Işaýa 61:1—11
61 Maňa Älemiň Hökümdary Ýehowanyň ruhy indi+,Ýehowa maňa ýumşaklara hoş habary aýtmagy tabşyrdy*+.
Hasrat çekýänlere göwünlik bermäge,Ýesirlere azat boljagyny,Tussaglara gözüniň açyljagyny aýtmaga iberdi+.
2 Ol meni Ýehowanyň rehimdarlyk ýylyny,Allanyň ar aljak gününi yglan etmäge+,Ýas tutýanlara göwünlik bermäge iberdi+.
3 Sionyň ýasyny tutýanlaryň üstünden külüni kakyp,Başyna ýaglyk dakmaga,Gözýaşlaryny süpürip, şatlanmaklary üçin ýag bermäge,Gam-gussalaryny unutdyryp,Alkyş donuny geýdirmäge iberdi.
Olara dogruçyllyk agajy diýerler,Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ekilen agaç diýerler+.
4 Olar haraba öwrülen galalary,Weýran bolup ýatan ýerleri dikelder+.Ýer bilen ýegsan edilen şäherleri+,Ýyllarboýy boşap ýatan ýurdy dikelder+.
5 «Keseki adamlar gelip, sürüleriňizi bakar.Başga milletler+ daýhanlaryňyz, bagbanlaryňyz bolar+.
6 Size Ýehowanyň ruhanylary+,Allanyň gullary diýerler.
Siz milletleriň baýlygyna+,Mal-mülküne* eýe çykyp öwnersiňiz.
7 Indi siz masgara bolmarsyňyz, iki esse paý alarsyňyz.Utanja galmarsyňyz, berlen paýa begenersiňiz.
Olar iki esse ýer paýyny alarlar+,
Hemişe şatlanyp gezerler+.
8 Men Ýehowa, adalaty söýýärin+,Talaňçylygy, adalatsyzlygy ýigrenýärin+.
Halkyma adalatlylyk bilen sylag bererin,Olar bilen ebedilik äht baglaşaryn+.
9 Olaryň nesli milletleriň arasynda+,Nebereleri halklaryň arasynda tanalar.
Adamlar olary görende,Ýehowanyň ýalkan halkydygyny bilerler»+.
10 Ýehowanyň işlerine çäksiz begenerin,
Bütin janym bilen Hudaýa alkyş aýdaryn+.
Sebäbi ol gutulyş donuny egnime atdy+.Başy selleli* öýlenýän ýigit kimin+,Şaý-sep dakynan gelin kimin,Adalat lybasyny geýdirdi.
11 Toprakdan gök otlaryň ösüşi deý,Bag-bakjada nahallaryň gögerişi deý,Älemiň Hökümdary Ýehowanyň saýasynda,Ähli halklar halal ýaşarlar+, milletler alkyş aýdarlar+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: ýag guýup belledi.
^ Sözme-söz: Şöhratyna.
^ Sözme-söz: ruhanynyňky ýaly selleli.