Dördünji Musa 28:1—31
28 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara aýt: „Meniň paýymy*, ýagny gurbanlarymy hökman beriň. Ýakyp berýän ýakymly ysly gurbanlaryňyzy wagtynda hödürläň“+.
3 Olara şeýle diý: „Ine şu zatlary Ýehowa ýakyp gurban bermelisiňiz: her gün ýakma gurbanlygy+ üçin şikessiz iki sany erkek tokly.
4 Toklularyň birini irden, beýlekisini agşamara* gurbanlyk beriň+.
5 Ýany bilen bir jam* ýokary hilli una bir golça* zeýtun ýagyny guýup, galla sadakasyny hem hödürläň+.
6 Ýehowa Sinaý dagynda ýakymly ysly ýakma gurbanlygy yzygider bermegi+ tabşyrypdy.
7 Her toklynyň ýany bilen bir golça* şerap sadakasyny hem hödürläň+. Şeraby mukaddes ýerde Ýehowa şerap sadakasy hökmünde döküň.
8 Beýleki toklyny agşamara* gurban berip, irdenki ýaly galla we şerap sadakasy bilen hödürläň. Toklyny Ýehowa ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýakyň+.
9 Sabat güni+ şikessiz iki sany erkek tokly gurbanlyk beriň. Hersiniň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny we şerap sadakasyny hödürläň.
10 Sabat güni ýakma gurbanlygy şeýdip berilmelidir. Mundan başga-da, her günki ýakma gurbanlygy bilen şerap sadakasyny beriň+.
11 Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy we ýedi sany şikessiz erkek toklyny Ýehowa ýakma gurbanlygy edip beriň+.
12 Her öküzçäniň ýany bilen galla sadakasy+ hökmünde üç jam*, goçuň+ ýany bilen bolsa iki jam* ýokary hilli una ýag garyp getiriň.
13 Her toklynyň ýany bilen bir jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny hödürläň. Ýehowa üçin ýakymly ysly ýakma gurbanlyk+ şeýdip berilmelidir.
14 Öküzçäniň ýany bilen ýarym küýze+, goçuň ýany bilen bir ýarym golça*+, toklynyň ýany bilen bolsa bir golça*+ şerap sadakasyny getiriň. Ýylyň dowamynda her aý ýakma gurbanlygyny şeýdip bermelisiňiz.
15 Mundan başga-da, her gün ýakma gurbanlygyny we şerap sadakasyny bereniňizde, Ýehowa günä gurbanlygy üçin bir owlak hem hödürläň.
16 Birinji aýyň 14-i Ýehowa bagyşlanan Pashadyr+.
17 Şol aýyň 15-ne baýramçylyk bolar. Ýedi günläp petir* iýiň+.
18 Baýramçylygyň birinji güni mukaddes ýygnak geçiriň. Hiç hili agyr iş etmäň.
19 Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakma gurbanlygy edip beriň. Mallar şikessiz bolsun+.
20 Her öküzçäniň ýany bilen üç jam*, goçuň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny hödürläň+.
21 Ýedi toklynyň hersi üçin bir jam* una ýag garyp getiriň.
22 Şeýle-de günäleriňizi ýuwmak üçin, bir geçini günä gurbanlygy edip beriň.
23 Şol zatlary her gün irdenki ýakma gurbanlygynyň daşyndan hödürläň.
24 Olary baýramçylygyň ýedi güni hem Ýehowanyň paýy* we ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýakyň. Mundan başga-da, her günki ýakma gurbanlygy bilen şerap sadakasyny beriň.
25 Ýedinji gün mukaddes ýygnak geçiriň+. Hiç hili agyr iş etmäň+.
26 Ilkinji hasylyňyzdan+ Ýehowa galla sadakasyny getiren günüňiz+, Hepdeler baýramynda mukaddes ýygnak geçiriň+. Hiç hili agyr iş etmäň+.
27 Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip beriň+.
28 Her öküzçäniň ýany bilen galla sadakasy üçin üç jam*, goçuň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp,
29 ýedi toklynyň hersi üçin bolsa bir jam* una ýag garyp getiriň.
30 Şeýle-de günäleriňizi ýuwmak üçin, bir owlagy günä gurbanlygy edip beriň+.
31 Şol zatlary her günki ýakma gurbanlygy bilen galla sadakasynyň daşyndan hödürläň. Mallar şikessiz bolsun+, hersiniň ýany bilen şerap sadakasyny-da beriň.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: çöregimi.
^ Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
^ Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
^ Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: küýzäniň üçden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
^ Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Sözme-söz: çöregi.