Zekerýa 7:1—14

  • Ýehowa ýüzüni sallap agyz bekleýänleri höküm edýär (1—14)

    • «Meniň üçin etdiňizmi?» (5)

    • Adalatly höküm çykaryň, biri⁠-⁠biriňize ýagşylyk ediň, ­rehimdar boluň (9)

7  Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň dördünji ýylynda, dokuzynjy aýda, ýagny kislew* aýynyň dördüne Ýehowa Zekerýa+ bilen gepleşdi.  Beýteliň ilaty Ýehowadan rehimdarlyk dilemek üçin Şareseri, Regemmäligi we onuň adamlaryny iberdiler.  Olara Serkerdebaşy Ýehowanyň öýüniň ruhanylaryndan we pygamberlerden şuny soramagy tabşyrdylar: «Biz ýyllarboýy edişimiz ýaly, bäşinji aýda+ hiç zat iýmän, dady⁠-⁠perýat etmelimi?»  Şonda maňa Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýdi:  «Halka we ruhanylara şeýle diý: „Siz 70 ýylyň+ dowamynda bäşinji we ýedinji aýlarda+ agyz bekläp, dady⁠-⁠perýat edeniňizde meniň üçin etdiňizmi?  Eýsem, siz iýip içeniňizde, özüňiz üçin iýip içmänmidiňiz?  Iýerusalimde we töweregindäki ilatly şäherlerde parahatlyk höküm sürýärkä, Negepde, Şepelada adam ýaşaýarka, Ýehowanyň irki pygamberleri arkaly aýdan sözlerine+ gulak asmaly däldiňizmi?“»  Ýehowa Zekerýa şeýle diýdi:  «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Adalatly höküm çykaryň+, biri⁠-⁠biriňize ýagşylyk ediň*+, rehimdar boluň. 10  Dul aýalyň we ýetimiň+, gelmişegiň+ hem garybyň+ hakyny iýmäň; ýüregiňizde erbet niýet bolmasyn“+. 11  Emma olar asla üns bermediler+, kesirlik bilen ýüzüni öwürdiler+, diňlemejek bolup gulaklaryny ýapdylar+. 12  Ýüreklerini almaz daşy* ýaly gatatdylar+. Serkerdebaşy Ýehowanyň irki pygamberlerine ruhuny inderip, olar arkaly beren kanunlaryna we sözlerine gulak asmadylar+. Şonuň üçin Serkerdebaşy Ýehowanyň diýseň gahary geldi»+. 13  «Çagyranymda olar jogap bermedi+. Indi olar çagyrsa, menem jogap bermerin+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 14  — Men harasat iberip, olary tanamaýan halklarynyň arasyna dargatdym+. Olaryň ýurdy çöle döndi. Ol ýerden hiç kim geçmeýärdi+. Olar gözel ýurdy harabaçylyga öwürdiler».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgini bildiriň.
Başga manysy: gaty daş. Belki, çalgydaş.