyň halkyndan ýokary tutýaňyz?» diýdiler.  Muny eşidip, Musa ýüzüni ýere berdi.  Ol Karun bilen tarapdarlaryna: «Ertir irden Ýehowa kimi saýlandygyny+, kimiň mukaddesdigini, huzuryna kimiň baryp bilýändigini+ görkezer. Ol kimi saýlasa+, şol hem huzuryna barar.  Karun, sen ýoldaşlaryň+ bilen külatarlaryňy+ al-da,  içine köz salyp, ertir Ýehowanyň öňünde tütetgi ýak. Ýehowa kimi saýlasa+, şol hem mukaddesdir. Lewi ogullary+, görýärin welin, siz hetden aşýaňyz!» diýdi.  Musa Karuna: «Lewi ogullary, aýtjak zadymy diňläň.  Ysraýyl Hudaýy sizi halkyň arasyndan saýlap+, Ýehowanyň çadyrynda we halkyň öňünde hyzmat etmäge belledi+. Näme, şony hem az görýäňizmi? 10  Hudaý seni we lewi doganlaryňy özüne ýakynlaşdyrdy. Indi ruhanylyga-da göz gyzdyrýaňyzmy?+ 11  Sen ýoldaşlaryň bilen Ýehowa garşy gidýäň. Haruna hüňürdär+ ýaly, ol kim?!» diýdi. 12  Soňra Musa Alyýabyň ogullary Datan bilen Abyramyň+ yzyndan adam iberdi. Olar bolsa: «Barjak däl! 13  Bizi süýt bilen bal akýan ýurtdan alyp gaýdyp, çölde gyrýanyňy az görýäňmi?+ Indi üstümizden han-soltan boljak bolýaňmy? 14  Hany bize miras edip berjek süýt bilen bal akýan ýurduň+, ekin meýdanlaryň, üzümlikleriň? Näme, ýanymyzdaky adamlaryň hem başyny-gözüni aýlajak bolýaňmy? Biz barmarys!» diýdiler. 15  Musanyň muňa gahary gelip, Ýehowa: «Olaryň galla sadakasyny kabul etme. Heý, men olaryň biriniň eşegini aldymmy ýa ýamanlyk etdimmi?»+ diýdi. 16  Soňra Musa Karuna: «Ertir ýoldaşlaryň bilen Ýehowanyň huzuryna gel. Senem, olaram, Harunam gelsin. 17  Heriňiz öz külataryňyza tütetgi salyp, Ýehowanyň huzuryna geliň, 250 adam hem külatarlaryny alyp, seniň bilen Harunyň ýanynda dursun» diýdi. 18  Olar külatarlaryna köz we tütetgi salyp, ýygnak çadyrynyň* agzyna, Musa bilen Harunyň ýanyna geldiler. 19  Karun tarapdarlaryny+ olara garşy ýygnak çadyrynyň agzyna üýşürende, bütin jemagata Ýehowanyň şöhraty göründi+. 20  Ýehowa Musa bilen Haruna: 21  «Olaryň ýanyndan aýrylyň, häziriň özünde baryny ýok edeýin!»+ diýdi. 22  Musa bilen Harun bolsa ýüzlerini ýere berip: «Ýa Alla, adamzada ýaşaýyş berýän Hudaý!+ Bir adamyň günäsi üçin bütin halka gaharlanýaňmy?»+ diýdiler. 23  Ýehowa Musa: 24  «Halka aýt, olar Karunyň, Datanyň we Abyramyň+ çadyrlaryndan gyra çekilsin» diýdi. 25  Soňra Musa ysraýyl ýaşululary+ bilen Datanyň we Abyramyň ýanyna gitdi. 26  Ol adamlara: «Eý halaýyk, päliýamanlaryň çadyryndan çekiliň! Olaryň hiç zadyna el degirmäň. Ýogsam olaryň günäleri sebäpli, siz hem heläk bolarsyňyz» diýdi. 27  Halk şol bada Karunyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan gyra çekildi. Datan bilen Abyram bolsa daşaryk çykyp, aýallary, ogullary, çaga-çugalary bilen öz çadyrlarynyň agzynda durdular. 28  Musa: «Häzir meni Ýehowanyň iberendigine düşünersiňiz, men hiç zady özbaşdak edýän däldirin. 