Galatýalylar 6:1—18
6 Doganlar, kim bilmän ýalňyş ädim ätse, siz, ruhy taýdan ösenler, ony ýumşaklyk bilen düzetjek boluň+. Ýöne özüňiz hem synaga düşmez ýaly+ seresap boluň+.
2 Biri-biriňiziň ýüküňizi göteriň+. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny+ berjaý edersiňiz.
3 Eger kimdir biri hiç kim bolup-da, özüni wajyp saýýan bolsa+, onda ol özüni aldaýandyr.
4 Goý, her kes öz işini barlasyn+, emma başgalaryňky bilen deňeşdirmesin+. Şonda edýän işlerinden şatlyk tapar.
5 Sebäbi her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir*+.
6 Goý, Hudaýyň sözüni öwrenen adam hem öwredýän adamlar bilen ýagşy zatlaryny paýlaşsyn+.
7 Aldanmaň, Hudaý üstünden güldürýän däldir. Adam näme ekse, şony-da orar+.
8 Sebäbi ten höweslerine ekýän adam teninden ölüm* orar, mukaddes ruha ekýän adam ruhdan ebedi ýaşaýyş orar+.
9 Şonuň üçin ýagşy işleri etmegi goýmalyň, sebäbi ýagşylyk etmekden ýadamasak*+, öz wagtynda miwesini orarys.
10 Geliň, mümkinçilik barka* hemme adamlara, esasan-da, imandaşlara ýagşylyk edeliň.
11 Serediň, size haty öz elim bilen, uly harplar bilen ýazdym.
12 Sizi mejburlyk bilen sünnetletjek bolýanlar daş keşbi* bilen adamlara täsir etjek bolarlar. Şeýdip, olar Mesihiň jebir pürsi* sebäpli yzarlamalardan gaçmak isleýärler.
13 Olar sünnetli bolsa-da Töwrady berjaý etmeýärler+. Emma olar siziň bedeniňiz arkaly öwünmek üçin sünnetlenmegiňizi isleýärler.
14 Men bolsa Halypamyz Isa Mesihiň jebir pürsünden+ başga hiç zada öwnüp bilmerin. Ol arkaly dünýä meniň üçin, men hem dünýä üçin ölendirin*.
15 Sünnetli ýa-da sünnetsiz bolmak wajyp däl+, ýöne täzeden ýaradylmak wajypdyr+.
16 Şu düzgüne eýerýän ähli adamlara, ýagny Hudaýyň Ysraýylyna+ parahatlyk bolsun we rehim edilsin!
17 Indi meni hiç kim alada goýmasyn, sebäbi bedenime Isanyň guludygymy görkezýän tagma basylandyr+.
18 Doganlar, dogry garaýşyňyz üçin Halypamyz Isa Mesih ýagşylyk etsin! Omyn!
Çykgytlar
^ Ýa-da: ýüküni özi götermelidir.
^ Sözme-söz: çüýreme.
^ Ýa-da: ýagşylyk etmegi bes etmesek.
^ Sözme-söz: bellenen wagta çenli.
^ Sözme-söz: teni.
^ Ýa-da: pürse çüýlenendirin.