Zekerýa 8:1—23

  • Ýehowa Sionda parahatlygy we hakykaty dikeldýär (1—23)

    • Iýerusalim «wepaly şäher» (3)

    • «Biri⁠-⁠biriňize hakykaty aýdyň» (16)

    • Dabaraly baýramçylyk (18, 19)

    • «Ýehowadan rehim diläliň» (21)

    • On adam ýehudynyň donundan ýapyşar (23)

8  Serkerdebaşy Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi:  «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Siona bolan söýgim lowlap ýanar+. Gahar⁠-⁠gazap bilen ony goraryn“».  «Ýehowa şeýle diýýär: „Men Siona dolanaryn+ we Iýerusalimde mesgen tutaryn+. Iýerusalime „wepaly şäher“* diýler+. Serkerdebaşy Ýehowanyň dagyna „mukaddes dag“+ diýler“».  «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Gojalar we garry aýallar ýene Iýerusalimiň köçelerinde oturarlar. Ýaşy bir çene ýetendigi üçin her biriniň elinde hasasy bolar+.  Köçeler oýnap ýören çagalardan dolar“»+.  «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Şol günlerde aman galan halkyň gözünde aýdanlarym bolmajak ýaly bolup görünse⁠-⁠de, olary ýerine ýetirmek maňa kyn däldir“. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar».  «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men halkymy gündogar we günbatar ýurtlaryndan halas ederin+.  Men olary Iýerusalime getirerin, ol ýerde ýaşarlar+. Olar meniň halkym bolar. Menem olaryň wepaly* hem adalatly Hudaýy bolaryn“»+.  «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Pygamberleriň sözlerini eşidýän halaýyk, elleriňiz gowşamasyn!*+ Serkerdebaşy Ýehowanyň ybadathanasynyň düýbüniň tutulan güni hem şol sözleri eşidipdiňiz+. 10  Şu güne çenli ne adamyň, ne⁠-⁠de haýwanyň zähmeti üçin hak tölendi+. Duşmanlardan ýaňa gelýäne⁠-⁠de, gidýäne⁠-⁠de gün ýokdy. Sebäbi men adamlary biri⁠-⁠birine duşman edipdim. 11  Men indi aman galanlara gadymky günlerdäki ýaly daraşmaryn+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 12  — Parahatlyk tohumy sepiler, üzüm agaçlary miwesini, ýer hasylyny berer+, asmandan ýagmyr ýagar. Halkyň aman galanlary şeýle bereketleri alar+. 13  Ýahuda we Ysraýyl öýi, men sizi halas ederin. Siz ähli halklaryň arasynda näletlidiňiz+, indi bereketli bolarsyňyz+. Gorkmaň!+ Elleriňiz gowşamasyn!“*+ 14  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Atalaryňyz gaharymy getirende, olaryň başyna betbagtçylyk indermegi ýüregime düwüpdim — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar, — pikirimi üýtgetmändim*+. 15  Edil şonuň ýaly, indi Iýerusalime we Ýahuda öýüne bereket bermegi ýüregime düwdüm+. Şonuň üçin gorkmaň!“+ 16  „Siz tabşyryklarymy berjaý ediň: biri⁠-⁠biriňize hakykaty aýdyň+, şäher derwezesinde çykarýan hökümleriňiz hakykaty we parahatlygy dikeltsin+. 17  Goňşyňyza ýamanlyk etmegiň küýüne düşmäň+, ýalandan ant içmegiňizi bes ediň+; sebäbi men beýle zatlary ýigrenýärin“+. Muny Ýehowa aýdýar». 18  Serkerdebaşy Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi: 19  «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Dördünji+, bäşinji+, ýedinji+ we onunjy+ aýlarda agyz bekleýän günleriňiz Ýahuda öýi üçin şatlyk⁠-⁠şowhunly günler bolar, dabaraly baýramçylyklar bolar+. Şonuň üçin hakykaty we parahatlygy söýüň!“ 20  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Şeýle günler geler, halklar we ençeme şäherleriň ilaty şäherime geler. 21  Bir şäheriň ilaty beýlekisiniň ýanyna baryp: „Ýörüň, tizräk gideliň, Ýehowadan rehim diläliň, Serkerdebaşy Ýehowany agtaralyň. Ine, biz⁠-⁠ä gidip barýarys“ diýer+. 22  Köp adamlar, güýçli halklar Serkerdebaşy Ýehowany gözlemäge Iýerusalime geler+, Ýehowadan rehim dilär“. 23  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Şol günler ähli halklardan we dillerden+ on adam geler. Olar ýehudynyň donundan ýapyşyp, berk ýapyşyp, şeýle diýer: „Biz siziň bilen gitjek+, sebäbi Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik“»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: hakykat; dogrulyk şäheri.
Ýa⁠-⁠da: dogruçyl.
Ýa⁠-⁠da: mert boluň!
Ýa⁠-⁠da: Mert boluň!
Ýa⁠-⁠da: ökünmändim.