Hoşeýa 11:1—12

  • Alla Ysraýyly oglanjykka söýdi (1—12)

    • «Men oglumy Müsürden çagyrdym» (1)

11  «Men Ysraýyly oglanjykka söýdüm+,Men oglumy Müsürden çagyrdym+.   Olar* Ysraýyly näçe köp çagyrsa⁠-⁠da,Şonça⁠-⁠da Ysraýyl olardan uzaklaşdy+. Ol Bagal butlaryna+ gurbanlyk berdi,Oýma butlara gurbanlyk hödürledi+.   Efraýymyň golundan tutup+, ýöremegi men öwretdim+.Olary men sagaltdym, emma muňa düşünmediler.   Men mähir we söýgi bilen golundan tutup* ýöretdim+.Men onuň boýnundan boýuntyrygyny çykaryp taşladym,Her birini mähir bilen naharladym.   Olar Müsüre dolanmaz,Üstlerinden Assiriýa höküm sürer+.Sebäbi olar maňa dolanmak islemediler+.   Olar pälinden taparlar+, gylyçdan geçiriler,Gylyç şäherlerini weýran edip+, kiltlerini döwüp taşlar.   Halkym maňa biwepalyk etmegi ýüregine düwdi+. Olara: „Hudaýa dolanyň!“ diýdiler,Emma hiç biri seslenmedi.   Efraýym, men senden nädip ýüz öwreýin?+ Ysraýyl, seni nädip duşmanyň eline bereýin? Heý⁠-⁠de, seni Admanyň gününe salarynmy? Heý⁠-⁠de, seni Zeboýymy+ edişim ýaly ederinmi? Meniň ýüregim gyýyldy,Size rehimim indi+.   Gaharymy başyňyzdan indermerin. Indi Efraýymy ýok etmerin+,Sebäbi men ynsan däl, Hudaýdyryn,Siziň Mukaddes Hudaýyňyzdyryn.Men gazap bilen üstüňize gelmerin. 10  Olar Ýehowanyň yzyndan gider, ol arslan kimin arlar+.Hudaý batly ses bilen gygyrar,Ogullary günbatardan sandyr⁠-⁠sandyr edip gelerler+. 11  Olar Müsürden guş kimin,Assiriýadan kepderi kimin titräp gelerler+.Men olary öýünde ýaşadaryn — muny Ýehowa aýdýar+. 12  Efraýym maňa ýalan sözleýär.Nirä seretsem, Ysraýyl öýüniň hilegärligini görýärin+. Emma Ýahuda Allanyň ýolundan ýöreýär,Iň Mukaddes Hudaýa wepaly bolýar»+.

Çykgytlar

Ýagny Ysraýyla öwüt⁠-⁠ündew etmek üçin iberilen pygamberler we başga adamlar.
Sözme⁠-⁠söz: ynsan ýüpleri we söýgi ýüpleri. Belki, çaga ýöremegi öwredenlerinde ulanylýan ýüp göz öňünde tutulýandyr.