Matta 15:1—39

  • Ynsan taglymaty paş edilýär (1—9)

  • Haram zatlar ýürekden çykýar (10—20)

  • Finikiýaly aýalyň imany (21—28)

  • Isa syrkawlary sagaldýar (29—31)

  • Isa 4 000 adamy naharlaýar (32—39)

15  Isanyň ýanyna Iýerusalimden fariseýler we kanunçylar+ gelip:  «Şägirtleriň näme üçin ata-babalaryň däp-dessuryny berjaý etmeýärler? Meselem, olar nahardan öň ellerini ýuwmaýarlar*»+ diýdiler.  Isa olara şeýle diýdi: «Siz däp-dessurlaryňyz sebäpli Hudaýyň tabşyrygyny näme üçin bozýarsyňyz?+  Meselem, Hudaý „Ene-ataňa hormat goý“+ we „Ene-atasyna sögen* adam öldürilsin“+ diýdi.  Siz bolsa: „Kim ene-atasyna: „Size kömek ederdim welin, bar zadymy Hudaýa bagyş etdim“+ diýen adam  atasyna kömek etmeli däl“ diýýäňiz. Şeýdip, siz däp-dessurlaryňyzy wajyp hasaplap, Hudaýyň sözüne eýermeýäňiz+.  Eý ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda dogry aýdypdyr+:  „Halk maňa diňe dilinde sarpa goýýar, emma ýüregi menden uzakdadyr.  Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler“»+. 10  Soňra Isa adamlary ýanyna çagyryp: «Sözlerimi ünsli diňläp, düşünjek boluň+: 11  adamy iýýän zady haram etmeýär, agzyndan çykýan sözi haram edýär»+ diýdi. 12  Şägirtler Isanyň ýanyna baryp: «Bilýäňmi, fariseýler aýdan sözleriňi gaty gördüler*»+ diýdiler. 13  Isa: «Gökdäki Atamyň ekmedik agajy köki bilen sogrulyp taşlanar. 14  Olara üns bermäň, olar kör ýolbaşçylardyr. Eger kör köri idip ýol görkezse, ikisi-de çukura gaçar»+ diýdi. 15  Petrus oňa: «Bize mysalyň manysyny düşündir» diýdi. 16  Isa: «Siz henizem düşünmediňizmi?+ 17  Adamyň iýen zady garnyna baryp, soňra täret edende çykýanyny bilmeýäňizmi? 18  Emma adamyň agzyndan çykýan söz, aslynda, ýüreginden çykýar, adamy şol haram edýär+. 19  Meselem, erbet pikirler, adam öldürmek, zyna etmek, ahlaksyzlyk*, ogurlyk, ýalan sözler we gargyşlar adamyň ýüreginden çykýar+. 20  Şular adamy haram edýär, ýöne eliňi ýuwman nahar iýmek haram etmeýär» diýdi. 21  Isa ol ýerden gaýdyp, Tir bilen Sidona gitdi+. 22  Şol ýerde ýaşaýan finikiýaly aýal gelip: «Agam, Dawut Ogly, rehim et! Gyzyma jyn girip, köp azar berýär»+ diýip ýalbardy. 23  Isa aýala hiç zat diýmedi. Şonda şägirtleri: «Oňa git diýäý, ýogsam yzymyzdan galman gygyryp gelýär» diýdiler. 24  Isa: «Hudaý meni diňe Ysraýylyň ýiten goýunlaryna kömek etmek üçin iberdi»+ diýdi. 25  Aýal Isa tagzym edip: «Agam, kömek et!» diýdi. 26  Isa oňa: «Çagalaryň çöregini agzyndan alyp, güjüklere bermek dogry däl ahyryn!» diýdi. 27  Şonda aýal: «Dogry aýdýaň, agam! Ýöne güjükler hem hojaýynyň saçagyndan gaçan owuntyklary iýýär ahyryn»+ diýdi. 28  Isa oňa: «Seniň imanyň güýçli ekeni. Goý, seniň isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Onuň gyzy şol bada sagaldy. 29  Isa ol ýerden gaýdyp, Jelile deňziniň golaýyna geldi+, soňra dagyň etegine baryp oturdy. 30  Şonda uly märeke Isanyň ýanyna ýygnandy. Olar agsaklary, maýyplary, körleri, lallary we başga-da ençeme syrkaw adamlary getirdiler. Isa-da hemmesini sagaltdy+. 31  Märeke lallaryň gepleýändigine, maýyplaryň sagalandygyna, körleriň görýändigine, agsaklaryň ýöreýändigine haýran galyp, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyrdy+. 32  Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Märeke üç günden bäri ýanymdan aýrylanok. Olara ýüregim awaýar+, iýere zatlary ýok. Olary aç goýberesim gelenok, sebäbi ýolda ysgyndan gaçarlar»+ diýdi. 33  Şägirtleri bolsa: «Uly märekäni doýurmak üçin çola ýerde çöregi nireden tapaly?»+ diýdiler. 34  Isa olardan: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Olar: «Ýedi çörek bilen birnäçe kiçi balygymyz bar» diýdiler. 35  Şonda Isa märekäni ýerde oturtdy. 36  Soňra ýedi çörek bilen balygy alyp, Hudaýa minnetdarlyk aýtdy-da, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtler bolsa märekä paýladylar+. 37  Hemmeler iýip doýandan soň, galan bölekleri ýygnadylar. Şonda ýedi uly sebet doldy+. 38  Aýallary we çagalary hasaba almanyňda, iýenleriň sany 4 000 adamdy. 39  Isa märekäni ugradansoň, gaýyga münüp, Magadana gitdi+.

Çykgytlar

Dini däbe görä eliňi ýuwmak göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: Ene-atasy bilen gödek gepleşýän.
Ýa-da: büdrediler.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.