Abdyýar 1:1—21
1 Älemiň Hökümdary Ýehowa Abdyýara* Edom hakda görnüş* berdi.
Abdyýar şeýle diýýär+:
«Biz Ýehowanyň habaryny eşitdik.Çapar halklara habar getirip:
„Turuň, oňa garşy söweşe çykalyň!“ diýdi»+.
2 «Seni halklaryň arasynda peseltdim;Seni uly iliň öňünde kemsitdim+.
3 Sen gowaklarda mesgen tutduň,Tekepbirligiň seni aldawa saldy+,Belent daglarda ýaşap, öz-özüňe:„Kim meni aşak düşürip biler?“ diýýärsiň.
4 Sen bürgüt kimin gaýalarda mesgen tutsaň-da*,Ýyldyzlaryň arasynda höwürtge ýasasaň-da,Men seni aşak indererin» diýip, Ýehowa yglan edýär.
5 «Gije üstüňe talaňçylar, ogrular gelse,Olar diňe islän zadyny almazmy?
Eger üzümçiler gelse,Olar az-owlak üzüm goýup gitmezmi?
Indi duşmanlaryň seni ýer bilen ýegsan eder*+.
6 Ysaw, ýagylaryň saňa garşy aýaga galdy.
Gizlin hazynalaryňy agtaryp tapdy.
7 Olar seni ýurduňdan kowup çykardy.
Dost-ýarlaryň ählisi seni aldady.
Seniň bilen agzybir ýaşanlar üstüňden agalyk etdi.
Bile duz-çörek iýýänleriň saňa duzak gurarlar.Sen bolsa muny asla aňmarsyň».
8 Ýehowa şeýle diýýär: «Şol gün men Edomyň akyldarlaryny,Daglarynda ýaşaýan düşünjeli adamlaryny heläk ederin+.
9 Eý Teýman+, seniň batyr ýigitleriň gorka düşer+.Sebäbi Ysawyň daglarynda ýaşaýanlar gylyçdan geçiriler+.
10 Doganyň Ýakuba eden zorluk-sütemiň sebäpli+,Sen masgara bolarsyň+,Hemişelik ýok edilersiň+.
11 Duşmanlar onuň goşunyny ýesir alanda+,Sen gyra çekilip, seredip durduň,Başga milletler derwezesinden girip,Iýerusalim üçin bije atanda+,Senem olara goşuldyň.
12 Doganyň başyna kynçylyk düşende gülmeli däldiň+,Ýahuda halkynyň heläkçilik gününde şatlanmaly däldiň+,Olaryň gara gününde gedemlik etmeli däldiň.
13 Halkymyň agyr gününde derwezesinden girmeli däldiň+,Halkymyň gara gününde heşelle kakmaly däldiň,Halkyma betbagtçylyk inen güniBaýlygyna el urmaly däldiň+.
14 Sen ýoluň çatrygynda durup,Gaçyp barýanlary öldürmeli däldiň+,Gara gününde halkymyň aman galanlarynyDuşmanyň eline bermeli däldiň+.
15 Ýehowanyň milletlere höküm çykarjak güni ýakyndyr+.
Başgalara basan oduň, özüňe-de basylar+,
Il-güne edeniň, öz başyňa iner.
16 Meniň mukaddes dagymda şerap içişiňiz ýaly,Milletler hem meniň gahar şerabymdan içerler+.
Olar içip, gahar-gazabymdan lül bolarlar,Dünýä inmedik ýaly bolarlar.
17 Halas bolanlar Sion dagyna gelerler+,Ol ýer mukaddes bolar+,Ýakubyň nesli mal-mülküne eýe çykar+.
18 Ýakubyň öýi ot kimin,Ýusubyň öýi alaw kimin,Ysawyň öýi saman kimin bolar.Olar ot kimin ýanyp, ony ýalmap ýuwudar.Ysawyň öýünden hiç kim aman galmaz+.Muny Ýehowa aýdýar.
19 Olar Negebe we Ysawyň daglaryna+,Şepela bilen piliştlileriň ýurduna+ eýe çykarlar.
Efraýymyň we Samariýanyň topragyny mülk edinerler+.Benýaminler Gileady eýelärler.
20 Galadan+ sürgün edilen ysraýyl halkyKenganyň Sarepta+ şäherine çenli ähli ýerlerini eýelär,
Iýerusalimden Separata sürgün edilenlerNegebiň ähli şäherlerinde ýaşarlar+.
21 Halasgärler Sion dagyna çykarlar,Ysawyň daglaryny höküm ederler+,Ýehowa patyşa bolar»+.
Çykgytlar
^ Manysy: Ýehowanyň guly.
^ Başga manysy: ýokary uçsaň-da.
^ Başga manysy: Olar seni nähili weýrançylyga salardylar?