Işaýa 31:1—9

  • Ynsan däl, Hudaý kömek edýär (1—9)

    • Müsüriň atlary ýöne bir haýwandyr (3)

31  Müsüre kömek sorap barýanlaryň+,Bedewlere bil baglaýanlaryň+,Birgiden söweş arabalaryna,Güýçli söweş atlaryna* daýanýanlaryň waý halyna! Olar Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyna ýüzlenmeýärler,Ýehowany gözlemeýärler.   Ol akyldar Hudaý,Beren sözünde durar. Ol başyňyzdan betbagtçylyk inderer,Zalymlaryň öýüne garşy aýaga galar,Erbetleri goldaýanlara jeza berer+.   Müsürliler Hudaý däl, ýöne bir ynsandyr,Atlary ruh däl, ýöne bir haýwandyr+. Ýehowa goluny galdyranda,Kömek beren halklar ýykylar,Kömegi kabul eden halklar hem ýykylar.Olaryň ikisi-de bir wagtda ýok bolar.   Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Aw awlan arlaýjy arslan, güýçli arslan,Daşyna çopanlar üýşse-de,Olaryň sesinden gorkmaz,Gykylygyndan ürkmez.Şonuň ýaly Serkerdebaşy Ýehowa Sion dagyna,Onuň depesine söweşmäge barar.   Serkerdebaşy Ýehowa bürgüt kimin okdurylyp,Iýerusalimi gorar+. Ol şäheri gorar, azat eder, Halas eder we aman galdyrar».  «Ysraýyl halky, siz Hudaýyňyza garşy bilgeşleýin baş göterdiňiz, indi dolanyň+.  Şol gün her kes kümüşden we altyndan ýasalan dereksiz butlaryny taşlar. Siz olary öz elleriňiz bilen ýasap, günä gazanypdyňyz.   Assiriýaly gylyçdan geçiriler, emma ynsan gylyjyndan däl.Ony gylyç ýuwudar, emma ynsan gylyjy däl+. Ol gylyjy görüp gaçar,Ýigitleri gul bolar.   Onuň arkadaýanjy gorkudan ýaňa ýykylar.Han-begleri söweş tuguny görüp sandyrar».Muny Ýehowa aýdýar.Onuň nury Siondadyr, ojagy Iýerusalimdedir.

Çykgytlar

Ýa-da: atlylaryna.