29  Eger şu adamlar öz ajalyna ölse, olara hemme kişiniň başyna gelýän ölümden başga jeza berilmese, onda meni Ýehowanyň ibermedigidir+. 30  Emma Ýehowa görlüp-eşidilmedik bir zat etse, ýer ýarylyp, olary emlägi bilen ýuwutsa, diriligine mazara* inseler, diýmek, olar Ýehowany äsgermezlik edendir» diýdi. 31  Musa gepläp bolan badyna, olaryň duran ýeri darka ýaryldy+. 32  Olary, öý-içerisini, Karunyň+ adamlaryny we mal-mülküni ýer ýuwutdy. 33  Olar bütin hojalygy bilen diriligine mazara* indiler. Ählisi ýeriň astynda galyp, zym-zyýat boldy*+. 34  Şol töwerekde duran ysraýyllar olaryň gykylygyny eşidip: «Ýer bizi hem ýuwudaýmasyn!» diýip gaçdylar. 35  Soňra Ýehowa ot inderdi-de+, tütetgi hödürlän 250 adamy ýakyp kül etdi+. 36  Ýehowa Musa: 37  «Harun ruhanynyň ogly Algazara aýt, külatarlary+ oduň içinden alsyn, olar mukaddesdir. Közleri bolsa bir çete zyňsyn. 38  Günä edip, öz başyna ýetenleriň külatarlaryndan gurbanlyk ojagynyň*+ daşyny ýapmak üçin ýukajyk gapaklary ýasaň. Külatarlar mukaddesdir, sebäbi Ýehowanyň huzuryna getirildi. Şol gapaklary gören ysraýyllar özüne sapak ediner»+ diýdi. 39  Algazar ruhany otdan ölen adamlaryň mis külatarlaryny ýenjip, gurbanlyk ojagynyň daşyny ýapmak üçin gapak ýasady. 40  Ol Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly etdi. Gapaklar ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk keseki adamyň Ýehowanyň huzurynda tütetgi ýakmaly däldigini ýatlatmalydy+. Hiç kim Karun bilen tarapdarlary ýaly bolmaly däldi+. 41  Ertesi tutuş halk ýene-de Musa bilen Haruna igenip+: «Ikiňiz Ýehowanyň halkyny gyrdyňyz!» diýdi. 42  Bütin halk üýşüp, Musa bilen Haruna garşy çykdy. Olar ýygnak çadyryna seretdiler welin, çadyry bulut büräp, Ýehowanyň şöhraty görnüp başlady+. 43  Musa bilen Harun ýygnak çadyrynyň ýanyna bardy+. 44  Şonda Ýehowa Musa: 45  «Olaryň arasyndan aýrylyň, häziriň özünde barynyň ýoguna ýanaýyn!»+ diýdi. Muny eşidip, Musa bilen Harun ýüzlerini ýere berdiler+. 46  Musa Haruna: «Külatara gurbanlyk ojagyndan+ köz salyp, üstüne tütetgi goý-da, çaltrak halkyň ýanyna bar. Olaryň günäleriniň geçilmegi+ üçin tütetgi ýak. Ýehowa gahar-gazaba münüp, olary gyryp başlady!» diýdi. 47  Harun Musanyň aýdyşy ýaly dessine ylgap halkyň ýanyna bardy. Görse, gyrgynçylyk başlapdyr. Ol halkyň günäsiniň geçilmegi üçin, külatarda tütetgi ýakyp başlady. 48  Ol ölenleriň we diri galanlaryň arasynda durdy. Şonda gyrgynçylyk togtady. 49  Karunyň gozgalaňy sebäpli ölenleri hasap etmeseň, şol gyrgynçylykda 14 700 adam heläk boldy. 50  Gyrgynçylyk saklanan badyna, Harun ýygnak çadyrynyň agzyna, Musanyň ýanyna geldi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: jemagatyň arasyndan ýok boldy.
Sözlüge serediň.