Eýýup 42:1—17
42 Eýýup Ýehowa şeýle diýdi:
2 «Indi men düşündim, sen ähli zady başarýaň.Başarmajak zadyň ýok, isläniňi edýärsiň+.
3 Sen: „Akylsyzlyk bilen gepläp,Sözlerimi* ýoýýan kim?“+ diýdiň.
Dogry, men oýlanman gepledim,Täsin zatlara düşünmesem-de,Olar barada gürrüň etdim+.
4 Sen: „Indi erkek ýaly biliňi berk guşa!
Men sorag berjek, senem jogap ber“+ diýdiň.
5 Sen hakda gulagym bilen eşidipdim,Indi seni gözüm bilen gördüm.
6 Men aýdanlaryma ökünýärin+,Başyma gum we kül sepip, toba edýärin»+.
7 Ýehowa Eýýup bilen gürrüňini tamamlady. Soňra Ýehowa teýmanly Alypaza şeýle diýdi:
«Meniň saňa we iki dostuňa+ gaharym gelýär, sebäbi siz gulum Eýýup ýaly men barada dogry zady aýtmadyňyz+.
8 Şonuň üçin ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny getiriň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder+, onuň dilegini kabul ederin. Şonda eden akmaklygyňyz üçin temmi bermerin. Siz gulum Eýýup ýaly men barada hakykaty aýtmadyňyz».
9 Teýmanly Alypaz, şuwaslardan Bildat, nagamatly Sapar gidip, Ýehowanyň tabşyryşy ýaly etdiler. Ýehowa Eýýubyň dilegini kabul etdi.
10 Eýýup dostlary üçin dileg edenden soň+, Ýehowa Hudaý ony agyr derdinden azat etdi+ we öňki baýlygyny gaýtaryp berdi. Ýehowa Eýýubyň mal-mülküni öňküsinden iki esse artdyrdy+.
11 Eýýubyň ähli dogan-garyndaşlary we köne dost-ýarlary+ gelip, öýünde bile iýip içdiler. Ýehowa Eýýubyň başyndan agyr günleriň inmegine ýol beripdi. Şol sebäpli olar dertleşip, teselli berdiler. Olaryň hersi Eýýuba bir tokga kümüş we altyn ýüzük berdiler.
12 Ýehowa Hudaý Eýýuba öňküsindenem has köp bereket berdi+. Eýýubyň 14 000 goýny, 6 000 düýesi, 2 000 sygry we öküzi, 1 000 eşegi bardy+.
13 Eýýubyň ýene-de ýedi ogly we üç gyzy boldy+.
14 Ol birinji gyzyna Ýemima, ikinji gyzyna Kesiýa we üçünji gyzyna Kerenhapuk adyny dakdy.
15 Dünýäde Eýýubyň gyzlaryna owadanlykda taý geljek gyz ýokdy. Kakasy gyzlaryna-da doganlary bilen bir hatarda miras paýyny berdi.
16 Soňra Eýýup 140 ýyl ýaşady we dört neslini, ogullarynyň agtyk-çowluklaryny gördi.
17 Eýýup garrady we dünýäden razy bolup aradan çykdy.
Çykgytlar
^ Ýa-da: Maslahatymy; nesihatymy.