Işaýa 37:1—38

  • Hizkiýa Işaýa arkaly Hudaýdan kömek soraýar (1—7)

  • Sanherip Iýerusalime haýbat atýar (8—13)

  • Hizkiýanyň dogasy (14—20)

  • Işaýa Hudaýyň habaryny aýdýar (21—35)

  • Perişde 185 000 assiriýaly esgeri öldürýär (36—38)

37  Hizkiýa patyşa muny eşidende ýakasyny ýyrtyp, egnine jul* geýdi we Ýehowanyň öýüne gitdi+.  Soňra ol baş wezir* Alyýakymy, Şebna kätibi we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň+ ýanyna iberdi, olaram jul geýipdi.  Olar Işaýanyň ýanyna baryp şeýle diýdiler: «Hizkiýa şeýle diýýär: „Biz kyn güne düşdük, kemsidildik*, masgara bolduk. Şu wagt biziň ýagdaýymyz burgusy tutup, çagasyny dogurmaga ysgyn-mydary galmadyk aýalyňka meňzeýär+.  Assiriýa patyşasynyň iberen baş şerapçysy* Biribaryň üstünden gülýär+. Goý, Ýehowa Hudaý onuň sözlerini eşitsin. Goý, Ýehowa Hudaý oňa jeza bersin. Sen bolsa aman galanlar+ üçin dileg et“»+.  Emeldarlar Hizkiýa patyşanyň sözlerini Işaýa pygambere gürrüň berdiler+.  Işaýa pygamber şeýle jogap berdi: «Gidiň-de, hökümdara Ýehowanyň şu habaryny aýdyň: „Assiriýa patyşasynyň geňeşçileri*+ maňa dil ýetirdi, olaryň sözlerinden gorkma+.  Men Assiriýa patyşasynyň ýüregine bir pikir guýaryn. Ol bir habar eşidip, ýurduna dolanar+. Ony öz ýurdunda gylyçdan geçirderin“»+.  Assiriýa patyşasy Lakyşdan gidip, Libna çozdy. Baş şerapçy muny eşidip, patyşanyň ýanyna gitdi+.  Assiriýa patyşasyna: «Efiopiýa patyşasy Tirkahan bize garşy söweşe çykdy» diýip habar berdiler. Şonda ol Hizkiýanyň ýanyna ýene-de çaparlaryny ýollap+, şeýle diýdi: 10  «Ýahuda patyşasy Hizkiýa aýdyň: „Sen Hudaýyňa bil baglama, „Iýerusalim Assiriýa patyşasynyň eline berilmez“ diýen sözlerine aldanma+. 11  Assiriýa patyşalarynyň ähli ýurtlary weýran edendigini bilýänsiň+. Indi gel-gel sen halas bolaryn öýdýäňmi? 12  Ata-babalarym birgiden halklary ýok etdi, taňrylary olary halas edip bildimi?+ Gozan, Haran+, Resep we Telasarda ýaşan Erem halky nirede? 13  Hamatyň, Arpatyň patyşalary, Separwaýym+, Hena we Ywah şäherleriniň patyşalary nirede?“» 14  Hizkiýa habarçylaryň elinden hatlary alyp okady. Soňra ol Ýehowanyň öýüne baryp, hatlary Ýehowanyň öňünde açyp goýdy+. 15  Hizkiýa Ýehowa şeýle doga etdi+: 16  «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy+ Ýehowa! Sen keruplaryň üstünde* tagtda otyrsyň. Sen bütin ýer ýüzündäki patyşalyklaryň ýeke-täk hak Hudaýysyň. Ýeri-gögi ýaradan sensiň! 17  Ýehowa, ýalbarýaryn, dogamy diňle!+ Ýehowa, nazar sal!+ Ýa Biribar, Sanheribiň seni ýaňsylap aýdan sözlerini eşit!+ 18  Ýehowa, Assiriýa patyşalary hem öz ýurduny, hem beýleki ýurtlary derbi-dagyn etdiler+. 19  Olaryň taňrylaryny-da otda ýakdylar+, aslynda, olar hudaý hem däldi, ynsan eliniň işidi+, agaçdan we daşdan ýasalan butlardy. Şonuň üçin olar ýok edildi. 20  Ýehowa Hudaýymyz, bizi Assiriýa patyşasynyň elinden halas et! Ýehowa, goý, ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary seniň ýeke-täk Alladygyňy bilsinler!»