Zekerýa 4:1—14

  • 5⁠-⁠nji görnüş: şemdan we iki zeýtun agajy (1—14)

    • Ynsan güýji bilen däl⁠-⁠de, ruhum bilen (6)

    • Kiçi işler bilen başlanan gün ähmiýetsiz hasaplanmasyn (10)

4  Men uka giden ýalydym. Meniň bilen gepleşen perişde geldi⁠-⁠de, meni oýardy.  Ol menden: «Näme görýärsiň?» diýip sorady. Men şeýle diýdim: «Altyndan ýasalan şemdany+ görýärin. Onuň ýokarsynda jam bar. Şemdanyň ýedi çyrasy+ bar. Hawa, ýedi çyrasy bar. Şol ýedi çyranyň her biriniň turbajygy bar.  Şemdanyň ýanynda iki zeýtun agajy+ bar. Biri jamyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapynda».  Soňra meniň bilen gepleşip duran perişdeden: «Agam, olaryň manysy näme?» diýip soradym.  Meniň bilen gepleşip duran perişde: «Olaryň manysyny bileňokmy?» diýip sorady. Men hem: «Ýok, agam!» diýip jogap berdim.  Ol maňa şeýle diýdi: «Ine, Ýehowanyň Zerubabele aýdýan habary: „Aýdan zatlarym goşun ýa⁠-⁠da ynsan güýji bilen däl⁠-⁠de+, meniň ruhum bilen amala aşar+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.  — Eý beýik dag, sen kimmişiň? Sen Zerubabeliň+ öňünde tep⁠-⁠tekiz bolarsyň+. Ol ybadathananyň soňky daşyny goýanda, adamlar: „Nähili owadan! Nähili ajaýyp!“ diýip gygyryşarlar“».  Ýehowa maňa ýene⁠-⁠de şeýle diýdi:  «Zerubabel öz eli bilen ybadathananyň düýbüni tutdy+, öz eli bilen hem tamamlar»+. Şonda meni Serkerdebaşy Ýehowanyň iberendigini bilersiňiz. 10  «Hiç kim kiçi işler bilen başlanan güni+ ähmiýetsiz hasaplamasyn. Halk Zerubabeliň elindäki ölçeg daşyny* görüp begener. Ýedi çyra Ýehowanyň gözleridir. Olar bütin ýer ýüzüni synlaýandyr»+. 11  Men ondan: «Şemdanyň sag we çep tarapynda duran iki zeýtun agajy nämäni aňladýar?»+ diýip soradym. 12  Soňra bolsa men: «Iki zeýtun agajynyň şahalaryndaky* altyn ýag iki altyn jürnükden syrygyp jama akýar. Şol iki zeýtun agajynyň şahalary näme aňladýar?» diýip soradym. 13  Ol menden: «Olaryň manysyny bileňokmy?» diýip sorady. Men bolsa: «Ýok, agam!» diýip jogap berdim. 14  Ol maňa: «Olar ýer ýüzüniň Hojaýynynyň gapdalynda duran iki saýlanany* aňladýar»+ diýip düşündirdi.

Çykgytlar

Gurluşykda jaýyň diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş, kiriş.
Ýagny zeýtun agajynyň miweli şahalary.
Sözlüge serediň.