Eýýup 35:1—16
35 Alyhuw sözüni dowam etdi:
2 «Meniňki dogry diýip,Sen özüňi Hudaýdan hem dogruçyl hasaplaýarmyň?+
3 Sen şeýle diýýärsiň: „Seniň üçin tapawudy näme?*
Günä edenem bolsam, mundan beterini görmezdim“+.
4 Saňa-da, dostlaryňa-da+,Men jogap bereýin.
5 Başyňy galdyryp, göge seret,Asmandaky bulutlary synla+.
6 Günä etseň, Hudaýa näme zyýany bar?
Ýazygyň köp bolsa, ol näme zelel çeker?+
7 Dogruçyl bolsaň, Alla näme peýdasy bar?Ol seniň nämäňe zar?+
8 Erbetligiň diňe özüň ýaly adama zeper ýetirer,Dogruçyllygyň hem diňe ynsana peýda getirer.
9 Agyr sütem sebäpli adam perýat edýär,Güýçlüleriň elinden gutulmak isleýär+.
10 Ýöne hiç kim: „Gijesine alkyş aýdýanym nirede?+Ýaradanym+, Hudaýym nirede?“ diýmeýär.
11 Ol haýwanlara+ däl, bize köp bilim berýär+,Gökdäki guşlara däl, bize köp akyl berýär.
12 Halk nalasa-da, jogap bermeýär+,Sebäbi olaryň ýüregi erbetdir, tekepbirdir+.
13 Ýürekden dileg etmeseň, Hudaý eşitmeýär+,Gudratygüýçli hiç hili üns bermeýär.
14 „Dadyma ýetişenok“ diýip zeýrenip ýörseň,Ol saňa jogap berermi?+
Şikaýatlaryň öňündedir, sabyrly garaş+.
15 Ol gaharly wagty temmi bermeýär,Akylsyz sözleriňi diňlemeýär+.
16 Eýýup hiç zat bilmese-de,Biderek sözläp, gepini köpeldýär»+.
Çykgytlar
^ Hudaýa ýüzlenip aýdylýan bolmaly.