Bäşinji Musa 4:1—49

  • Gulak asmak (1—14)

    • Hudaýyň ýagşylyklaryny unutmazlyk (9)

  • Ýehowa ýürekden wepaly bolmak (15—31)

  • Ýehowa ýeke⁠-⁠täk Hudaý (32—40)

  • Iordanyň gündogaryndaky gaçybatalga şäherleri (41—43)

  • Kanun (44—49)

4  Eý ysraýyl halky, size öwredýän kanunlarymy we hökümlerimi diňläň. Olary berjaý etseňiz, uzak ýaşarsyňyz+, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň berjek ýurduny miras alarsyňyz.  Ýöne şol tabşyryklara hiç zat goşmaly ýa aýyrmaly dälsiňiz+. Ýehowa Hudaýyňyzyň men arkaly berýän tabşyryklaryny ýerine ýetiriň.  Pegor Bagaly sebäpli Ýehowanyň halka näme edendigini gözüňiz bilen gördüňiz. Ýehowa Hudaýyňyz Pegor Bagalyna sežde edenleriň baryny halkyň arasyndan ýok etdi+.  Siz Ýehowa Hudaýyňyza wepaly bolanyňyz üçin diri galdyňyz.  Ine, men Ýehowanyň ähli kanunlaryny we hökümlerini+ aýdyşy ýaly öwretdim. Barjak ýurduňyzda olary berjaý ediň,  gyşarnyksyz ýerine ýetiriň+. Şonda başga milletler hem siziň kanunlaryňyz hakda eşidip, paýhasly+ we düşünjeli+ halkdygyňyzy görer. Olar: „Dogrudanam, ysraýyllar beýik, paýhasly we düşünjeli halk“+ diýer.  Biz Hudaýymyzy haçan çagyrsak-da, kömege ýetişýär. Haýsy halkyň* taňrylary Ýehowa Hudaýymyz ýaly halkynyň dadyna ýetişýär?+  Haýsy halkyň* şu Kanundaky ýaly adyl kanunlary we hökümleri bar?+  Seresap boluň, özüňizi alyp barşyňyza ünsli boluň. Gören gudratlaryňyzy unutmaň, olary bütin ömrüňize ýüregiňizde saklap, ogullaryňyza, agtyklaryňyza-da gürrüň beriň+. 10  Horepde Ýehowa Hudaýyňyzyň öňünde duran günüňiz, Ýehowa maňa: „Halky huzuryma ýygna. Sözlerimi eşidip+, hemişe menden gorkup ýaşamagy öwrensinler+, ogullaryna-da öwretsinler“+ diýdi. 11  Şonda siz gelip, dagyň eteginde durduňyz. Dag lowlap ýanyp durdy, oduň ýalny asmana ýetýärdi. Dagy tüm-garaňkylyk we gara bulut gaplady+. 12  Ýehowa oduň içinden siz bilen gepleşip başlady+. Siz onuň aýdan zatlaryny eşitseňiz-de, keşbini görmediňiz+, diňe sesini eşitdiňiz+. 13  Hudaý siz bilen äht baglaşyp+, iki daşa on tabşyrygyny+ ýazyp berdi+ we olary berjaý etmegi buýurdy. 14  Şonda Ýehowa maňa kanunlaryny we hökümlerini halka öwretmegi tabşyrdy. Barjak ýurduňyzda olary berjaý ediň. 15  Ýehowa Horepde siz bilen oduň içinden gepleşende, hiç hili keşp görmediňiz. Şonuň üçin seresap boluň, 16  azgynlyga ýüz urup, haýsydyr bir zadyň şekilinde but ýasamaň. Erkegiň ýa aýalyň şekilinde+, 17  ýerdäki islendik haýwanyň, asmanda uçýan guşuň+, 18  ýerde süýrenýän jandaryň ýa-da suwdaky balygyň şekilinde hiç hili but ýasamaň+. 19  Göge seredip, asman jisimlerini*: Güni, Aýy, ýyldyzlary göreniňizde, aldanyp, olara tagzym etmäň, sežde etmäň+. Ýehowa Hudaýyňyz olary ýer ýüzündäki adamlar üçin ýaratdy. 20  Ýehowa sizi öz halky edip saýlamak üçin gyzgyn tamdyrdan*, ýagny Müsürden çykaryp getirdi. Indi siz Hudaýyň mirasy bolduňyz+. 21  Siz sebäpli Ýehowanyň maňa-da gahary geldi+. Ol ant içip, meni Iordandan geçirmejekdigini, Ýehowa Hudaýyňyzyň size mülk edip berýän gowy ýurduna eltmejekdigini aýtdy+. 22  Hawa, men Iordandan geçmän+, şu ýerde ölerin. Siz bolsa derýadan geçip, gowy ýurdy miras alarsyňyz. 23  Ýöne seresap boluň, Ýehowa Hudaýyňyzyň siz bilen baglaşan ähtini+ unutmaň. Ýehowa Hudaýyňyzyň gadagan eden zatlarynyň hiç biriniň şekilinde but ýasamaň+. 24  Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz ýakyp ýandyrýan otdur+, ýürekden wepaly bolmagy talap edýän* Hudaýdyr+. 