Bäşinji Musa 11:1—32

  • Ýehowanyň beýikligini gören halk (1—7)

  • Wada edilen ýurt (8—12)

  • Gulak asmagyň sylagy (13—17)

  • Hudaýyň sözüni ýüregiňe ýazmaly (18—25)

  • Alkyş we gargyş (26—32)

11  Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp+, kada-kanunlaryny, hökümlerini, tabşyryklaryny hemişe ýerine ýetirip, Hudaýyň öňündäki borjuňyzy berjaý ediň.  Men muny Ýehowa Hudaýyň terbiýesini+ görmedik, Hudaýyň beýikliginiň+, güýç-kuwwatly golunyň+ şaýady bolmadyk ogullaryňyza däl, size aýdýaryn.  Ogullaryňyz Hudaýyň Müsürde görkezen alamatlaryny, faraona we Müsür ýurduna näme edendigini görmedi+.  Ýehowa yzyňyzdan kowalan Müsür goşunyny, faraonyň at-arabalaryny Gyzyl deňze gark edip, baryny birden* ýok etdi+. Emma ogullaryňyz muny gözi bilen görmedi.  Olar çölde Hudaýyň siz hakda alada edişini hem görmedi.  Rubeniň neslinden Alyýabyň ogullary Datan bilen Abyramy, olaryň öý-içerisini, çadyrlaryny, mal-garasyny we ýanyndaky adamlary halkyň gözüniň alnynda ýer ýuwudanda+, ogullaryňyz ýokdy.  Siz bolsa Ýehowanyň beýik gudratlaryny gözüňiz bilen gördüňiz.  Şu günki berýän ähli tabşyryklarymy berjaý ediň. Şonda güýçli halk bolarsyňyz, derýadan geçip, ýurdy miras alarsyňyz.  Ýehowanyň ata-babalaryňyza we olaryň nesline wada beren*+ süýt bilen bal akýan ýurdunda+ uzak ýaşarsyňyz+. 10  Barjak ýurduňyz Müsür ýurdy ýaly däldir. Müsürde ekin ekip, mellegiňizi zordan suwarýardyňyz*. 11  Emma miras aljak ýurduňyzda daglar we jülgeler bardyr+, topragy ýagyş suwarýandyr+. 12  Ýurda Ýehowa Hudaýyňyz gözegçilik edýändir. Ýylyň başyndan aýagyna çenli Ýehowa Hudaýyňyz ýurdy ünsden düşürýän däldir. 13  Size berýän tabşyryklarymy ýürekden* ýerine ýetirseňiz, Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp, bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen gulluk etseňiz+, 14  ol* topragyňyzy güýz hem ýaz ýagşy bilen wagtly-wagtynda suwarar. Şonda gallaňyz, täze şerabyňyz, ýagyňyz bol bolar+. 15  Ol* mallaryňyz üçin al-ýaşyl öri meýdanlaryny berer, bolçulykda ýaşarsyňyz+. 16  Ýöne ýüregiňiz aldawa düşmez ýaly seresap boluň, ýoldan çykyp, başga taňrylara tagzym etmäň, sežde etmäň+. 17  Ýogsam Ýehowanyň size gahary geler. Ol gökleri baglap, ýagyş ýagdyrmaz+, toprak hasyl bermez. Ýehowanyň beren eşretli ýurdundan gysga wagtyň içinde ýok bolup gidersiňiz+. 18  Şu sözlerimi aňyňyza, ýüregiňize ýazyň*, eliňize bellik, kelläňize maňlaýlyk ýaly daňyp goýuň+. 19  Olary çagalaryňyza hem öwrediň, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-da, turanyňyzda-da gürrüň beriň+. 20  Olary gapyňyzyň söýelerine, şäheriňiziň derwezelerine ýazyň. 21  Şonda Ýehowanyň ata-babalaryňyza wada beren* ýurdunda+ özüňiz hem, ogullaryňyz hem uzak ýaşarsyňyz+, asman-zemin deý* uzak ömür sürersiňiz. 22  Size berýän tabşyryklaryma gulak asyp, birkemsiz ýerine ýetirseňiz, Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp+, ýolundan ýöreseňiz, diňe oňa wepaly bolsaňyz*+, 23  Ýehowa ýurtdaky ähli halklary kowup çykarar+. Özüňizden has köp we güýçli halklaryň ýurduny eýelärsiňiz+. 24  Aýak basan ýeriňiz siziňki bolar+. Serhediňiz çölden Liwana, Ýewfrat derýasyndan tä günbatar deňzine* çenli uzalar+. 25  Hiç kim size garşy çykyp bilmez+. Nirä barsaňyz-da, Ýehowa Hudaýyňyz sözünde durup, halklary sizden gorkar ýaly eder, howsala düşürer+. 26  Ine şu ikisinden birini saýlaň: alkyş* ýa-da gargyş+. 27  Eger Ýehowa Hudaýyňyzyň men arkaly berýän tabşyryklaryna gulak assaňyz, alkyş* alarsyňyz+. 28  Ýöne Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryklaryna gulak asman+, öwredýän ýolumdan çyksaňyz, başga taňrylara sežde etseňiz, gargyşa galarsyňyz. 29  Ýehowa Hudaýyňyz sizi mülk edip berjek ýurduna eltende, Gerizim dagynda alkyş*, Gewal dagynda+ gargyş okaň. 30  Şol daglar günbatarda, Iordanyň aňyrsynda, Arabada ýaşaýan kenganlaryň ýurdunda, Gilgalyň garşysyndaky Moreniň uly agaçlarynyň+ golaýynda ýerleşýär. 31  Iordandan geçip, Ýehowa Hudaýyňyzyň berýän ýurduny miras alarsyňyz+. Şol ýurdy miras alyp, ýaşap başlanyňyzda, 32  size berýän kanunlarymy we hökümlerimi birkemsiz berjaý ediň+.

Çykgytlar

Ýa-da: hemişelik; bütinleý.
Ýa-da: ant içen.
Sözme-söz: bag-bakja suwarýan ýaly aýagyňyz bilen suwarýardyňyz. Aýagyň bilen çarhy aýlamak ýa-da suwuň böwedini açmak göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: yhlasly.
Sözlüge serediň.
Hudaý göz öňünde tutulýar.
Hudaý göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: möhürläň.
Ýa-da: ant içen.
Sözme-söz: asman ýeriň üstünde näçe wagt dursa.
Ýa-da: berk ýapyşsaňyz.
Ýagny Ortaýer deňzi.
Ýa-da: bereket.
Ýa-da: bereket.
Ýa-da: bereket.