Işaýa 58:1—14
58 «Batly gygyr, çekinme!
Surnaý kimin sesiň güýçli çyksyn.
Halkyma gozgalaňyny+,Ýakubyň öýüne eden günälerini aýt.
2 Hamala halal ýaşaýan ýaly,Allanyň kanunlaryny berjaý edýän ýaly,Olar meni her gün agtarýarlar.„Hudaýyň ýollaryny höwes bilen öwrenýäris“ diýýärler+.
Hamala Hudaýa yhlas bilen sežde edýän ýaly+,„Adalatly höküm çykar“ diýýärler.
3 Olar: „Agyz beklesek-de, näme üçin görmeýärsiň?+
Toba etsek-de*, näme üçin üns bermeýärsiň?“+ diýýärler.
Sebäbi siz agyz bekleseňiz-de, öz bähbidiňize çapýarsyňyz,Işçileriňize sütem edýärsiňiz+.
4 Agyz beklän günüňiz uruş, dawa bilen gutarýar,Biri-biriňizi rehimsiz ýumruklaýarsyňyz.
Agyz bekleýşiňiz şu bolsa, men sizi diňlemerin.
5 Men size agyz bekläniňizde,Toba edýän ýaly ýüzüňizi sallaň,Gamyş ýaly başyňyzy egiň,Jul* geýip, kül üstünde ýatyň diýdimmi?Siz muňa agyz beklemek diýýäňizmi?
Şeýdip, Ýehowany razy ederis öýdýärsiňizmi?
6 Men siziň şeýdip agyz beklemegiňizi isleýärin:
Adalatsyzlyk zynjyrlaryny üzüň,Boýuntyryklary aýryň+.Ezilenleri azat ediň+,Her bir boýuntyrygy ikä bölüň.
7 Çöregiňizi açlar bilen paýlaşyň+,Garyby, öýsüz-öwzarsyz adamy öýüňize çagyryň.Ýalaňajy geýindiriň+,Dogan-garyndaşyňyzdan ýüz öwürmäň.
8 Şonda nuruňyz daň şapagy deý şöhle saçar+,Derdiňizden tiz gutularsyňyz.
Dogruçyllyk öňüňizden gider,Şöhratly Ýehowa yzyňyzdan ýöräp, sizi gorar+.
9 Şonda siz çagyrarsyňyz, Ýehowa jogap berer.Perýat edersiňiz, ol bolsa: „Ine men!“ diýer.
Boýuntyryklary aýyrsaňyz,Barmagyňyzy çommaldyp*, ajy sözleri pürkmeseňiz+,
10 Eliňizdäki zady* aç adama berseňiz+,
Ezilene hemaýat etseňiz,Tümlükde-de nur saçarsyňyz,Garaňkylygyňyz gündiziň güni deý ýagty bolar+.
11 Ýehowa hemişe size ýol görkezer,Gurak ýerde zada zar etmez+.Ol size güýç-kuwwat berer.Siz suwa ganan bag-bakja kimin+,Hemişe şarlap akýan çeşme kimin bolarsyňyz.
12 Gadymy harabaçylyklar siziň hatyraňyza dikeldiler+.Siz ata-babalaryňyzyň tutan düýbüni berkidersiňiz+.
Size: „Ýykylan* diwary dikeldýänler“+,„Halk üçin köçeleri bejerýänler“ diýerler.
13 Mukaddes Sabat günüm+ nebsiňize çapmasaňyz,Sabat günüme şatlyk güni,Ýehowanyň mukaddes güni, möhüm güni diýseňiz+,Öz bähbidiňizi gözlemän, biderek gürrüňleri etmän,Sabat gününi möhüm hasaplasaňyz,
14 Ýehowa sežde edip ýürekden şatlanarsyňyz.Men size dünýäniň dag-depelerini bererin+.
Ataňyz Ýakubyň mirasyny bererin*+,Sebäbi muny Ýehowa aýdýar».
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Janymyza ezýet bersek-de.
^ Ýaňsylamagy ýa-da töhmet atmagy aňladýan bolmaly.
^ Sözme-söz: Janyňyzyň küýsän zadyny.
^ Sözme-söz: Jaýrylan.
^ Sözme-söz: iýdirerin.