+ 21  Amozyň ogly Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle habar ýollady: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Assiriýa patyşasy Sanherip hakda eden dogaňy eşitdim+. 22  Ýehowa oňa şeýle diýýär: „Sion gyzy seni kemsidip, üstüňden gülýär. Iýerusalim gyzy saňa seredip, başyny ýaýkaýar. 23  Sen kimi kemsidýärsiň?+ Kime dil ýetirýärsiň? Kime haýbat atýarsyň?+Kime göwnüýetmezçilik edýärsiň? Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynamy?+ 24  Emeldarlaryňy iberdiň.Ýehowanyň üstünden gülüp şeýle diýdiň+:„Birgiden söweş arabam bilen,Daglaryň depesine çykaryn+.Liwanyň aňry çetine baryp ýeterin. Beýik kedr agaçlaryny, owadan arça agaçlaryny çaparyn. Belent daglaryna çykaryn, gür tokaýlaryna bararyn. 25  Guýular gazyp, olardan suw içerin.Müsüriň çeşmelerini dabanym bilen guradaryn“. 26  Sen näme eşitmänmidiň?Muny gadym günlerde ýüregime düwüpdim, Birmahallar niýet edipdim+. Indi bolsa amala aşyraryn+. Sen galalary weýran edip, harabaçylyga öwrersiň+. 27  Olaryň ilaty güýçden gaçarlar,Gorkup, masgara bolarlar. Sähradaky ot-çöpe dönerler.Gündogardan öwüsýän ýeliň howruna guran üçekdäki ot kimin bolarlar. 28  Seniň her ädimiňi*+,Maňa gaharlanýandygyňy gowy bilýärin+. 29  Gahar+ bilen turzan gopgunyň gulagyma gelip ýetdi+. Burnuňa çeňňek ildirip, agzyňa agyzzyryk geýdirip+,Seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn“. 30  Hizkiýa, seniň üçin şeýle alamat bolar: şu ýyl öz-özünden biten hasyly iýersiňiz, indiki ýyl bolsa ýere gaçan dänelerden gögeren gallany iýersiňiz. Üçünji ýyl tohum sepip, hasyl alarsyňyz we üzüm agaçlaryny oturdyp, miwesini iýersiňiz+. 31  Ýahuda halkynyň halas bolanlary we aman galanlary+ kök urup, miwe berer. 32  Sebäbi aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gaýdarlar+. Serkerdebaşy Ýehowa muny höwes* bilen amala aşyrar+. 33  Ýehowa Assiriýa patyşasy hakda şeýle diýýär+: „Ol şähere girmez+,Ok hem atmaz.Galkany bilen söweşe çykmaz,Gabaw depelerini galdyrmaz+. 34  Ol gelen ýoly bilen yzyna gider.Şähere aýagyny-da basmaz“. Muny Ýehowa aýdýar. 35  „Öz adymyň+ we gulum Dawudyň hatyrasyna+,Şäheri gorap+, halas ederin“». 36  Ýehowanyň perişdesi gelip, assiriýalylaryň düşelgesinde 185 000 esgeri öldürdi. Adamlar irden turup görseler, duşmanlaryň ählisi gyrlypdyr+. 37  Şonda Assiriýa patyşasy Sanherip Ninewiýa+ dolanyp, ýurdunda galdy+. 38  Ol öz taňrysy Nisrohyň buthanasynda sežde edip durka, ogullary Adrammälik bilen Şareser ony gylyçdan geçirdiler+. Olar Ararat ýurduna+ gaçyp gitdiler. Sanheribiň ýerine ogly Esarhadon+ patyşa boldy.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: köşk dolandyryjy.
Sözme-söz: käýinç eşitdik.
Ýa-da: rabşagy. Baş şerapça şeýle diýilýärdi.
Ýa-da: maslahatçylary; ynamdar hyzmatkärleri.
Başga manysy: arasynda.
Sözme-söz: oturýan, girip-çykýan wagtyňy.
Ýa-da: yhlas.