Eýýup 24:1—25
24 Gudratygüýçli höküm gününi näme üçin bellemeýär?+
Ony tanaýanlar şol gün hakda näme üçin oýlanmaýar?
2 Adamlar araçäklerini süýşürýär+,Goýun-guzulary ogurlap, öz sürüsine goşýar.
3 Ýetim-ýesirleriň eşegini elinden alýar,Dul aýallaryň öküzini girewine alýar+.
4 Garyp-gasarlary ýoldan kowýarlar,Mätäçler olaryň gözüne görünmekden gorkýarlar+.
5 Olar çagalary üçin çörek gözleýärler,Gulan kimin çöl-beýewanda aýlanýarlar+.
6 Olar kesekiniň melleginde hasyl* ýygnaýar,Erbediň galan-gaçan üzümini çöpleýär.
7 Gijäni eşiksiz, ýalaňaç geçirýär+,Sowukda üstüni ýapara zady ýok.
8 Daglara ýagýan çabgadan ezilýärler,Gizlenere ýer tapman, gaýalara söýenýärler.
9 Erbetler dul aýalyň çagasyny gujagyndan alýarlar+,Garybyň egin-eşigini girewine goýýarlar+.
10 Olar aç-ýalaňaç halda,Bugdaý desselerini daşamaly bolýarlar.
11 Yssyda hatar-hatar haýatlaryň arasynda işleýärler*,Çukurda üzüm syksalar-da, janlary teşnedir+.
12 Şäherde ölüm ýassygynda ýatanlar iňňildeýär,Agyr ýaralanan adamlar perýat edýär+,Emma Hudaý olara ünsem bermeýär*.
13 Zalymlar ýagtylyga garşy çykýarlar+.Olar nurly ýoly görmeýärler,Ýagty ýodalardan ýöremeýärler.
14 Ganhor daň atan badyna aýaga galýar,Mätäji we garyby öldürýär+,Gijelerine ogurlyk edýär.
15 Ahlaksyz adam garaňkylyga garaşýar+,
Ýüzüni örtüp: „Meni hiç kim görmez!“ diýýär+.
16 Gijelerine öýleri talaýarlar,Gündizine öýünden çykmaýarlar.
Güneşiň nämedigini bilmeýärler+.
17 Säher çagy olar üçin tüm-garaňkylyk ýalydyr,Gorkunç gijelere öwrenişipdirler.
18 Emma sil gelip, olary alyp gider,
Olaryň ýer paýlary näletlener+.
Üzüm baglaryna dolanmazlar.
19 Gurakçylyk hem yssy gary ereder,Mazar* hem günäkäri ýuwudar+.
20 Ejesi unudar, gurçuklar iýer.
Ol indi hiç haçan ýatlanmaz+.
Adalatsyz adam agaç kimin çapylar.
21 Sebäbi ol önelgesiz aýaly talaýar,Dul aýaly ezýär.
22 Alla güýçlini ýere çalar,Näçe beýgelse-de, uzak ömür sürmez.
23 Hudaý olary parahat ýaşatsa-da+,Her bir ädimini* synlaýar+.
24 Olar az wagtlyk göterilse-de, ýok bolarlar+.
Bugdaý başy kimin ýygnalar.Peseldiler, hemmeler ýaly öler+.
25 Indi kim maňa ýalançy diýer,Sözümi ýalana çykaryp biler?»
Çykgytlar
^ Başga manysy: saman.
^ Başga manysy: Zeýtuny ýenjip, ýag alýarlar.
^ Başga manysy: hiç kimi jogapkärçilige çekmeýär.
^ Sözme-söz: ýollaryny.