Hyzkyl 46:1—24

  • Gurbanlyklar we sadakalar (1—15)

  • Baştutanyň mülki (16—18)

  • Gurbanlyklaryň gaýnadylýan ýerleri (19—24)

46  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: «Içki howlynyň gündogar tarapyndaky derwezehana*+ alty iş güni+ ýapyk durar+, emma Sabat güni we täze Aý dogan güni açyk bolar.  Baştutan daşky howludan gelip, derwezehananyň eýwanyna+ girer we derwezäniň söýesiniň ýanynda durar. Ruhanylar onuň ýakma hem parahatlyk gurbanlyklaryny Hudaýa gurbanlyk berer, ol bolsa derwezehananyň bosagasynda Hudaýa tagzym* edip, çykyp gider. Derweze bolsa agşama çenli açyk durar.  Ýurduň halky-da Sabat güni we täze Aý dogan güni derwezehananyň girelgesinde Ýehowa tagzym ederler+.  Baştutan Sabat güni Ýehowa ýakma gurbanlygy hökmünde alty şikessiz erkek guzyny we bir şikessiz goçy getirsin+.  Goçuň ýanynda bir çuwal* galla sadakasyny, erkek guzularyň ýanynda bolsa ýagdaýyna görä galla sadakasyny bersin. Her çuwal galla sadakasy bilen bile bir küýze* ýag hem getirsin+.  Täze Aý dogan güni sürüden bir öküzçäni, alty erkek guzyny we bir goçy gurbanlyk bersin. Olaryň ählisi şikessiz bolmalydyr+.  Ol öküzçäniň ýanynda bir çuwal galla sadakasyny, goçuň ýanynda bir çuwal galla sadakasyny getirsin. Erkek guzular üçin bolsa ýagdaýyna görä galla sadakasyny getirip biler. Her çuwal galla sadakasy bilen bile bir küýze ýag hem getirsin.  Baştutan derwezehananyň eýwanyndan içeri girsin, şol ýerden hem yzyna çyksyn+.  Ýurduň halky baýramçylyklarda+ sežde etmek üçin Ýehowanyň huzuryna gelenlerinde, demirgazyk derwezehanadan+ girenler günorta derwezehanadan+ çyksynlar, günorta derwezehanadan girenler demirgazyk derwezehanadan çyksynlar. Adamlar giren derwezehanasyndan yzyna çykman, onuň garşysyndaky derwezehanadan çyksynlar. 10  Olaryň arasyndaky baştutan bolsa, halk bilen bile girip, olar bilen hem çykmalydyr. 11  Baýramçylyklarda we dabaraly günlerde öküzçäniň ýanynda bir çuwal galla sadakasyny, goçuň ýanynda bir çuwal galla sadakasyny, erkek guzularyň ýanynda bolsa ýagdaýyna görä galla sadakasyny getirip biler. Ol bir çuwal galla sadakasy bilen bile bir küýze ýag hem getirsin+. 12  Baştutan göwnünden çykaran ýakma+ we parahatlyk gurbanlyklaryny Ýehowa getirende, gündogar derwezehana açylsyn. Baştutan Sabat güni edişi ýaly ýakma we parahatlyk gurbanlyklaryny bersin+. Ol çykandan soň derwezehana ýapylsyn+. 13  Her gün şikessiz erkek guzyny tutuşlygyna ýakyp, Ýehowa gurbanlyk beriň+. Muny her gün irden ediň. 14  Şeýle-de her gün irden çuwalyň altydan bir bölegine barabar galla sadakasyny, ak una seper ýaly küýzäniň üçden bir bölegine barabar ýag getiriň. Şular Ýehowa gündelik berilmeli galla sadakasydyr. Muny ebedilik kanun hökmünde berjaý etmelisiňiz. 15  Gündelik ýakma gurbanlygy hökmünde her gün irden bir erkek guzy, galla sadakasy we ýag getirilsin. 16  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eger baştutan ogullaryna ýer paýyny berse, ol ýer ogullarynyň mülki bolar, olara miras galan mülk bolar. 17  Emma ol guluna öz mülkünden ýer berse, ol ýer azatlyk ýylyna+ çenli guluň elinde bolar. Soňra ýene-de baştutanyň eýeçiligine geçer. Emma ogullaryna berlen ýer, olaryň hemişelik mirasy bolar. 18  Baştutan halkyň elinden mirasyny zorluk bilen almasyn, olary mülkünden kowup çykarmasyn. Halkymyň mülki elinden alynmaz ýaly, ol ogullaryna öz mülkünden miras bersin“». 19  Soňra ol meni derwezehananyň gapdalyndaky girelgeden+ ruhanylaryň demirgazyga bakýan mukaddes naharhanalaryna getirdi+. Men olaryň çetinde, günbatar tarapda bir ýer gördüm. 20  Ol maňa şeýle diýdi: «Şu ýerde ruhanylar ýazyk we günä gurbanlyklarynyň etini gaýnadarlar, galla sadakasyndan çörek bişirerler+. Olar mukaddesligi halka geçirmez ýaly hiç bir zady daşky howla çykarmazlar»+. 21  Ol meni daşky howla çykaryp, onuň dört burçuny görkezdi. Daşky howlynyň her burçunda bir howly bardy. 22  Howlynyň dört burçunda uzynlygy 40 tirsek*, ini 30 tirsek kiçi howly bardy. Olaryň dördüsiniň hem ölçegi deňdi. 23  Olaryň dördüsiniň-de daşy diwarlydy. Diwarlaryň düýbünde bolsa gurbanlyk etini gaýnadar ýaly ojaklar gurlandy. 24  Ol maňa şeýle diýdi: «Ybadathanada hyzmat edýänler halkyň getiren gurbanlyklarynyň etini şu ýerde gaýnadarlar»+.

Çykgytlar

Ýa-da: beýik bina.
Ýa-da: sežde.
Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.