Eýýup 4:1—21

  • Alypaz birinji gezek gepleýär (1—21)

    • Eýýubyň wepalylygyny ýaňsylaýar (7, 8)

    • Ruhuň habaryny aýdýar (12—17)

    • «Hudaý gullaryna ynanmaýar» (18)

4  Teýmanly Alypaz+ söze başlady:   «Seniň bilen biri gepleşmek islese, gaharyň gelermi? Men hem dymyp bilmerin.   Hawa, sen köplere nesihat berdiň,Ejiz gollara kuwwat berdiň.   Ruhdan düşeni ruhlandyrdyň,Epilen dyzlara güýç⁠-⁠kuwwat berdiň.   Indi şol günler öz başyňa gelende, sen tapdan düşýärsiň,Agyr günleri görüp, özüňi ýitirýärsiň.   Hudaýdan gorkýan bolsaň, imanyň nirede? Hudaýa wepaly*+ bolsaň, umydyň nirede?   Ýadyňa sal, heý⁠-⁠de, bigüna adam ölüpmidi? Dogruçylyň heläk bolany barmydy?   Erbetligi, ýamanlygy eken adamlaryň,Eken zadyny orýandygyny gördüm.   Olar Hudaýyň demine ýok bolarlar,Gazap oduna kül bolarlar. 10  Ýolbars arlaýar, arslan hyrlaýar,Güýçli şiriň⁠-⁠de dişleri döwülýär. 11  Ýolbars aw tapman ölýär,Çagalary çar tarapa pytrap gidýär. 12  Maňa gizlinlikde bir söz geldi,Gulagyma bir pyşyrdy eşidildi. 13  Ynsanlar süýji ukuda ýatan mahaly,Gören düýşüm* meni howsala saldy. 14  Endam⁠-⁠janym sandyrady,Gorkudan süňklerim titredi. 15  Deňimden bir ruh geçdi,Endam⁠-⁠janym tikenekledi. 16  Ol birdenkä aýak çekdi,Kimdigini saýgaryp bilmedim. Öňümde bir şekil peýda boldy.Dym⁠-⁠dyrslykdy. Birdenkä şeýle ses eşitdim: 17  „Başy ölümli adam Hudaýdan has adalatly bolarmy? Ynsan Ýaradandan has päk bolup bilermi?“ 18  Hudaý hatda gullaryna ynanmaýar,Perişdelerinden kemçilik tapýar. 19  Eýsem, toprakdan ýaradylanPalçyk jaýlarda ýaşaýan+,Güýe kimin adamlar kimmişin? 20  Olar daň atyp, Gün batmanka ýom⁠-⁠ýok bolarlar,Ömürlik ýitip giderler, hiç kim bilmez. 21  Olar ýüpi üzülen çadyra meňzemezmi? Akylsyzlykdan ýaňa ömür tanapy kesilmezmi?

Çykgytlar

Ýa-da: Aýypsyz.
Sözme-söz: görnüşim. Sözlüge serediň.