Luka 21:1—38

  • Dul aýalyň iki teňňesi (1—4)

  • BOLMALY ZATLARYŇ ALAMATY (5—36)

    • Uruş, ýertitreme, gyrgynçylyk, açlyk (10, 11)

    • Iýerusalimiň gabalmagy (20)

    • Milletlere berlen wagt (24)

    • Ynsan oglunyň gelmegi (27)

    • Injir agajy baradaky mysal (29—33)

    • Oýa bolmak (34—36)

  • Isa ybadathanada öwredýär (37, 38)

21  Isa daş⁠-⁠töweregine göz aýlanda, baýlaryň ybadathanadaky gutulara pul atýandygyny gördi+.  Ol garyp dul aýalyň ikije teňňe* atandygyny görüp+:  «Size hakykaty aýdýaryn, şol garyp dul aýal pul atanlaryň hemmesinden köp atdy+.  Sebäbi hemmeler özlerinden artanyny atdylar, emma ol mätäçlik çekýänem bolsa*, barja zadyny atdy»+ diýdi.  Adamlaryň käbiri ybadathananyň owadan daşlar we Hudaýa bagyş edilen zatlar bilen bezelendigi hakda gürrüň edenlerinde+,  Isa: «Şeýle bir günler geler, şu görýän zatlaryňyzdan hiç zat galmaz, daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular»+ diýdi.  Şonda olar: «Mugallym, aýdan zatlaryň haçan bolar? Haýsy alamatdan bilse bolar?»+ diýip soradylar.  Isa: «Seresap boluň, sizi aldaýmasynlar+. Sebäbi köpler meniň adymdan gelip: „Men Mesih“ we „Bellenen wagt golaýlady“ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň+.  Uruşlar we gozgalaňlar barada eşidip gorkmaň, sebäbi öňürti şeýle zatlar bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy gelmez»+ diýdi. 10  Soňra Isa şeýle diýdi: «Millet millete+, patyşalyk patyşalyga garşy çykar+. 11  Güýçli ýertitremeler, käbir ýerlerde açlyk we gyrgynçylyk bolar+. Adamlar gorkunç zatlary we gökde uly alamatlary görerler. 12  Şu wakalar bolmazyndan öňürti sizi tussag ederler, yzarlarlar+, sinagogalara tabşyrarlar we türmä basarlar. Meniň adym üçin, sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň öňüne alyp bararlar+. 13  Şonda wagyz etmäge mümkinçilik bolar. 14  Siz özüňizi goramak üçin öňünden alada etmäň+. 15  Sebäbi men size akyldarlyk bererin, näme diýmelidigini öwrederin. Şonda duşmanlaryňyz size ne garşy durup biler, ne⁠-⁠de zat diýip biler+. 16  Onsoňam, sizi ene⁠-⁠ataňyz, dogan⁠-⁠garyndaşlaryňyz, dost⁠-⁠ýarlaryňyz hem tutdurarlar*, olar käbiriňizi öldürerler+. 17  Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener+. 18  Ýöne siziň saçyňyzyň ýekeje tary⁠-⁠da gaçmaz+. 19  Siz çydamly bolup, janyňyzy halas edersiňiz+. 20  Siz Iýerusalimiň gabalandygyny görseňiz+, onuň tizden harabaçylyga öwrüljekdigini biliň+. 21  Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn+, Iýerusalimiň içindäkiler çyksyn, daş⁠-⁠töweregindäkiler hem oňa girmesin. 22  Şol günler Hudaýyň gahar⁠-⁠gazaby inip, ähli ýazylan zatlar ýerine ýeter. 23  Şol günler göwreli we çaga emdirýän aýallaryň dat gününe!+ Sebäbi ýurtda betbagtçylyk bolar, ilaty almytyny alar. 24  Olar gylyçdan geçiriler, ýat ýurtlara sürgün ediler+. Milletlere berlen wagt tamamlanýança, Iýerusalimi başga halklar depelärler+. 25  Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar bolar+. Ýer ýüzündäki halklar deňziň güwwüldisinden we gaý⁠-⁠tupandan ýaňa näme etjegini bilmän howsala düşerler. 26  Adamlar ýer ýüzünde boljak betbagtçylyklara garaşyp, gorkudan ýaňa aljyrarlar, sebäbi asman jisimleri* titrär. 27  Olar Ynsan oglunyň+ bulutlaryň içinden uly güýç we şöhrat bilen gelýänini görerler+. 28  Şu zatlar ýerine ýetip başlanda, dikeliň, başyňyzy galdyryň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlandyr». 29  Isa olara şeýle mysaly gürrüň berdi: «Injir agajyna we beýleki agaçlara serediň+. 30  Olaryň şahalary pyntyklanda, tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. 31  Siz hem şu zatlary göreniňizde, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýlandygyny biliň. 32  Size hakykaty aýdýaryn, şu nesil dünýäden ötmänkä, aýdylanlaryň ählisi berjaý bolar+. 33  Gök we ýer geçip gider, ýöne meniň sözlerim ebedi galar+. 34  Siz bolsa ägä boluň! Iýermenlik, serhoşlyk+ we durmuşyň gaýgy⁠-⁠aladalary+ ýüregiňize ýük bolup, şol gün üstüňize duýdansyz geläýmesin, 35  duzaga düşüräýmesin+. Sebäbi şol gün ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne geler. 36  Siz bolsa oýa boluň!+ Boljak zatlardan gaçyp gutulyp, Ynsan oglunyň öňünde durup biler ýaly+, hemişe doga⁠-⁠dileg ediň»+. 37  Isa gündizine ybadathanada öwrederdi, gije Zeýtun dagynda bolardy. 38  Adamlar hem ir bilen ybadathana gelip, Isany diňlärdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: iki lepta. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: garyp bolsa⁠-⁠da.
Ýa⁠-⁠da: dönüklik ederler; kazyýete tabşyrarlar.
Sözme⁠-⁠söz: gögüň güýçleri.