Nehemýa 5:1—19

  • Göterimine karz berýänlere görlen çäre (1—13)

  • Nebsine çapmaýan Nehemýa (14—19)

5  Soňra käbir adamlar aýallary bilen ýehudy doganlaryna garşy gozgalaň turuzdylar+.  Olaryň käbiri: «Biziň ogul⁠-⁠gyzymyz köp, bir döwüm çöregimiz bolar ýaly galla gerek» diýdi.  Käbiri bolsa: «Biz açlykdan ýaňa ekinimizi, üzümligimizi we öýümizi girewine goýýarys» diýdi.  Başgalary: «Patyşa salgyt tölemek+ üçin ekinimizi, üzümligimizi girewine goýup, karz aldyk.  Bizem doganlarymyz ýaly adam, çagalarymyzyň hem olaryňkydan kem ýeri ýok. Ýöne ogul⁠-⁠gyzymyzy gul edip satmaly bolýarys, gyzlarymyzyň käbiri eýýäm gyrnak boldy+. Munuň öňüni almaga güýç⁠-⁠gaýratymyz hem galmady, ekinimiz, üzümligimiz kesekileriň eline geçdi» diýdi.  Olaryň aýdan zatlaryny we galmagalyny eşidip, gaharym geldi.  Men gowy oýlanyp, bolan zatlar üçin beglere we baştutanlara käýäp: «Doganlaryňyza näme üçin göterimine karz berýäňiz?»+ diýdim. Soňra şol meseläni çözmek üçin ýygnak etdim.  Olara: «Biz⁠-⁠ä barja zadymyzy berip, ýehudy doganlarymyzy başga halklaryň elinden azat etdik. Siz bolsa indi doganlaryňyzy satjak bolýaňyzmy?+ Olary ýene⁠-⁠de yzyna satyn almalymy?» diýdim. Olar aýdara zat tapman, sesini çykarman durdular.  Şonda men: «Edýäniňiz⁠-⁠ä bolanok. Duşmanlaryň gyjalatyna galmaz ýaly, Hudaýdan gorkup+, dogry ýoldan ýöreseňiz bolmaýarmy?! 10  Men doganlarym we kömekçilerim bilen hiç kime göterimine karz ýa galla beremok. Haýyş edýärin, sizem göterimine bermäň+. 11  Gaýrat edip, olaryň ekinlerini+, üzümliklerini, zeýtun baglaryny, öýlerini we pulundan, gallasyndan, täze şerabyndan, ýagyndan göterimine alan ýüzden bir bölegiňizi şu günüň özünde beriň» diýdim. 12  Olar: «Alan zadymyzy bereris, ýerine⁠-⁠de hiç zat talap etmeris. Ähli zady aýdyşyň ýaly ederis» diýdiler. Men ruhanylaryň öňünde şol adamlara ant içirdim. 13  Soňra donumyň gyrasyny* silkip: «Goý, hak Hudaý sözünde durmadyk adamyň öýüni silkip, mal⁠-⁠mülküni elinden alsyn. Goý, onuň öýi boşap galsyn» diýdim. Bütin halk: «Omyn!*» diýip, Ýehowany şöhratlandyrdy. Olar beren sözünde durdular. 14  Ýahuda ýurduna häkim+ bolanymdan bäri, Ardaşir* patyşanyň+ hökümdarlygynyň 20⁠-⁠nji ýylyndan+ 32⁠-⁠nji ýylyna+ çenli 12 ýylyň dowamynda doganlarym bilen häkime berilýän paýdan iýmedim+. 15  Menden öňki häkimler halky ezip, her günki çöregi we şeraby üçin 40 şekel* kümüş alypdyr. Olaryň kömekçileri hem halka görgi baryny görkezipdir. Men bolsa Hudaýdan gorkýandygym+ üçin beýle etmedim+. 16  Men diwaryň gurluşygyna⁠-⁠da gatnaşdym, ähli kömekçilerim hem işledi. Hiç birimiziň mülkümiz ýokdy+. 17  Ýehudylardan we baştutanlardan 150 adam, goňşy halklardan gelen adamlar hem meniň saçagymdan naharlanýardy. 18  Her gün meniň hasabyma bir öküz, alty semiz goýun soýlup, guşuň etine çenli bişirilýärdi. Her on günden şerabyň dürli görnüşini bolluk bilen berýärdim. Halkdan häkime berilýän paýy talap etmeýärdim, sebäbi olaryň şonsuzam derdi ýetikdi. 19  Eý Hudaý, halka eden ýagşylyklarymy unutman, meni ýalka!+

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: goltuk jübüsini.
Ýa⁠-⁠da: Goý, şeýle bolsun!
Käbir taryhy kitaplarda Artakserks diýilýär.