25  Ýurtda uzak wagt ýaşap, ogul-gyzly, agtyk-çowlukly bolanyňyzda, ýaman ýola düşüp, özüňize but ýasasaňyz+, Ýehowa Hudaýyňyzyň ýigrenýän işlerini edip, göwnüne degseňiz+, 26  ine, ýer-gök şaýatdyr: Iordandan geçip, mesgen tutjak ýurduňyzda gysga wagtyň içinde ýok bolup gidersiňiz. Ýurtda uzak ýaşamarsyňyz, baryňyz heläk bolarsyňyz+. 27  Ýehowa sizi halklaryň arasyna dargadar+. Ýehowa sizi başga milletleriň ýurduna kowanda, sanlyjaňyz diri galar+. 28  Şol ýerde ynsan eli bilen agaçdan, daşdan ýasalan+, ne görüp, ne eşidip bilýän, ne ys, ne-de tagam duýýan butlara sežde etmeli bolarsyňyz. 29  Ýöne şol ýerde Ýehowa Hudaýyňyzy agtarsaňyz, bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen gözleseňiz+, hökman taparsyňyz+. 30  Başyňyza şeýle günler düşende, alaçsyz galyp, Ýehowa Hudaýyňyza dolanarsyňyz, sözüne gulak asarsyňyz+. 31  Ýehowa Hudaýyňyz rehimdardyr+. Ol sizden ýüz öwürmez, bütinleý ýok edip taşlamaz, ata-babalaryňyz bilen baglaşan* ähtini unutmaz+. 32  Dünýäniň bir ujundan beýleki ujuna çenli sorap görüň, gadym zamanlardan bäri, Hudaýyň ýer ýüzünde ynsany ýaradan gününden bäri şeýle beýik gudratlary gören-eşiden barmy?+ 33  Lowlap duran otdan Hudaýyň sesini eşidip, siz ýaly diri galan halk barmy?+ 34  Ýehowa Hudaýyňyz sizi halklaryň arasyndan saýlap, öz halky etdi. Siziň üçin Müsüriň üstünden höküm çykaryp, alamatlar, gudratlar görkezip+, söweşip+, güýç-kuwwatly goly+ bilen gözüňiziň alnynda gorkunç işleri etdi+. Hudaý başga haýsy halk üçin şeýle işleri etdi? 35  Şol zatlary görüp, siz Ýehowanyň hak Hudaýdygyna+, ondan başga Hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdiňiz+. 36  Ol sizi dogry ýola salmak üçin gökden sesini eşitdirdi, ýerde lowlaýan ot görkezdi. Oduň içinden Hudaýyň sözlerini eşitdiňiz+. 37  Hudaý ata-babalaryňyzy söýüp, olaryň neslini öz halky edip saýlady+. Siziň ýanyňyzdan aýrylman, beýik güýji bilen Müsürden çykardy. 38  Indi bolsa Hudaý sizden has beýik we güýçli halklary kowup çykaryp, olaryň ýurduny size mülk edip berýär+. 39  Şuny berk belläň, ýüregiňizde saklaň: ýerde-gökde ýeke-täk hak Hudaý Ýehowadyr+. Ondan başga Hudaý ýokdur+. 40  Hudaýyň men arkaly berýän düzgünlerini we tabşyryklaryny berjaý ediň. Şonda özüňiz hem, ogullaryňyz hem gowy günleri görüp, Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda uzak ýaşarsyňyz»+. 41  Soňra Musa Iordanyň gündogar tarapyndan üç şäheri saýlady+. 42  Hiç hili duşmançylygy bolman, birini tötänlikde öldüren adam+ şol şäherleriň birine gaçyp, başyny gutarmalydy+. 43  Rubenlere düzlükde ýerleşýän Bezeri+, gadlara Gileaddaky Ramoty+, manaşalara+ bolsa Başandaky Golan şäherini+ berdi. 44  Musanyň ysraýyllara beren Kanuny+ şudur. 45  Ysraýyl halky Müsürden çykansoň, Musa şu öwüt-ündewleri*, kanunlary we hökümleri beripdi+. 46  Şol wagt olar Iordanyň golaýynda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede ýerleşýän ýurda+ barypdylar. Müsürden çykan Musa bilen ysraýyllar+ Heşbonda ýaşan amor hany Sihonyň ýurduny basyp aldylar+. 47  Olar Başan hany Oguň+ ýurduny hem basyp aldylar. Şeýlelikde, ysraýyllar Iordanyň gündogarynda ýaşan amorlaryň iki hanynyň ýurduny eýelediler. 48  Arnon jülgesine ýanaşyp duran Arogerden+ başlap, Siýon dagyna, ýagny Hermona+ çenli, 49  Iordanyň gündogaryndaky tutuş Arabany, Pisganyň+ eteginde ýerleşýän Arabanyň deňzine* çenli aralygy eýelediler.

Çykgytlar

Sözme-söz: beýik halkyň.
Sözme-söz: beýik halkyň.
Sözme-söz: gögüň goşunlaryny.
Sözme-söz: demir eredýän peçden.
Ýa-da: gabanjaň; diňe özüne wepaly bolmagy talap edýän.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ant içip baglaşan.
Ýa-da: ýatlatmalary.
Ýagny Duz deňzi ýa-da Öli deňzi.