Luka 2:1—52
2 Şol günler Sezar Awgust bütin imperiýada* ilat ýazuwyny geçirmelidigi hakynda karar çykardy.
2 Ol Siriýanyň häkimi Krynwusyň döwründe geçirilen ilkinji ilat ýazuwydy.
3 Şonda adamlaryň ählisi ilat ýazuwyndan geçmek üçin dogduk mekanyna gitdiler.
4 Ýusup+ Dawudyň neslinden bolandygy üçin Jeliläniň Nazaret şäherinden Ýahuda, ýagny Dawudyň dogduk mekany Beýtullahama+ ýola düşdi.
5 Ol ilat ýazuwyndan geçmek üçin aýaly Merýemi+ hem alyp gitdi, sebäbi tizden çagasy bolmalydy+.
6 Olar şol ýere baranda, Merýemiň dogurmaly wagty geldi.
7 Ol ilkinji çagasyny+, ogluny dogrup, gundaga dolady-da, ahyrda ýatyrdy+, sebäbi myhmanhanada ýer ýokdy.
8 Şol töwerekde sürülerini bakyp ýören çopanlar bardy. Olar gijelerini öri meýdanda geçirerdiler.
9 Birdenkä Ýehowanyň* perişdesi peýda boldy. Olaryň daş-töweregine Ýehowanyň* şöhraty ýagty saçdy. Çopanlar muňa juda gorkdular.
10 Perişde olara: «Gorkmaň! Men adamlary begendirjek hoş habary aýtmaga geldim.
11 Şu gün Dawudyň şäherinde+ siziň halasgäriňiz+ doguldy, ol Halypaňyz Mesihdir+.
12 Ine size alamat: ahyrda ýatan gundagly bäbegi görersiňiz» diýdi.
13 Birdenkä ençeme perişdeler+ peýda boldy. Olar Hudaýy şöhratlandyryp:
14 «Gökdäki Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýy razy edýän adamlaryň arasynda parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.
15 Perişdeler göge galanda, çopanlar: «Ýörüň, Beýtullahama gideliň. Ýehowanyň* aýdan zatlarynyň ýerine ýetişini göreliň» diýişdiler.
16 Olar derrew gidip, Merýem bilen Ýusuby we ahyrda ýatan bäbegi gördüler.
17 Çopanlar çagany görüp, perişdäniň aýdanlaryny gürrüň berdiler.
18 Olaryň gürrüňini eşiden adamlar haýran galýardy.
19 Merýem bolsa ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklap, olar hakda oýlanýardy+.
20 Soňra çopanlar sürüsiniň ýanyna geldiler. Olar gören hem eşiden zatlary üçin Hudaýy şöhratlandyrdylar, alkyş aýtdylar.
21 Sekizinji gün bäbegi sünnetläp+, adyna Isa dakdylar. Perişde şeýle ady dakmagy Merýem heniz göwreli bolmanka tabşyrypdy+.
22 Musanyň kanunyna görä tämizlenmeli güni gelende+, ene-atasy çagany Iýerusalime Ýehowanyň* huzuryna getirdi.
23 Sebäbi Ýehowanyň* kanunynda: «Ähli nowbahar ogullaryňyzy Ýehowa* bagyş ediň»+ diýilýär.
24 Olar Ýehowanyň* kanunyndaky: «Iki gumry ýa-da iki kepderi getiriň» diýen tabşyryga görä gurbanlyk berdiler+.
25 Iýerusalimde Şimgon atly dogruçyl we hudaýhon adam bardy. Ol Hudaýyň ysraýyllara göwünlik berjek wagtyna garaşýardy+, onda Hudaýyň mukaddes ruhy bardy.
26 Hudaý Şimgona ölmänkä Ýehowanyň* iberen Mesihini görjekdigini mukaddes ruhy arkaly aýdypdy.
27 Şimgon mukaddes ruhuň täsiri bilen ybadathana geldi. Şol gün Isanyň ene-atasy hem Töwratdaky tabşyrygy berjaý etmek üçin ogluny getiripdi+.
