Amos 8:1—14

  • Tomus miwelerinden doly sebet (1—3)

  • Garyplary ezýänler höküm edilýär (4—14)

    • Ruhy açlyk (11)

8  Älemiň Hökümdary Ýehowa maňa tomus miwelerinden doly sebedi görkezdi.  Ol menden: «Amos, näme görýärsiň?» diýip sorady. Menem: «Tomus miwelerinden doly sebedi görýärin» diýip jogap berdim. Soňra Ýehowa şeýle diýdi: «Ysraýyl halkymyň soňy geldi. Indi olary bagyşlamaryn+.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Şol gün ybadathanada aýdylýan aýdymlar aga öwrüler+. Daş⁠-⁠töwerekde jesetler pytrap ýatar+. Ümsüm boluň!“   Garyplary ezýänler,Ýumşaklary ýok edýänler, diňläň!+   Siz şeýle diýýärsiňiz:„Täze aý baýramy gutarsady+, bugdaý satardyk,Sabat güni geçsedi+, galla satmaga giderdik. Şonda çuwalymyzy* kiçeldip,Bahasyny galdyrardyk,Tereziden iýip, olary aldardyk+.   Mätäji kümüş teňňä satyn alardyk,Garyby çaryga çalşardyk+.Bugdaýyň kepegini satardyk“.   Ýakubyň buýsanjy Ýehowa+ öz adyndan ant içýär:„Olaryň edenlerini hiç haçan unutmaryn+.   Şonuň üçin ýurt* titrär,Ähli adamlar ýas tutar+. Tutuş ýurt tolkun atýan Nil derýasy kimin howsala düşer,Müsüriň dolup⁠-⁠daşan Nil derýasy kimin bolar“+.   Älemiň Hökümdary Ýehowa yglan edýär:„Şonda günortan çagy Gün batar,Gündiziň güni ýagty jahany garaňkylyk basar+. 10  Men siziň baýramlaryňyzy ýasa+,Aýdymlaryňyzy aga öwrerin, Biliňize jul* guşap, saçyňyzy syraryn.Ýalňyz perzendi üçin ýas tutýan adam ýaly bolarsyňyz,Ol gün elhenç bolar“. 11  Älemiň Hökümdary Ýehowa yglan edýär:„Şeýle günler geler, men tutuş ýurda açlyk indererin.Adamlar bir döwüm çörege, bir owurt suwa däl⁠-⁠de,Ýehowanyň agzyndan çykýan söze zar bolarlar+. 12  Olar deňizden⁠-⁠deňze,Demirgazykdan gündogara çenli entärler. Ýehowanyň sözüni agtararlar, ýöne tapmazlar. 13  Şol gün gözel gyzlar, goç ýigitler,Teşnelikden ýaňa huşuny ýitirerler. 14  Samariýanyň butlaryndan+ ant içip:„Eý Dan+, taňryň diri şaýatdyr!“ diýýänler, „Beýer⁠-⁠şebanyň+ ýolundan ant içýärin!“ diýýänler ýykylar, Hiç haçan aýaga galmazlar“»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýer ýüzi.
Sözlüge serediň.