Dördünji Musa 20:1—29

  • Merýem Kadeşde aradan çykýar (1)

  • Musa hasasyny gaýa urýar we günä edýär (2—13)

  • Edom patyşasy ysraýyllary geçirmeýär (14—21)

  • Harun aradan çykýar (22—29)

20  Birinji aýda ysraýyl halky Zin çölüne gelip, Kadeşde+ ýaşap başlady. Merýem+ Kadeşde aradan çykdy, ony şol ýerde jaýladylar.  Halkyň içere suwy ýokdy+. Şonuň üçin olar üýşüp, Musa bilen Harunyň ýanyna geldiler.  Olar Musa bilen dawalaşyp+: «Doganlarymyz Ýehowanyň öňünde heläk bolanda, bizem ölen bolsak gowy bolardy!  Ýehowanyň halkyny çöle näme üçin getirdiňiz? Bizi hem, mallarymyzy hem gyrjak bolýaňyzmy?+  Bizi Müsürden alyp gaýdyp, takyrlyga näme üçin getirdiňiz?+ Bärde ne galla, ne injir, ne üzüm, ne-de nar bar. Içere suwam ýok!»+ diýdiler.  Musa bilen Harun halkyň ýanyndan gaýdyp, ýygnak çadyrynyň* agzyna geldiler-de, ýüzlerini ýere berdiler. Şonda olara Ýehowanyň şöhraty görnüp başlady+.  Ýehowa Musa:  «Hasaňy al-da, doganyň Harun bilen jemagaty ýygna. Halkyň gözüniň alnynda gaýa buýruk beriň*. Şonda gaýadan suw çykar, halk we mal-garalar ondan içer»+ diýdi.  Musa Hudaýyň tabşyryşy ýaly, Ýehowanyň huzuryndan hasasyny aldy+. 10  Soňra Musa bilen Harun halky gaýanyň ýanyna ýygnap: «Eý dikdüşdi* halk! Biz indi size şu gaýadan suw çykarmalymy?»+ diýdiler. 11  Musa hasasyny galdyryp, gaýa iki gezek urdy. Şonda gaýadan şaglap suw akyp başlady. Adamlar suwdan gandylar, mallaryny hem suwa ýakdylar+. 12  Biraz wagtdan Ýehowa Musa bilen Haruna: «Ikiňiz maňa iman etmediňiz, ysraýyl halkynyň öňünde meni şöhratlandyrmadyňyz*, şonuň üçin halky wada beren ýurduma siz eltmersiňiz»+ diýdi. 13  Suw çykan ýere Meriba*+ diýdiler, sebäbi ysraýyllar şol ýerde Ýehowa bilen dawalaşypdy, Hudaý bolsa olaryň öňünde özüni şöhratlandyrdy*. 14  Soňra Musa Kadeşden Edom patyşasyna habar ýollap+: «Ysraýyl doganlaryň+ şeýle diýýär: „Biziň gören görgülerimiz hakda eşidensiň. 15  Ata-babalarymyz ençeme ýyllap+ Müsürde+ ýaşady. Müsürliler atalarymyzy-da, bizi-de ezdiler+. 16  Ahyry Ýehowa perýat etdik+. Ol ahy-nalamyzy eşitdi, perişdesini iberip+, bizi Müsürden çykardy. Häzir seniň serhediňde, Kadeş şäherinde durus. 17  Gaýrat edip, ýurduň içinden geçmäge rugsat ber. Ekinleriňe, üzümleriňe degmeris, guýularyňdan suw hem içmeris. Ýurtdan çykýançak, saga-sola sowulman, göni Şa ýolundan ýöräris“»+ diýdi. 18  Edom patyşasy: «Ýok, ýurdumdan geçmersiň. Geçjek bolaýsaň, gylyçly garşyňa çykaryn» diýdi. 19  Ysraýyllar bolsa: «Biz göni uly ýoldan ýöräris. Eger adamlarymyz ýa mal-garamyz suwuňdan içäýse, puluny töläris+. Ýurduňdan geçsek bolýar, bize başga zat gerek däl»+ diýdiler. 20  Emma Edom patyşasy: «Geçmersiňiz diýdimmi, geçmersiňiz!»+ diýip, ägirt uly goşuny* bilen olaryň garşysyna çykdy. 21  Şeýdip, Edom patyşasy ysraýyllara ýurdundan geçmäge rugsat bermedi. Ysraýyllar aýlanyp geçmeli boldy+. 22  Bütin ysraýyl halky Kadeşden Hor dagyna+ geldi. 23  Edomyň serhediniň ýanynda, ýagny Hor dagynda Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 24  «Indi Harun aradan çykar+, ol ysraýyllara berjek ýurdumy görmez, sebäbi Harun ikiňiz Meribadaky suw hakda beren buýrugyma gulak asmadyňyz+. 25  Harun bilen ogly Algazary alyp, Hor dagyna çyk. 26  Harunyň ruhanylyk lybasyny+ egninden çykar-da, ogly Algazara+ geýdir. Harun şol ýerde aradan çykar». 27  Musa Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Olar jemagatyň gözüniň alnynda Hor dagyna çykdylar. 28  Musa Harunyň ruhanylyk lybasyny çykaryp, ogly Algazara geýdirdi. Harun şol dagyň depesinde aradan çykdy+. Musa bilen Algazar bolsa dagdan düşdi. 29  Halk Harunyň ölenini bilip, 30 günläp ýas tutdy+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: gepläň.
Ýa-da: gozgalaňçy; pitneçi.
Sözme-söz: mukaddes etmediňiz.
Sözme-söz: mukaddes etdi.
Manysy: Dawa.
Sözme-söz: birgiden adamy we güýçli goly.