Danyýar 7:1—28

  • Dört wagşy haýwan hakdaky düýş (1—8)

    • Tekepbir kiçi şah çykýar (8)

  • Owaldan Bar Bolan kazylyk edýär (9—14)

    • Ynsan ogly patyşalyk edýär (13, 14)

  • Danyýara görnüşiň manysy düşündirilýär (15—28)

    • Dört haýwan — dört patyşa (17)

    • Mukaddesler hökümdarlyk edýär (18)

    • On şah — on patyşa (24)

7  Wawilon patyşasy Belşazaryň+ hökümdarlygynyň birinji ýylynda Danyýar uklap ýatyrka görnüş* gördi+. Ol gören wakalaryny jikme⁠-⁠jik ýazdy+.  Danyýar şeýle diýdi: «Men gije görnüş gördüm: çar tarapdan öwüsýän ýel äpet deňizde+ harasat turuzdy.  Deňizden biri⁠-⁠birine meňzemeýän dört sany wagşy haýwan+ çykdy.  Birinjisi ýolbarsa meňzeýärdi+, onuň bürgüdiňki+ ýaly ganatlary bardy. Men seredip durdym, onuň ganatlaryny gopardylar. Soňra ony ýerden galdyrdylar, adam kimin iki aýagynyň üstünde durzup, ynsan ýüregini berdiler.  Soňra men aýa meňzeýän ikinji wagşy haýwany+ gördüm. Ol bir aýagyny galdyryp durdy, dişleriniň arasynda üç gapyrga bardy. Oňa: „Bar⁠-⁠da, köp et iý!“+ diýildi.  Mundan soňra alajabarsa meňzeş üçünji wagşy haýwany+ gördüm. Onuň dört kellesi+ we arkasynda guşuňky ýaly dört ganaty bardy. Oňa höküm sürmäge ygtyýar berlipdi.  Soňra men gije görnüşde dördünji haýwany gördüm. Ol gorkunç, haýbatly we örän güýçlüdi. Onuň uly demir dişleri bardy, ähli zady ýalmap ýuwudýardy, döwüm⁠-⁠döwüm edýärdi, galan⁠-⁠gaçanyny aýagy bilen mynjyradýardy+. Ol öňki gören wagşy haýwanlaryma meňzemeýärdi; onuň on şahy bardy.  Men şahlara syn edip durkam, olaryň arasyndan kiçi şah+ çykdy we onuň öňündäki üç şah goparyldy. Kiçi şahyň ynsan gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy+.  Görsem, tagtlar peýda boldy. Owaldan Bar Bolan+ tagtynda oturdy+. Onuň lybasy gar ýaly akdy+, saçy ýüň kimin ap⁠-⁠akdy. Onuň tagty alawlap durdy, tigirleri ýanyp durdy+. 10  Onuň tagtyndan otly çeşme akýardy+. Müňlerçe* perişdeler oňa hyzmat edýärdi, millionlarçasy* huzurynda durdy+. Kazy+ geçip oturdy we kitaplar açyldy. 11  Men seredip durdym, şah tekepbirlik bilen gepleýärdi+. Wagşy haýwan öldürilýänçä we maslygy oda atylyp ýok edilýänçä seredip durdym. 12  Beýleki haýwanlaryň+ elinden häkimiýetleri alyndy. Olaryň ömri bir döwür we bir pasyl uzaldyldy. 13  Şol gije görnüşde asman bulutlarynyň içinden ynsan ogluna+ meňzeş biriniň gelýändigini gördüm. Oňa Owaldan Bar Bolanyň+ huzuryna barmaga rugsat berildi we onuň ýanyna getirildi. 14  Oňa ähli halklar, milletler we diller gulluk etsinler+ diýip, hökümdarlyk+, şöhrat+ hem patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy ebedi galar, soňy gelmez we hiç haçan ýok edilmez+. 15  Men, Danyýar howsala düşdüm, sebäbi gören görnüşim meni örän gorkuzdy+. 16  Gören zatlarymyň düýp manysyny soramak üçin, ol ýerde duranlaryň biriniň ýanyna bardym. Ol maňa wakalaryň manysyny düşündirdi: 17  „Dört sany uly haýwan+ ýer ýüzünde höküm sürjek dört patyşadyr+. 18  Emma hökümdarlyk+ Hemmelerden Beýigiň mukaddeslerine+ berler. Olar patyşalykda ebedi we baky höküm sürerler“+. 19  Soňra beýleki haýwanlara meňzemeýän dördünji wagşy haýwan barada has köp bilmek isledim. Ol örän gorkunçdy, dişleri demirdendi, penjesi misdendi. Ol ýalmap ýuwudýardy, döwüm⁠-⁠döwüm edýärdi, galan⁠-⁠gaçanyny aýagy bilen mynjyradýardy+. 20  Onuň başynda on şahy+ bardy. Olaryň arasyndan bir şah çykdy we öňündäki üç şah goparyldy+. Şahyň gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy. Ol beýleki şahlardan has uly görünýärdi. 21  Men seredip durdym, şah mukaddesler bilen söweşdi we olardan üstün çykyp başlady+. 22  Şonda Owaldan Bar Bolan+ geldi, Hemmelerden Beýigiň mukaddesleriniň+ peýdasyna höküm çykardy. Mukaddesleriň hökümdarlyk etjek wagty geldi+. 23  Görnüşiň manysyny düşündirýän maňa şeýle diýdi: „Dördünji haýwan dünýäde höküm sürjek dördünji patyşalykdyr. Ol beýleki patyşalyklaryň ählisinden tapawutlanar. Ol bütin dünýäni ýalmap ýuwudar, döwüm⁠-⁠döwüm edip, ony mynjyradar+. 24  On şah bolsa, patyşalykdan peýda boljak on patyşadyr; olardan soňra başga bir patyşa dörär we öňkülere meňzemez. Ol üç patyşany özüne tabyn eder+. 25  Ol Allatagala* garşy geplär+ we Hemmelerden Beýigiň mukaddeslerine üznüksiz azar berer. Olar bir döwür, iki döwür we ýarym döwür* patyşanyň ygtyýaryna berler+. Patyşa döwri we kanuny üýtgetmek islär. 26  Kazy oturdy we olar patyşany doly ýok etmek+ üçin hökümdarlygyny elinden aldylar. 27  Patyşalyk, hökümdarlyk we gök astyndaky ähli patyşalyklaryň şöhraty Hemmelerden Beýigiň mukaddes halkyna berildi+. Olaryň patyşalygy ebedi patyşalykdyr+, ähli hökümdarlyklar olara gulluk edip, boýun egerler“. 28  Ine, wakalaryň soňy. Men, Danyýar pikirlerimden ýaňa örän gorkup, ýüzüm ak tam ýaly boldy. Ýöne men gören⁠-⁠eşidenlerimi ýüregimde sakladym».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Müňlerçe müň.
Sözme⁠-⁠söz: On müňlerçe on müňi.
Sözlüge serediň.
Ýagny 3,5 döwür.