Bäşinji Musa 10:1—22
10 Şonda Ýehowa maňa: „Öňki daşlara meňzeş iki daş+ ýasa-da, daga meniň huzuryma gel. Agaçdan sandyk hem ýasa.
2 Şol daşlara öňki döwen daşlaryňdaky sözleri ýazyp bereýin. Daşlary sandykda goýarsyň“ diýdi.
3 Men akasiýa agajyndan sandyk we öňkä meňzeş iki daş ýasadym. Daşlary alyp, daga çykdym+.
4 Hudaý daşlara öňki ýaly on tabşyrygy+ ýazyp berdi+. Birwagtlar Ýehowa şol tabşyryklary dagyň etegine üýşen halka+ oduň içinden aýdypdy+. Şeýdip, Ýehowa daşlary maňa berdi.
5 Men dagdan düşdüm-de+, Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, daşlary ýasan sandygymda goýdum. Olar henizem şol sandykda dur.
6 Soňra ysraýyllar Beýerot Bene-ýakandan gaýdyp, Moserota bardylar. Harun şol ýerde aradan çykyp jaýlandy+. Harunyň ýerine ogly Algazar ruhany boldy+.
7 Şondan soň halk Gudgoda, ondan çykyp, akar suwly Ýotbata+ gitdi.
8 Şonda Ýehowa lewileri saýlap+, olara Ýehowanyň äht sandygyny götermegi+, Ýehowanyň huzurynda hyzmat etmegi we onuň adyndan halka ak pata bermegi tabşyrdy+. Olar häzir hem şeýle edýärler.
9 Şol sebäpli lewileriň doganlarynyň arasyndan paý-da, miras-da berilmedi. Ýehowa Hudaýyňyzyň aýdyşy ýaly, olaryň mirasy Ýehowadyr+.
10 Şeýlelikde, men ýene öňki ýaly 40 gije-gündizläp dagda boldum+. Ýehowa şol gezek hem dilegimi eşitdi+. Ýehowa sizi ýok etmedi.
11 Ýehowa maňa: „Halky ýola taýýarla-da, olaryň öňüne düş. Goý, olar ata-babalaryna wada beren ýurdumy miras alsynlar“+ diýdi.
12 Eý ysraýyl halky, Ýehowa Hudaýyňyz sizden näme isleýär?+ Ol diňe şuny isleýär: Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkup+, ýolundan ýöräň+. Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp, bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen gulluk ediň+.
13 Ýehowanyň men arkaly berýän tabşyryklaryny, kada-kanunlaryny berjaý ediň. Şonda görjegiňiz gowy bolar+.
14 Gökler, gökleriň gögi, ýer ýüzi we ondaky ähli zat Ýehowa Hudaýyňyzyňkydyr+.
15 Emma Ýehowa diňe siziň ata-babalaryňyzy özüne ýakynlaşdyryp*, söýgüsini bildirdi. Olaryň neslini, ýagny sizi halklaryň arasyndan saýlap aldy+. Şeýdip, siz Hudaýyň halky bolduňyz.
16 Indi ýüregiňizi arassalaň*+, boýnuýogynlyk etmäň+.
17 Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz hudaýlaryň Hudaýy+, patyşalaryň Patyşasydyr. Beýik, güýçli, haýbatly, hiç kimi ala tutmaýan+, para almaýan Hudaýdyr.
18 Ýetime, dul aýala arka çykyp+, adalaty dikeldýändir. Gelmişegi söýüp+, iýjek-içjegini, geýjegini ýetirýändir.
19 Siz hem gelmişegi söýüň, sebäbi özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz+.
20 Diňe Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkup, gulluk ediň+, diňe oňa wepaly boluň* we onuň adyndan ant içiň.
21 Diňe Hudaýy şöhratlandyryň+. Ol gözüňiziň alnynda beýik we täsin gudratlary görkezen Hudaýyňyzdyr+.
22 Ata-babalaryňyz Müsüre gelende, bary-ýogy 70 adamdy+. Indi bolsa Ýehowa Hudaýyňyz sizi asman ýyldyzlary deý köpeltdi+.