28 Şimgon çagany eline aldy-da, Hudaýy şöhratlandyryp:
29 «Eý Älemiň Hökümdary, aýdyşyň ýaly, indi guluň dünýäden rahat ötüp bilýär+.
30 Sebäbi gözlerim seniň halas edişiňi görýär+.
31 Indi halasgäri ähli halklar hem görýär+.
32 Ol milletleriň gözlerinden perdesini aýyrýan nurdur+, ysraýyl halkynyň şöhratydyr» diýdi.
33 Ýusup bilen Merýem Şimgonyň Isa barada aýdýanlaryna haýran galýardy.
34 Soňra Şimgon olara ak pata berip, çaganyň ejesi Merýeme: «Çaga sebäpli Ysraýylda köpler ýykylar+, köpler dikeler+ we köpler ony ýigrener+.
35 Merýem, seniň bolsa ýüregiňe gylyç sanjylan ýaly bolar+. Şonda köp adamlaryň oý-pikiri mälim bolar» diýdi.
36 Şol ýerde Anna atly garry pygamber aýal hem bardy. Ol aşer taýpasyndan Panuweliň gyzydy. Ol durmuşa çykyp, äri bilen ýedi ýyl ýaşapdy,
37 soňra dul galypdy. Häzir ol 84 ýaşyndady we ybadathanadan gitmän, agyz bekleýärdi, doga-dileg edip, gije-gündiz mukaddes gullugy berjaý edýärdi.
38 Anna hem Ýusup bilen Merýemiň ýanyna baryp, Hudaýa alkyş aýtdy. Ol Hudaýyň Iýerusalimi halas etmegine garaşýan adamlara çaga hakda gürrüň berdi+.
39 Ýusup bilen Merýem Ýehowanyň* kanunyndaky talaplary berjaý edip+, Jeliläniň Nazaret şäherine gaýtdylar+.
40 Çaga ösüp kemala gelýärdi, akyl-paýhasly bolýardy, Hudaý hem ondan razy bolýardy+.
41 Onuň ene-atasy Pasha baýramyny bellemek üçin her ýyl Iýerusalime barardy+.
42 Isa 12 ýaşady. Olar hemişekisi ýaly Iýerusalime baýramçylyga gitdiler+.
43 Baýramçylyk tamamlanyp, öýlerine gaýdanlarynda, Isa Iýerusalimde galdy. Ene-atasy bolsa mundan habarsyzdy.
44 Olar Isa beýleki ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýol ýörediler. Soňra Isany dogan-garyndaşlarynyň we tanyş-bilişleriniň arasyndan gözlediler.
45 Emma Isany tapman, Iýerusalime dolandylar we hemme ýeri gözläp çykdylar.
46 Olar üç günden Isany ybadathanadan tapdylar. Ol mugallymlary diňläp, sorag berip oturan ekeni.
47 Isany diňläp oturanlaryň hemmesi onuň düşünjesine we berýän jogaplaryna haýran galýardy+.
48 Ene-atasy Isany görüp, geň galdy. Ejesi: «Oglum, näme üçin beýle etdiň? Kakaň ikimiziň gözlemedik ýerimiz galmady?» diýdi.
49 Isa bolsa: «Meni näme üçin gözlediňiz? Atamyň öýünde+ bolmalydygymy bilmeýärdiňizmi?» diýdi.
50 Ýöne olar Isanyň aýdanlaryna düşünmediler.
51 Isa ene-atasy bilen Nazarete gaýdyp, olaryň aýdan-diýeninden çykmady*+. Ejesi oglunyň aýdan zatlaryny ýüreginde saklady+.
52 Isa ulalyp, akylly-paýhasly boldy, Hudaýy we adamlary razy edýärdi.