Ester 9:1—32

9  Patyşanyň sözi we permany 12⁠-⁠nji aýda, ýagny adar* aýynyň+ 13⁠-⁠ne amala aşyrylmalydy+. Şol gün duşmanlar ýehudylaryň soňuna çykarys diýip tama etseler⁠-⁠de, ähli zat tersine boldy; ýehudylar duşmanlaryndan üstün çykdy+.  Haşaýar patyşanyň+ welaýatlarynda ýaşaýan ýehudylar ýamanlyk etjek bolýanlara gaýtawul bermek üçin şäherlerinde ýygnandylar. Milletler ýehudylardan gorkansoň+, olara garşy durup bilmediler.  Welaýatlaryň hanlary, emirleri+, häkimleri we patyşanyň iş dolandyryjylary Mordekaýdan gorkup ýehudylary goldadylar.  Mordekaý köşkde ýokary wezipä eýe boldy+, şan⁠-⁠şöhraty günsaýyn artyp, at⁠-⁠owazasy ähli welaýatlara ýaýrady.  Ýehudylar duşmanlaryny gylyçdan geçirip, ýok etdiler. Olar duşmanlaryny ýeňmek üçin elinde baryny etdiler+.  Ýehudylar Şuşan*+ galasynda 500 adamy öldürdiler.  Şeýle⁠-⁠de olar Parşandaty, Dalpony, Aspatany,  Poraty, Adalýany, Ardaty,  Parmaştany, Arsaýy, Ardaýy we Baýzaty öldürdiler. 10  Olar ýehudylaryň duşmany Hamedatyň ogly Hamanyň+ on ogludy. Ýehudylar olary öldürseler⁠-⁠de, mal⁠-⁠mülküne degmediler+. 11  Şol gün Şuşan galasynda näçe adamyň öldürilendigi hakda patyşa habar berdiler. 12  Patyşa şa aýaly Estere: «Ýehudylar Şuşan galasynda 500 adam bilen Hamanyň on ogluny öldürdiler. Onda patyşanyň beýleki welaýatlarynda, gör, näçe köp adam öldürilendir!+ Aýt, başga näme islegiň bar? Ýerine ýetirerin. Ýene näme haýyşyň bar? Hökman bitirerin» diýdi. 13  Ester: «Eger patyşa makul bilse+, goý, Şuşanda ýaşaýan ýehudylar permany ertir hem ýerine ýetirsin+. Hamanyň on oglunyň jesedi pürsden asylsyn»+ diýip jogap berdi. 14  Patyşa hem buýruk berdi. Perman Şuşan galasynda yglan edildi we Hamanyň on ogly pürsden asyldy. 15  Şuşan galasyndaky ýehudylar adar aýynyň 14⁠-⁠ne+ ýene⁠-⁠de ýygnanyşyp, Şuşanda 300 adamy öldürdiler, emma olaryň mal⁠-⁠mülküne degmediler. 16  Beýleki welaýatlarda ýaşaýan ýehudylar hem ýygnanyşyp, özüni goradylar+. Olar 75 000 adamy öldürip, duşmanlaryndan halas boldular+, emma mal⁠-⁠mülküne degmediler. 17  Şol waka adar aýynyň 13⁠-⁠ne boldy. Olar 14⁠-⁠ne dynç alyp, şatlyk⁠-⁠şagalaň bilen baýram etdiler. 18  Şuşan galasynda ýaşaýan ýehudylar aýyň 13⁠-⁠ne+ we 14⁠-⁠ne söweşmek üçin ýygnanyşdylar+, 15⁠-⁠ne bolsa dynç alyp, şatlyk⁠-⁠şagalaň bilen baýram etdiler. 19  Beýleki şäherlerde ýaşaýan ýehudylar adar aýynyň 14⁠-⁠ne baýramçylyk etdiler+. Şol gün olar şatlyk⁠-⁠şagalaň bilen toý⁠-⁠meýlis gurnap, bir⁠-⁠birlerine duz⁠-⁠çörek hödür etdiler+. 20  Mordekaý+ bolan wakany ýazyp, Haşaýar patyşanyň golaýdaky we daşdaky welaýatlarynda ýaşaýan ýehudylara hat ýollady. 21  Ol her ýylyň adar aýynyň 14⁠-⁠ne we 15⁠-⁠ne baýramçylyk bellemegi tabşyrdy. 22  Sebäbi şol günlerde ýehudylar duşmanlaryndan halas bolupdy, şol aýda olaryň gaýgy⁠-⁠hasraty şatlyga, ýasy+ hem toýa öwrülipdi. Olar baýram günleri bir⁠-⁠birlerine duz⁠-⁠çörek hödür edip, garyp⁠-⁠gasarlara sadaka berip, şatlyk⁠-⁠şagalaň bilen baýram etmelidiler. 23  Ýehudylar baýramçylygy mundan beýläk⁠-⁠de bellemegi we Mordekaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmegi makul bildiler. 24  Ähli ýehudylaryň duşmany agaglardan+ Hamedatyň ogly Haman+ ýehudylary gyrmak üçin hile gurupdy+. Olary aljyraňňylyga salmak we heläk etmek üçin bije*+ atdyrypdy. 25  Emma Ester patyşanyň huzuryna bardy. Patyşa: «Goý, ýehudylara garşy guran hilesi+ öz başyna gelsin» diýip, perman çykardy+. Haman bilen ogullaryny pürsden asdylar+. 26  Şonuň üçinem ýehudylar bije+ sözüne esaslanyp, baýramçylygyň adyna⁠-⁠da Bije baýramy* diýdiler. Ýehudylar şol hatda ýazylan wakany, gören⁠-⁠eşidenlerini we başdan geçirenlerini göz öňünde tutup, baýram etmegi makul bildiler. 27  Olar bütin kowum⁠-⁠garyndaşlary, özlerine goşulan adamlar+ bilen her ýyl iki günläp baýram etmegi makul bildiler. 28  Baýramçylyk günleri nesilme⁠-⁠nesil her maşgalada, her welaýatda, her şäherde ýatlanyp bellenmelidi. Ýehudylar Bije baýramyny ýatdan çykarman, nesilden⁠-⁠nesle yzygiderli bellemelidiler. 29  Abyhaýylyň gyzy şa aýaly Ester bilen ýehudy Mordekaý berlen häkimiýeti ulanyp, Bije baýramyny doly tassyklamak üçin ikinji haty ýazdylar. 30  Haşaýaryň+ hökümdarlygynyň 127 welaýatynda ýaşaýan ähli ýehudylara mähirli we ygtybarly sözler bilen ýazylan hat iberildi+. 31  Ýehudy Mordekaý bilen şa aýaly Ester ýazan hatynda Bije baýramyny bellenen wagtda geçirmegi we agyz bekläp+, Hudaýa doga⁠-⁠dileg+ etmegi tabşyrdy+. Tabşyrygy tutuş halk, hatda geljekki nesiller hem ýerine ýetirmelidi+. 32  Şeýlelikde, Esteriň buýrugy Bije baýramyny+ doly tassyklady we ol kitaba ýazyldy.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Suza.
Sözme⁠-⁠söz: pur.
«Pur» sözi bije diýmegi aňladýar. Onuň köplük sany «Purym» bolsa ýehudylaryň senenamasy boýunça 12⁠-⁠nji aýda bellenilýän baýramçylygyň adydyr. Goşmaça maglumata serediň: B15.