Hyzkyl 37:1—28
37 Ýehowanyň ruhy meniň üstüme indi. Ýehowanyň ruhy meni alyp gitdi-de, jülgäniň ortasynda duruzdy+. Ol ýer süňklerden doludy.
2 Ol meni süňkleriň arasyndan ýöretdi. Jülgede ýatan süňkler gus-gurudy+, sany-sajagy ýokdy.
3 Ol menden: «Ynsan ogly, süňkler janlanyp bilermi?» diýip sorady. Men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, muny sen gowy bilýärsiň»+ diýdim.
4 Ol maňa şeýle diýdi: «Süňkler hakda pygamberlik edip şeýle diý: „Gury süňkler, Ýehowanyň sözüni diňläň!
5 Älemiň Hökümdary Ýehowa süňklere şeýle diýýär: „Men size ýaşaýyş demini üflärin, siz direlersiňiz+.
6 Size siňir bilen et bitirerin, daşyňyzy deri bilen örtüp, içiňize ýaşaýyş demini üflärin. Şonda siz direlersiňiz, meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“».
7 Men aýdylyşy ýaly pygamberlik etdim. Pygamberlik edip durkam, goh turup, şakyrdy eşidildi. Süňkler biri-birine birleşmäge başlady.
8 Soňra olara siňir bilen et bitdi, daşyny deri örtdi. Ýöne olaryň hiç birinde ýaşaýyş demi ýokdy.
9 Alla maňa şeýle diýdi: «Şemala pygamberlik et. Ynsan ogly, şemala pygamberlik edip, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eý şemal*, çar tarapdan gelip, öldürilen adamlaryň üstünden öwüs. Goý, olar direlsin!“»
10 Men aýdylyşy ýaly pygamberlik etdim. Olara ýaşaýyş demi girdi, olar direlip, uly goşun kimin aýak üstüne galdylar+.
11 Alla maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, olar ysraýyl halkynyň süňkleridir+. Olar: „Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi+. Biz bar zadymyzdan mahrum bolduk“ diýýärler.
12 Sen olara pygamberlik edip, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eý halkym, men mazarlary açyp+, sizi çykararyn we Ysraýyl ýurduna getirerin+.
13 Eý halkym, men mazarlary açyp, sizi çykaranymda, meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“+.
14 Siziň üstüňize ruhumy indererin, siz direlersiňiz+, watanyňyzda ýaşarsyňyz. Şonda siz muny meniň, Ýehowanyň aýdandygymy, sözümde durandygymy bilersiňiz — muny Ýehowa aýdýar».
15 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi:
16 «Ynsan ogly, bir taýak alyp, ýüzüne: „Ýahudanyň we ýanyndaky* ysraýyl halkynyň taýagy“+ diýip ýaz; soňra başga bir taýagy alyp: „Ýusubyň, ýagny Efraýymyň we ýanyndaky ysraýyl halkynyň taýagy“+ diýip ýaz.
17 Olar bir taýak bolar ýaly, bir-birine birleşdir+.
18 Ildeşleriň manysyny sorasa,
19 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men Efraýymyň elindäki Ýusubyň we ýanyndaky ysraýyl taýpalarynyň taýagyny alyp, Ýahudanyň taýagy bilen birleşdirerin. Olary bir taýak ederin+, olar meniň elimde bir bolar“.
20 Halk ýazgyly taýaklary görer ýaly, olary eliňde sakla.
21 Soňra olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Dargan ysraýyllary halklaryň arasyndan alyp gaýdaryn. Olary dumly-duşdan ýygnap, watanyna getirerin+.
22 Olary Ysraýyl daglarynda, watanynda bir halk ederin+. Olaryň bir patyşasy bolar+, indi olar iki halk, aýry iki patyşalyk bolmaz+.
23 Olar nejis butlary*, ýigrenji, günäli işleri* bilen haram bolmazlar+. Men biwepa halkymy ähli günälerinden arassalaryn, olary tämizlärin. Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn+.
24 Gulum Dawut olaryň patyşasy bolar+. Olaryň bir çopany bolar+. Olar hökümlerimi berjaý edip, kada-kanunlarym boýunça ýaşarlar+.
25 Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ata-babalarynyň ýurdunda ebedi ýaşarlar+, olaryň özleri, çagalary we agtyklary+ şol ýurtda ýaşar+. Gulum Dawut olara ebedilik baştutan bolar+.
26 Men olar bilen parahatlyk ähtini baglaşaryn+, ol ebedilik dowam eder. Olary ýurtlaryna gaýtaryp getirerin, sanlaryny artdyraryn+. Olaryň ýurdunda mukaddes mekanym hemişe durar.
27 Çadyrymy olaryň ýurdunda dikerin. Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn+.
28 Olaryň ýurdunda mukaddes mekanym hemişe durar. Şonda halklar ysraýyl halkyny mukaddes edýäniň Ýehowadygyny bilerler“»+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: dem; ruh.
^ Ýa-da: ýarany; hemrasy.
^ Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
^ Ýa-da: däp-dessurlary.