Bäşinji Musa 12:1—32
12 Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň berjek ýurdunda ýaşanyňyzda, şu kanunlary we hökümleri bütin ömrüňize gyşarnyksyz berjaý ediň:
2 ýurdundan kowjak halklaryňyzyň beýik daglarda, baýyrlarda, uly agaçlaryň aşagynda öz taňrylaryna sežde edýän ýerlerini bütinleý ýok ediň+.
3 Gurbanlyk ojaklaryny* ýykyň, keramatly sütünlerini döwüň+, keramatly pürslerini* ýakyň, taňrylarynyň oýma butlaryny kül-owram edip+, ýurtda ady agzalmaz ýaly ediň+.
4 Ýehowa Hudaýyňyza sežde edeniňizde, şol halklaryň edenini gaýtalamaň+.
5 Ýehowa Hudaýyňyz öz ady we mekany üçin taýpalaryňyzyň arasyndan haýsy ýeri saýlasa, şol ýere baryp sežde ediň+.
6 Ýakma gurbanlyklaryňyzy+, sadakalaryňyzy, ähli zadyňyzyň ondan bir bölegini+, wada beren we göwnüňizden çykaran sadakalaryňyzy+, mal-garaňyzyň ilkinji doglanyny+, başga-da sadakalaryňyzy+ şol ýere eltiň.
7 Ýehowa Hudaýyňyz size bereket berýär. Şonuň üçin gurbanlaryňyzy maşgalaňyz bilen Ýehowa Hudaýyň huzurynda iýiň+, eden işleriňiziň hözirini görüp şatlanyň+.
8 Indiden beýläk häzirkimiz ýaly etmäliň. Şu wagt her kim islänini* edip ýör,
9 sebäbi siz heniz ýaşajak ýeriňize+, Ýehowa Hudaýyňyzyň miras berjek ýurduna barmadyňyz.
10 Iordandan geçip+, Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduna baranyňyzda, Hudaý sizi daş-töweregiňizdäki duşmanlardan gorap*, asuda ýaşadar+.
11 Ýehowa Hudaýyňyz öz ady üçin haýsy ýeri saýlasa+, tabşyryşym ýaly, ýakma gurbanlyklaryňyzy, sadakalaryňyzy, ähli zadyňyzyň ondan bir bölegini+, Ýehowa wada beren sadakalaryňyzy we başga-da sadakalaryňyzy şol ýere eltiň.
12 Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen şatlanyň+. Şäherleriňizde ýaşaýan lewiler hem siz bilen şatlansyn, sebäbi olara hiç hili paý we miras berilmedi+.
13 Her gören ýeriňizde ýakma gurbanlygyny berip ýörmäň+.
14 Ýehowa taýpalaryňyzyň arasyndan haýsy ýeri saýlasa, ýakma gurbanlyklaryňyzy şol ýere eltip, ähli zady tabşyryşym ýaly ediň+.
15 Ýöne nirede ýaşasaňyz-da, ýüregiňiziň küýsän wagty Ýehowa Hudaýyňyzyň beren rysgal-döwletine görä, mal soýup iýip bilersiňiz. Keýigi ýa-da maraly soýup iýşiňiz ýaly+, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler.
16 Ýöne eti gany bilen iýmäň+. Gany edil suw ýaly ýere döküň+.
17 Gallanyň, täze şerabyň, ýagyň ondan bir bölegini*, mallaryň ilkinji doglanyny+, wada beren we göwnüňizden çykaran sadakalaryňyzy, başga-da sadakalaryňyzy ýaşaýan şäheriňizde iýmäň.
18 Olary ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şäheriňizde ýaşaýan lewiler bilen Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerinde, Ýehowanyň huzurynda iýiň+. Eden işleriňiziň hözirini görüp, Ýehowanyň huzurynda şatlanyň.
19 Şol ýurtda ýaşanyňyzda, lewileri hiç wagt ünsden düşürmäň+.
20 Ýehowa Hudaýyňyz wada berişi ýaly+ ýurduňyzy giňeldende+, ýüregiňiziň küýsän wagty et iýip bilersiňiz+.
21 Eger Ýehowa Hudaýyňyzyň öz ady üçin saýlan ýeri+ uzak bolsa, onda tabşyryşym ýaly, Ýehowanyň beren goýun-geçisinden ýa-da öküzinden şäheriňizde islän wagtyňyz soýup iýip bilersiňiz.
22 Olary keýigi ýa-da maraly soýup iýşiňiz ýaly iýip bilersiňiz+, olardan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler.
23 Ýöne örän seresap boluň, gan iýäýmäň+, sebäbi ganda jan* bar+. Jany çykmadyk maly iýmäň.
24 Gan iýmäň, ony edil suw ýaly ýere döküň+.
25 Şeýtseňiz, Ýehowanyň dogry hasaplaýan zadyny edip, özüňizem, çagalaryňyzam gowy ýaşarsyňyz.
26 Ýehowanyň saýlan ýerine diňe mukaddes sadakalary we wada beren sadakalaryňyzy eltiň.
27 Ýakma gurbanlyklaryň etini we ganyny şol ýerde Ýehowa Hudaýyňyzyň gurbanlyk ojagynda hödürläň+. Beýleki gurbanlyklaryň etini iýip bilersiňiz, ýöne ganyny Ýehowa Hudaýyňyzyň gurbanlyk ojagynyň düýbüne döküň+.
28 Size berýän tabşyryklarymy birkemsiz berjaý ediň. Ýehowa Hudaýyňyzyň gowy we dogry hasaplaýan işlerini etseňiz, özüňiz-de, ogullaryňyz-da gowy ýaşarsyňyz.
29 Ýehowa Hudaý barjak ýurduňyzdaky halklary gyrar+. Siz ýurtda arkaýyn ýaşap başlarsyňyz.
30 Şonda seresap boluň, duzaga düşüp: „Şol halklar taňrylaryna nädip sežde etdikä? Menem şeýdeýin“ diýip, olaryň taňrylary bilen gyzyklanmaň+.
31 Ýehowa Hudaýyňyza sežde etmek üçin, olaryň edenini gaýtalamaň. Olar taňrylaryna sežde edende, Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edýärler, hatda ogul-gyzlaryny hem otda ýakyp, taňrylaryna gurban berýärler+.
32 Emma siz ähli tabşyryklarymy gyşarnyksyz berjaý ediň+. Olara hiç zat goşmaň ýa aýyrmaň+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: dogry hasaplaýan zadyny.
^ Sözme-söz: dynçlyk berip.
^ Sadaka hökmünde aýrylan zatlar göz öňünde tutulýar.