Hoşeýa 4:1—19

  • Ýehowanyň Ysraýyl bilen dawasy (1—8)

    • Ýurtda Hudaýy tanamaýarlar (1)

  • Ysraýyl butparaz, ahlaksyz halk (9—19)

    • Ahlaksyz pikirler ýoldan çykarýar (12)

4  Eý ysraýyl halky, Ýehowanyň sözüni diňläň,Sebäbi ýurduň ilaty bilen Ýehowanyň dawasy bar+.Ýurtda ne hakykat, ne⁠-⁠de söýgi* bar,Olar Hudaýy hem tanamaýar+.   Ýalandan ant içmek, aldamak+, ganhorlyk+,Ogurlyk, zynahorlyk+ köpelip,Gan sil bolup akýar+.   Şonuň üçin ýurt ýas tutar+,Halk güýç⁠-⁠gurbatdan gaçar.Çöl haýwanlary, asman guşlary,Hatda deňiz balyklary gyrlar.   «Halk ruhany bilen dawalaşýan adam ýaly kesirdir+.Indi hiç kim dawalaşmasyn, başgalary ýazgarmasyn+.   Sen gündiziň güni büdrärsiň,Pygamber⁠-⁠de gije ýöreýän ýaly ýykylar. Seniň ejeň janyny alaryn.   Meni tanamaýandygy üçin halkym ýok ediler. Siz hem meni tanamak islemediňiz+.Siz indi meniň ruhanym bolmarsyňyz.Meniň kanunymy ýatdan çykaranyňyz üçin+,Men hem siziň ogullaryňyzy unudaryn.   Ruhanylaryň sany artdygyça, köp günä etdiler+. Men olary at⁠-⁠abraýdan düşürip, masgara ederin*.   Ruhanylar halkymyň günäsinden eklenýär.Olaryň günä etmegini isleýär.   Ruhanylaryň başyna gelen, halkyň hem başyna geler.Olaryň saýlan ýollary üçin hasabat soraryn,Eden işlerini egni bilen çekerler+. 10  Olar iýerler, ýöne doýmazlar+, Olar zyna ederler, emma köpelmezler+.Sebäbi Ýehowa hormat goýmadylar. 11  Zynahorlyk, köne we täze şerap,Akyl⁠-⁠huşy* alýandyr+. 12  Halkym agaç butlaryndan maslahat soraýar.Hasasy* näme aýtsa, şony⁠-⁠da edýär.Ahlaksyz pikirler olary ýoldan çykarýar,Zynahorlyk edip, Hudaýyna tabyn bolmaýar. 13  Daglaryň depesinde gurbanlyk berýärler+,Baýyrlarda, dub, stiraks* agaçlarynyň aşagynda,Her bir uly agajyň+ kölegesinde,Gurbanlyk ýakýarlar. Gyzlaryňyz ahlaksyzlyk,Gelinleriňiz zyna edýärler. 14  Men gyzlaryňyzyň ahlaksyzlyk,Gelinleriňiziň zyna edendigi üçin jeza bermerin. Sebäbi erkekleriňiz ahlaksyz aýallaryň yzyna düşýär,Buthanadaky ahlaksyzlar* bilen gurbanlyk berýärler.Düşünjesiz halk+ bolsa heläk bolar. 15  Eý Ysraýyl, sen zyna edýärsiň+,Emma Ýahuda beýle günä bulaşmasyn+. Gilgala+ girmäň, Beýtawene+ barmaň.„Ýehowa diri şaýatdyr!“ diýip ant içmäň+. 16  Ysraýyl baş bermeýän öküz kimin boldy+. Ýehowa olary tokly bakýan ýaly otluk meýdanda bakarmy? 17  Efraýym butlara baglanyp galdy+. Ony öz ýoluna goýberiň! 18  Ol içgisini* gutaryp,Azgynçylyga baş goşýar. Häkimleri bihaýa işleri halaýar+. 19  Şemal ony ganatlarynda alyp gider,Beren gurbanlyklary üçin masgara bolar».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi.
Başga manysy: Olar meni şöhratlandyrmaýarlar, gaýtam masgara edýärler.
Sözme⁠-⁠söz: Ýüregi.
Ýa⁠-⁠da: Palçynyň hasasy.
Hoşboý ysly, ak gülli agaç.
Buthanadaky käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Ýa⁠-⁠da: bugdaýdan ýasalan piwosyny.