Işaýa 5:1—30
5 Rugsat beriň, söwer ýaryma aýdym aýdaýyn!Mähribanymy we onuň üzüm bagyny wasp edeýin!+
Mes toprakly depede söwer ýarymyň üzüm bagy bardy.
2 Ol mellegini agdaryp, daşlardan arassalady,
Saýlama gyzyl üzüm nahallaryny oturtdy.Üzüm bagynyň ortasynda bir diň saldy,Üzüm sykmak üçin çukur gazdy+.
Soňra bol hasyl alaryn diýip umyt etdi,Ýöne tamasy puç boldy,Ol ýabany üzüm bolup çykdy+.
3 Ol şeýle diýýär: «Eý Iýerusalim ilaty, ýahuda halky,Üzümçiligim bilen dawamy çözüň!+
4 Men üzüm bagym üçin elimde baryny etdim.Mundan başga näme edeýin?+
Men bol hasyla garaşdym,Emma ol ýabany üzüm bolup çykdy.
5 Rugsat beriň,Üzümçiligime näme etjegimi aýdaýyn.
Men onuň haýatlaryny ýykaryn,Üzümçiligi oda ýakaryn+.
Daşdan salnan diwarlaryny ýumraryn.Ony aýak astyna alyp depelärler.
6 Ony harabaçylyga öwrerin+,Hiç kim şahalaryny çyrpmaz, ýerini ýumşatmaz.
Haşal ot hem tikenekler basar+.Emrim bilen bulut ýagmyr ýagdyrmaz+.
7 Ysraýyl öýi Serkerdebaşy Ýehowanyň üzümçiligidi+,Ýahuda halky onuň arzyly mellegidi.
Ol halkynyň adalatly bolmagyna garaşdy+,Emma olar adalatsyzlyk etdi.Ol halkynyň dogruçyl bolmagyna garaşdy,Emma ezilenleriň sesini eşitdi»+.
8 Öý üstüne öý alýanyň+,Ýer üstüne ýer alýanyň waý halyna!+Ol başgalara bir garyş ýer goýmaýar,Bütin ýurdy öz eline geçirýär.
9 Men Serkerdebaşy Ýehowanyň ant içendigini eşitdim.Ençeme beýik hem kaşaň jaýlar boşap galar,Harabaçylyga döner+.
10 Dört gektar* üzüm bagy bir çelek* şerap berer,
Bir ganar* tohum bir çuwal* bugdaý berer+.
11 Daň bilen turup, şerap içýäniň waý halyna!+Ýarygijä çenli şerap içip lül bolýanyň waý halyna!
12 Olar meýlis gurap, arfanyň, çeň* saz guralynyň,Depregiň, tüýdügiň owazyna meýmiräp şerap süzýärler.Emma Ýehowanyň işleri hakda oýlanmaýarlar,Onuň elleriniň işine ünsem bermeýärler.
13 Men hakda bilim almak islemeýän halkym sürgün ediler+,Onuň at-abraýly adamlary aç gezer+,Suwsuzlykdan ýaňa halkymyň agzy kepär.
14 Doýmaz-dolmaz mazar*Agzyny giňden açar+.Ýurduň han-begleri, keýp çekýän şadyhorram halky,Mazaryň düýbüne düşer.
15 Ynsan büküler,Adam masgara bolar,Tekepbirler gabagyny ýerden galdyrmaz.
16 Serkerdebaşy Ýehowa çykaran hökümi bilen şöhratlanar,Mukaddes hak Alla+ adalaty dikeldip,Mukaddesligini görkezer+.
17 Semiz mallaryň otlan ýerleri boşap galar,Olar ýat adamlaryň eline geçer,Öri meýdanlarynda guzular otlar.
18 Ýalançylaryň waý halyna!Olar araba daňylan mal ýaly,Günälerini we ýazyklaryny süýreýärler.
19 «Hudaý etjek işini çaltrak etsin,Aýdanyny tiz ýerine ýetirsin, bizem göreli.
Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy niýetini amala aşyrsyn,Bizem gözümiz bilen göreli»+ diýýänleriň waý halyna!
20 Ýagşa ýaman, ýamana ýagşy diýýäniň+,Garaňkylyga ýagtylyk, ýagtylyga garaňkylyk diýýäniň,Aja süýji, süýjä ajy diýýäniň waý halyna!
21 Akyllydyryn öýdýäniň,Paýhaslydyryn öýdýäniň waý halyna!+
22 Şeraby köp içýäniň,Ökdelik bilen ýasaýanyň waý halyna!+
23 Para üçin erbedi aklap+,Dogruçylyň hakyny iýýäniň waý halyna!+
24 Otda samanyň ýanyşy ýaly,Guran otuň ýanyp kül bolşy ýaly,Olar hem köki-damary bilen çüýrär,Nesilleri tozan kimin ýele sowrular.Olar Serkerdebaşy Ýehowanyň kanunyna gulak asmadylar,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň sözüni diňlemediler+.
25 Şonuň üçin Ýehowanyň gahary halkyna garşy lowlaýar,Ol güýçli goluny uzadyp, olara temmi berer+.
Daglar lerzana geler,Olaryň jesetleri köçelerde tezek kimin çaşyp ýatar+.
Şonda-da Onuň gahary köşeşmedi,Jeza bermek üçin galdyran goluny ýatyrmady.
26 Ol uzakdaky milleti çagyrmak üçin tuguny dikdi+,Sykylyk çalyp, ýeriň aňry çetinden olary çagyrdy+.Ine, olar göz açyp-ýumasy salymda geler+.
27 Olaryň hiç biri ysgyndan gaçmaýar, büdremeýär,
Hiç biri irkilmeýär, uklamaýar.
Bilindäki guşagyny gowşatmaýar,Çarygynyň bagy üzülmeýär.
28 Olaryň oklary ýitidir,Ýaýlary berk çekilendir,
Atlarynyň toýnaklary çakmakdaşy ýalydyr,Arabalary tüweleý kimin tozap gelýändir+.
29 Olar arslan kimin,Ýolbars kimin arlaýar+.
Olar hyrlap, awuna topular,Awuny agzyndan hiç kim halas edip bilmez.
30 Şol gün olar awuny tutup hyrlar,Möwç urýan deňiz kimin güwwüldär+.
Ýurdy tümlük gaplap alar,Asmany gara bulut örter, muny hemmeler görer+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: On jübüt. Ýagny on jübüt öküziň bir günde sürýän ýeri.
^ Arfanyň bir görnüşi.