Bäşinji Musa 31:1—30
31 Musa halkyň öňüne çykyp, şeýle diýdi:
2 «Men eýýäm 120 ýaşadym+. Indiden beýläk size ýolbaşçylyk edip bilmerin, sebäbi Ýehowa maňa: „Iordandan geçmersiň“+ diýdi.
3 Ýehowa Hudaýyňyz öňüňize düşüp, sizi derýadan geçirer, ýurtda ýaşaýan halklary ýok eder+. Siz ýurdy basyp alarsyňyz. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Ýuşa size ýolbaşçylyk edip, derýadan geçirer+.
4 Ýehowa amor hanlary Sihony+ we Ogy+ ýok edişi ýaly, şol halklary-da derbi-dagyn eder+.
5 Ýehowa siziň hatyraňyza olary ýok eder. Olar hakda näme tabşyran bolsam, şony hem ediň+.
6 Batyrgaý hem dogumly boluň!+ Olardan gorkmaň, howsala düşmäň+, Ýehowa Hudaýyňyz ýanyňyzda gider. Ol sizi terk etmez, hiç wagt taşlamaz»+.
7 Soňra Musa Ýuşany çagyryp, halkyň öňünde oňa şeýle diýdi: «Batyrgaý hem dogumly bol+, halky Ýehowanyň ata-babalaryna wada beren* ýurduna sen eltersiň. Ýurdy olara mülk edip berersiň+.
8 Ýehowa öňüňe düşüp gider, hemişe ýanyňda bolar+. Ol seni terk etmez, hiç wagt taşlamaz. Gorkma, howsala düşme»+.
9 Şondan soň Musa Kanuny ýazdy-da+, Ýehowanyň äht sandygyny göterýän lewi ruhanylara we ysraýyl ýaşulularyna berdi.
10 Musa olara tabşyryk berip: «Her ýedi ýyldan, Azatlyk ýylynda+ Çatma baýramyny bellärsiňiz+.
11 Ähli ysraýyllar Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gelip, huzurynda durar+. Şonda Kanuny tutuş halka eşitdirip okaň+.
12 Uludan-kiçä hemmäni+: erkekleri, aýallary, çagalary*, şäheriňizde ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Goý, olar Kanuny diňläp, Ýehowa Hudaýyňyz hakda bilsin, Hudaýdan gorkmagy we tabşyryklary berjaý etmegi öwrensin.
13 Şonda olaryň Kanuny bilmeýän ogullary-da diňläp+, Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkmagy öwrener we Iordandan geçip, miras aljak ýurduňyzda hemişe Hudaýdan gorkup ýaşar»+ diýdi.
14 Soňra Ýehowa Musa: «Indi seniň ölümiň golaýlap gelýär+. Ýuşany çagyr-da, ýygnak çadyryna* gir. Ýuşany baştutan belläýin»+ diýdi. Musa bilen Ýuşa ýygnak çadyryna girdi.
15 Ýehowa mukaddes çadyrda bulut sütüninde peýda boldy. Bulut sütüni çadyryň agzynda durdy+.
16 Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Sen biraz wagtdan aradan çykarsyň. Halk bolsa barjak ýurdunda maňa biwepalyk edip, başga taňrylara sežde edip başlar+. Olar menden ýüz öwrüp+, baglaşan ähtimi bozarlar+.
17 Şonda gahar-gazaba münüp+, menem olardan ýüz öwrerin+. Bary heläk bolýança, olara nazar salmaryn+. Kyn güne düşüp, görgi baryny görenlerinde+: „Hudaý bizden el çekdi*, şonuň üçin başymyza şeýle kyn günler düşdi“+ diýerler.
18 Emma başga taňrylara sygynyp, erbet işleri edendikleri üçin, olara asla nazar salmaryn+.
19 Indi bolsa şu aýdymy ýazyp alyň-da+, ysraýyllara öwrediň+, goý, olar aýdymy ýat tutsun. Aýdym ysraýyl halkyna duýduryşlarymy ýatladar*+.
20 Olary ata-babalaryna wada beren* ýurduma+, süýt bilen bal akýan ýurda eltenimde+, bolelin iýip, gowy ýaşap başlarlar+. Şonda meni äsgermezlik edip, ähtimi bozarlar+, başga taňrylara sygnyp, sežde ederler.
21 Kyn güne düşüp, görgi baryny görenlerinde+, şu aýdym olara duýduryşlarymy ýatladar*. Aýdymy hatda olaryň nesilleri-de unutmasyn. Halkymy heniz wada beren* ýurduma eltmesem-de, ýüreginde näme niýetiniň bardygyny gowy bilýärin»+.
22 Şol gün Musa aýdymy ýazyp, ysraýyllara öwretdi.
23 Ol* Nun ogly Ýuşany baştutan belläp+: «Batyrgaý hem dogumly bol+, halky wada beren* ýurduma sen eltersiň+. Men hemişe ýanyňda bolaryn» diýdi.
24 Musa Kanunyň sözlerini kitaba doly ýazyp+,
25 Ýehowanyň äht sandygyny göterýän lewilere şeýle tabşyryk berdi:
26 «Kanun kitabyny alyň-da+, Ýehowa Hudaýyňyzyň äht sandygynyň gapdalynda goýuň+. Kanun size duýduryşlarymy ýatladyp durar*.
27 Siziň başbozar+ we kesir halkdygyňyzy+ gowy bilýärin. Şu wagt men dirikäm, Ýehowa şeýle garşy çykýan bolsaňyz, ölsem dagy näme bolar?!
28 Ähli taýpalaryň ýaşululary we ýolbaşçylary ýanyma gelsin. Men ýeri-gögi şaýat tutunyp, şu zatlary olara aýdaýyn+.
29 Sebäbi ölenimden soň, siziň azyp+, öwreden ýolumdan sowuljakdygyňyzy bilýärin. Gelejekde başyňyza betbagtçylyk iner+, sebäbi siz Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edip, etmişleriňiz bilen Hudaýy ynjydarsyňyz*».
30 Soňra Musa aýdymy bütin halka eşitdirip, başdan-aýak aýdyp başlady+:
Çykgytlar
^ Ýa-da: ant içen.
^ Ýaňy ýöräp başlan çagalar hem göz öňünde tutulýar.
^ Sözme-söz: aramyzda ýok.
^ Sözme-söz: ysraýyl halkyna garşy şaýadym bolar.
^ Ýa-da: ant içen.
^ Ýa-da: ant içen.
^ Sözme-söz: garşy şaýat bolar.
^ Hudaý göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Ýa-da: ant içen.
^ Sözme-söz: garşy şaýat bolar.
^ Ýa-da: göwnüne degersiňiz.