Galatýalylar 4:1—31
4 Size diýýärin, mirasdüşer çaga ähli zadyň eýesi bolsa-da, guldan hiç hili tapawudy ýokdur.
2 Ol kakasynyň bellän wagtyna çenli terbiýeçileriň we hyzmatkärleriň golastynda bolýandyr.
3 Şonuň ýaly-da biz hem çagakak, şu dünýäniň ýörelgesine we pikirine eýerýän gullardyk+.
4 Emma bellenen wagt tamamlananda, Hudaý Ogluny iberdi. Ogul aýaldan dünýä inip+, kanun astynda boldy+.
5 Hudaý bizi ogullyga almak isledi+. Ogly hem kanun astyndakylary satyn alyp, azat etdi+.
6 Siz Hudaýyň ogullary bolduňyz, şonuň üçin ol Ogluna beren mukaddes ruhuny+ ýüregiňize guýdy+. Şol ruh arkaly biz hem Hudaýa: «Atam jan!*» diýip ýüzlenýäris+.
7 Siz indi gul däl, Hudaýyň ogly. Eger ogly bolsaňyz, Hudaý sizi mirasdüşer hem eder+.
8 Siz Hudaýy tanamaýan wagtyňyz ýalan taňrylaryň gullarydyňyz.
9 Indi siz Hudaýy tanadyňyz, has dogrusy, Hudaý sizi tanady. Onda siz näme üçin yzyňyza dolanyp+, dünýäniň biderek işlerini edýärsiňiz?+
10 Siz belli bir günleri, aýlary+, wagtlary we belli bir ýyllary sypdyrman belleýärsiňiz.
11 Men siziň üçin eden tagallalarym biderek bolar öýdüp gorkýaryn.
12 Doganlar, menem öň siziň ýalydym, ýöne üýtgedim. Ýalbarýaryn, meniň üýtgeýşim ýaly, siz hem üýtgäň+. Siz maňa ýamanlyk etmändiňiz.
13 Bilýänsiňiz, size başda hoş habary wagyz etmegime ýarawsyzlygym sebäp bolupdy.
14 Ýaraman size ýük bolsam-da, meni ýigrenmediňiz ýa-da nägile bolmadyňyz. Gaýtam meni Hudaýyň perişdesini, hamala Isa Mesihi myhman alan ýaly kabul etdiňiz.
15 Hany siziň öňki şatlygyňyz? Şol wagt siz gözüňizi oýup bermäge-de taýyndyňyz. Men muňa şaýatdyryn+.
16 Indi hakykaty aýdýanym üçin duşmanyňyz boldummy?
17 Olar sizi öz tarapyna geçirjek bolup jan edýärler, ýöne olaryň niýeti erbetdir. Olar sizi öz yzyna eýerdip, menden daşlaşdyrjak bolýarlar.
18 Eger biri sizi gowy niýet bilen öz tarapyna geçirjek bolsa, ýagşy iş edýändir. Ýöne diňe men barkam däl, hemişe şeýle etsin.
19 Eziz balalarym+, Mesihe meňzäp, onuň häsiýetlerini doly geýýänçäňiz, çaga dogurýan aýal kimin siziň üçin ýene-de görgi görýärin.
20 Men ýanyňyzda bolsadym, siziň bilen mähirli gepleşerdim. Men siziň bolşuňyza düşünmeýärin.
21 Eý kanun astynda ýaşamak isleýänler! Siz Töwrada düşünmeýärsiňizmi?
22 Meselem, Ybraýymyň iki oglunyň bardygy aýdylýar: biri gyrnakdan+, biri azat aýaldan+.
23 Ybraýymyň gyrnakdan bolan ogly adaty çaga ýaly doguldy+. Azat aýaldan bolan ogly Hudaýyň wadasyna görä dünýä indi+.
24 Munuň başga-da manysy bar: iki aýal iki ähti aňladýar. Ähtiň biri Sinaý dagynda baglaşyldy+, onuň astyndaky çagalaryň hemmesi guldur. Ol äht Hajardyr.
25 Hajar Arabystandaky Sinaý dagyny+, häzirki Iýerusalimi aňladýar. Ol çagalary bilen guldur.
26 Emma gökdäki Iýerusalim azatdyr, ol biziň ejemizdir.
27 «Eý çaga dogurmadyk, önelgesiz aýal, begen! Burgynyň azabyny çekmedik aýal, şatlanyp gygyr! Sebäbi taşlanan aýalyň çagalary ärli aýalyňkydan köpdür»+ diýip ýazylypdyr.
28 Doganlar, siz hem Yshak ýaly wada edilen çagalar+.
29 Emma adaty doglan çaganyň ruhdan doglan çagany yzarlaýşy ýaly+, şu günler hem şeýle edýärler+.
30 Mukaddes kitaplarda näme diýilýär? Onda: «Gyrnak bilen ogluny kow, sebäbi gyrnagyň ogly däl-de, azat aýalyň ogly mirasdüşer bolar»+ diýilýär.
31 Eý doganlar, biz gyrnagyň däl, azat aýalyň ogullary.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Abba, ata! Çagalar kakasyna mähirli we hormat bilen şeýle ýüzlenipdirler.