Işaýa 66:1—24
66 Ýehowa şeýle diýýär:
«Gökler meniň tagtym, ýer basgançagym+.
Siz maňa nireden jaý salyp bilersiňiz?+Öýüm nirede bolar?»+
2 Ýehowa şeýle diýýär: «Ähli zady elim bilen ýaratdym,Olary men döretdim+.
Pesgöwünli, ruhdan düşen,Sözümden gorkýan adama nazar salaryn+.
3 Öküz soýýanlar adam öldürýän ýalydyr+,
Goýny gurbanlyk berýänlerItiň boýnuny omurýan ýalydyr+.
Sadaka berýänler doňzuň ganyny hödürleýän ýalydyr+.
Ladan*+ getirýänlerJadyly söz bilen alkyş* aýdýan ýalydyr+.
Olar ýörejek ýollaryny saýladylar,Ýigrenji işleri edip, keýp aldylar.
4 Menem olara berjek temmimi saýlaryn+,Gorkýan zadyny başlaryna indererin.
Sebäbi men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi,Men geplänimde, hiç kim diňlemedi+.
Olar meniň ýigrenýän işlerimi etdiler,Halamaýan zatlaryma göwün berdiler»+.
5 Ýehowanyň sözünden gorkýanlar! Hudaýyň sözüni eşidiň:
«Meniň adym üçin doganlaryňyz sizi ýigrenip, kowdular,Soňra bolsa: „Ýehowa şöhrat!“+ diýdiler.
Emma Hudaý size kömege ýetişer, sizi şatlandyrar,Olary bolsa masgara eder»+.
6 Şäherden gykylyk, ybadathanadan goh-galmagal eşidilýär,
Sebäbi Ýehowa duşmanlarynyň almytyny berýär.
7 Aýalyň burgusy tutmanka çagasy boldy+,
Sanjysy tutmanka ogly dünýä indi.
8 Şeýle zady eşiden barmy?
Şeýle zady gören barmy?
Bir günde ýurt dörärmi?
Bir demde millet dogularmy?
Sionyň burgusy tutan badyna ogullary dünýä indi.
9 «Men aý-gününi doldurybam, dogurtman goýarynmy?»Muny Ýehowa aýdýar.
«Sanjysyny tutdurybam, ýatgysyny baglarynmy?»Muny Hudaý aýdýar.
10 Iýerusalimi söýýänler+, onuň bilen şatlanyň, begeniň+.
Iýerusalimiň ýasyny tutanlar, onuň bilen şatlanyň.
11 Çaganyň ejesini emip, rahatlanyşy ýaly,Sizem Iýerusalimi görüp, göwünlik taparsyňyz,Ondan ganyp, şan-şöhratyna begenersiňiz.
12 Ýehowa şeýle diýýär:
«Onuň parahatlygy derýa kimin+,Milletleriň şan-şöhraty sil kimin akar+.
Ol sizi emdirer, elinde göterer,Aýagynda yralar.
13 Ejesiniň ogluny köşeşdirişi ýaly,Menem size göwünlik bererin+.Iýerusalimi görüp, kalbyňyz rahatlyk tapar+.
14 Şonda şatlanarsyňyz,Süňkleriňiz güýç-kuwwatdan dolar*.Ýehowa gullaryna gudratly goluny görkezer,
Duşmanlaryny bolsa höküm eder»+.
15 «Ýehowa alaw kimin geler+,Arabalary tüweleý kimin geler+.Gazaba münüp ar alar,Gahar ody bilen jeza berer*+.
16 Ýehowa ot bilen höküm eder,Adamlara garşy gylyjyny galdyrar,Köpler Ýehowanyň elinden öler.
17 Olar tämizlenip we taýýarlyk görüp, ýalan taňra sežde etmek üçin* keramatly baga+ barýarlar. Doňzy+, syçany+ we haram zatlary iýýärler. Olaryň hemmesi ýok bolar». Muny Ýehowa aýdýar.
18 «Sebäbi men olaryň edýän işlerini, oý-pikirlerini bilýärin. Men milletleri we dilleri bir ýere jemlärin. Olar hem meniň şöhratymy görerler».
19 «Men olaryň arasynda bir bellik dikerin. Aman galanlaryň käbirini ýaýçylaryň ýurduna: Tarşyşa+, Puwala, Luda+ ibererin. Olary Tubala, Ýawana+ we uzak adalara ýollaryn. Ol milletler men hakda eşitmändiler, şöhratymy görmändiler. Aman galanlar olara şöhratym hakda gürrüň bererler+.
20 Ysraýyl halkynyň Ýehowanyň öýüne arassa gap-gaçlarda sadaka getirişi ýaly, olar hem doganlaryňyzy atlarda, arabalarda, paýtunlarda, gatyrlarda we ýüwrük düýelerde başga milletleriň arasyndan alyp gelerler+. Olary mukaddes dagyma, Iýerusalime getirip, Ýehowa sadaka bererler». Muny Ýehowa aýdýar.
21 «Olaryň käbirini ruhany we lewi edip bellärin». Muny Ýehowa aýdýar.
22 Ýehowa şeýle diýýär: «Meniň ýaradan täze göklerim we täze ýerim+ huzurymda ebedi durar. Şonuň ýaly siziň nesliňiz-de, adyňyz-da baky galar+.
23 Her Täze aý baýramynda, her Sabat gününde,Adamlar huzuryma gelip tagzym ederler»+.Muny Ýehowa aýdýar.
24 «Olar çykyp, maňa garşy gozgalaň turzan adamlaryň jesetlerini görerler.Jesetleriň gurçuklary ölmez,Olary ýakýan ot sönmez+.Ähli halklar olary ýigrener».
Çykgytlar
^ Başga manysy: Buta alkyş.
^ Sözme-söz: ter ot kimin öser.
^ Sözme-söz: käýär.
^ Sözme-söz: ortada duranyň arkasyndaky.