Bäşinji Musa 5:1—33
5 Musa tutuş halky ýygnap, şeýle diýdi: «Eý ysraýyllar, size berjek kanunlarymy we hökümlerimi diňläň. Olary öwrenip, birkemsiz ýerine ýetiriň.
2 Ýehowa Hudaýymyz Horepde biz bilen äht baglaşdy+.
3 Ýehowa şol ähti ata-babalarymyz bilen däl-de, biz bilen, ine şu ýerde duran halk bilen baglaşdy.
4 Dagda Ýehowa oduň içinden siz bilen ýüzbe-ýüz gepleşdi+.
5 Ýehowanyň sözlerini size ýetirmek üçin, men Ýehowa bilen araňyzda durdum+. Sebäbi siz otdan gorkup, daga çykmadyňyz+. Şonda Hudaý şeýle diýdi:
6 „Men sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Hudaýyňyz Ýehowa+.
7 Menden başga hudaýyňyz bolmasyn+.
8 Asmandaky, ýerdäki, suwdaky hiç bir zadyň butuny ýa şekilini ýasamaň+.
9 Olara tagzym etmäň, sežde etmäň+. Sebäbi men, Hudaýyňyz Ýehowa, ýürekden wepaly bolmagy talap edýärin*+. Meni ýigrenýän atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýärin+.
10 Meni söýüp, tabşyryklarymy berjaý edýänlere bolsa müňlerçe nesline çenli ýagşylyk edýärin*.
11 Ýehowa Hudaýyňyzyň adyny biderek ýere* tutmaň+. Ýehowa adyny biderek ýere tutýanlaryň hiç birini jezasyz goýmaz+.
12 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryşy ýaly, Sabat gününi hemişe mukaddes hasaplaň+.
13 Ähli işiňizi alty günde ediň+.
14 Ýedinji gün Ýehowa Hudaýyňyza bagyşlanan Sabat günüdir+. Şol gün hiç hili iş etmäň, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, öküzleriňiz, eşekleriňiz, mal-garaňyz, şäheriňizde ýaşaýan gelmişekler+ hem işlemeli däldir+. Gul-gyrnaklaryňyz siz bilen deň dynç alsyn+.
15 Müsürde gul bolup ýaşanyňyzy unutmaň. Ýehowa Hudaýyňyz sizi güýç-kuwwatly goly bilen gulçulykdan çykardy+. Şonuň üçin Ýehowa Hudaýyňyz Sabat gününi bellemegi tabşyrdy.
16 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryşy ýaly, ene-ataňyza hormat goýuň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda gowy günleri görüp, uzak ýaşarsyňyz+.
17 Adam öldürmäň+.
18 Zyna* etmäň+.
19 Ogurlyk etmäň+.
20 Hiç kime garşy ýalan şaýatlyk etmäň+.
21 Biriniň aýalyna+, öýüne, gul-gyrnagyna, öküzine, eşegine, hiç zadyna göz gyzdyrmaň“+.
22 Ýehowa şu tabşyryklary dagda oduň, buludyň, tüm-garaňkylygyň içinden+ batly ses bilen jemagata ýüzlenip aýdypdy. Ol başga hiç zat tabşyrmady. Hudaý tabşyryklaryny iki daşa ýazyp, maňa berdi+.
23 Dag lowlap ýanyp durka, garaňkylygyň içinden çykýan sesi eşideniňizde+, taýpa baştutanlaryňyz bilen ýaşulularyňyz ýanyma geldi.
24 Şonda siz maňa: „Ýehowa Hudaýymyz şöhratyny, güýjüni görkezdi. Oduň içinden sesini eşitdik+. Şu gün Hudaýyň ynsan bilen gepleşýändigine, ynsanyň şonda-da diri galyp bilýändigine göz ýetirdik+.
25 Biziň ölesimiz gelenok, oduň ýalny bizi ýakyp kül etjeg-ä! Ýehowa Hudaýymyzyň sesini ýene eşitsek, hökman öleris.
26 Heý-de, oduň içinden Biribaryň sesini eşidip, biz ýaly diri galan adam barmy?
27 Gowusy, özüň git-de, Ýehowa Hudaýymyzyň sözlerini diňle. Soňra Ýehowa Hudaýymyzyň diýen zatlaryny aýdarsyň. Biz gulak asyp, ählisini berjaý ederis“+ diýdiňiz.
28 Ýehowa siziň aýdanlaryňyzy eşitdi. Ýehowa maňa: „Halkyň aýdanlaryny eşitdim. Olar dogry aýdýar+.
29 Eger olar hemişe menden gorkup*+, tabşyryklaryma gulak assalar+, özleriniň-de, ogullarynyň-da görjegi diňe gowulyk bolar+.
30 Git-de, olara: „Öýüňize* gaýdyberiň“ diý.
31 Sen bolsa bärde gal, tabşyryklarymy, kanunlarymy we hökümlerimi bereýin. Olary halka öwret, mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“ diýdi.
32 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetiriň+, saga-da, sola-da sowulmaň+.
33 Diňe Ýehowa Hudaýyňyzyň ýolundan ýöräň+. Şonda barjak ýurduňyzda gowy günleri görüp, uzak ýaşarsyňyz+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: gabanjaň; diňe özüme wepaly bolmagy talap edýärin.
^ Ýa-da: üçünji we dördünji nesline.
^ Ýa-da: wepaly söýgimi bildirýärin.
^ Ýa-da: mynasyp bolmadyk tärde.
^ Ýa-da: ýüreginde hemişe menden gorky bolsa.
^ Ýa-da: Çadyryňyza.