Bäşinji Musa 34:1—12
34 Musa Mowap düzlüginden Nebo dagyna+, Ýerihonyň+ garşysynda ýerleşýän Pisganyň depesine+ çykdy. Şonda Ýehowa Musa tutuş ýurdy, Gileaddan tä Dana+ çenli,
2 Naftaly, Efraýym we Manaşa topraklaryny, günbatar deňzine*+ çenli uzalýan Ýahuda topragyny,
3 Negebi+, bütin Iordan topragyny+, palma agaçly Ýerihon şäheriniň jülgesinden tä Sogara+ çenli aralygy görkezdi.
4 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba: „Şu ýurdy seniň nesliňe bererin“+ diýip ant içipdim. Ine, ýurdy saňa görkezdim, ýöne oňa girmersiň»+.
5 Şeýlelikde, Ýehowanyň guly Musa Mowap ýurdunda aradan çykdy. Ýehowanyň aýdyşy ýaly-da boldy+.
6 Ol* Musany Beýtpegoryň garşysynda, Mowapdaky jülgede jaýlady. Emma Musanyň jaýlanan ýerini häzire çenli hiç kim bilmeýär+.
7 Musa aradan çykanda 120 ýaşyndady+. Onuň gözi kütelmändi, güýç-gurbaty gaçmandy.
8 Ysraýyllar Mowap düzlüginde 30 günläp Musanyň ýasyny tutdular+. Şeýlelikde, Musanyň ýas günleri tamamlandy.
9 Musa Nun ogly Ýuşanyň başyna elini goýupdy+, şonuň üçin Ýuşa has-da paýhasly bolupdy*. Ysraýyllar Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly edip, Ýuşa gulak asyp başladylar+.
10 Emma Ysraýylda Musa ýaly+ Ýehowa bilen ýüzbe-ýüz gepleşen+ pygamber bolmady.
11 Musa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Müsüre gidip, faraona, hyzmatkärlerine, tutuş ýurduna alamatlar we gudratlar görkezipdi+.
12 Ysraýyllaryň öňünde kuwwatly goly bilen täsin işleri edipdi+.
Çykgytlar
^ Ýagny Ortaýer deňzi.
^ Hudaý göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Sözme-söz: akyldarlyk ruhundan dolupdy. Ýagny Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly berilýän akyldarlyk.