Işaýa 13:1—22

  • Wawilona çykarylan höküm (1—22)

    • Ýehowanyň güni golaýdyr (6)

    • Midiýalylar Wawilona çozar (17)

    • Wawilonda hiç kim ýaşamaz (20)

13  Amozyň ogly Işaýanyň+ gören görnüşi*. Wawilona çykarylan höküm+:   «Kert gaýanyň depesinde goşun üçin bellik dikiň+. Olary gygyryp çagyryň, eliňizi galgadyň,Olar hem han-begleriň gapylarynyň agzyna gelsin.   Men saýlan* adamlaryma buýruk berdim+. Gahar-gazabymy çykarmak üçin goşun topladym,Buýsançly, edermen esgerlerimi ýygnadym.   Daglardan gelýän galmagaly diňläň!Ol märekäniň gohuna meňzeýär. Bir ýere jem bolan halkyň+,Patyşalaryň şowhunly sesini diňläň! Serkerdebaşy Ýehowa uly goşun toplaýar+.   Ýehowa ýer ýüzüni ýok etmek üçin,Uzak ülkeden+,Gögüň aňry ujundan,Gazaply ýaraglary bilen gelýär+.   Zar-zar aglaň, sebäbi Ýehowanyň güni golaýdyr! Gudratygüýçlüniň weýrançylyk güni geler!+   Şonda her kimiň eliniň ysgyny gaçar,Ýürekleri ýarylara geler+.   Adamlar howsala düşer+. Olar burgusy tutýan aýal ýaly,Iki bükülip, köp azap çeker. Olar gorkup, bir-birine seredişerler,Gam-gussadan ýaňa ýüzleri ak tam ýaly bolar.   Ine Ýehowanyň ýowuz güni,Gahar-gazap güni ýetip gelýär!Şol gün tutuş ýurt gorkunç hala düşer+,Ähli günäkärler ýok ediler. 10  Asmandaky ýyldyzlar şöhle saçmaz,Ýyldyz toparlary*+ ýagtylyk bermez.Gün dogsa-da, yşyk bolmaz,Aý nuruny saçmaz. 11  Men ynsanlardan zalym işleri üçin,Erbetlerden günäleri üçin hasabat soraryn+. Tekepbirleriň şahyny döwerin,Boýnuýogyn zalymlary peselderin+. 12  Başy ölümli ynsan sap altyndan,Ofer altynyndan-da+ gyt bolar+. 13  Serkerdebaşy Ýehowanyň gahar-gazap gününde,Asman sarsar, zemin ýerinden süýşer+. 14  Awçydan gaçan keýik kimin, çopansyz süri kimin,Olar öz halkynyň arasyna dolanar,Öz ýurduna gaçyp gider+. 15  Olaryň ele düşenleri naýzadan,Tutulanlary gylyçdan geçiriler+. 16  Gözüniň alnynda çagalaryny bölek-bölek ederler+.Öýlerini talarlar,Aýallaryny zorlarlar. 17  Men olaryň üstüne,Kümşüň gadyryny,Altynyň gymmatyny bilmeýän midiýalylary çozduraryn+. 18  Olaryň oklary ýigitleriň içinden geçer+.Bäbeklere rehim etmez,Çagalara haýpy gelmez. 19  Patyşalyklaryň soltany,Haldeýleriň+ başynyň täji, kalbynyň buýsanjy Wawilon+,Weýran edilen Sodom we Gomorra şäherleri ýaly bolar+. 20  Ol ýerde hiç kim ýaşamaz,Asyrlarboýy boşap ýatar+. Araplar çadyryny dikmez,Çopanlar sürüsini bakmaz. 21  Ol ýerde çöl haýwanlary ýaşar,Öýleri baýguşlardan dolar, Düýeguşlar mesgen tutar+,Ýabany geçiler* bökjeklär. 22  Diňlerinde ýabany haýwanlar,Kaşaň jaýlarynda şagallar uwlaşar. Onuň soňy golaýlaşdy, sanlyja güni galdy»+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: mukaddes eden.
Sözme-söz: Kesilleri. Belki, Üç Ýyldyz we töweregindäki ýyldyz toparlary.
Başga manysy: Geçä meňzeş jynlar.