Nakyllar 22:1—29

  • At⁠-⁠abraý köp baýlykdan gowudyr (1)

  • Çagany dogry ýola sal, ondan sowulmaz (6)

  • Ýalta arslandan gorkýar (13)

  • Terbiýe taýagy akylsyzlygy aýrar (15)

  • Ökde adam patyşalara hyzmat eder (29)

22  At⁠-⁠abraý köp baýlykdan gowudyr+,Sylag⁠-⁠hormat* altyn⁠-⁠kümüşden ýagşydyr.   Baý bilen garybyň bir meňzeşligi bar, Olaryň ikisini⁠-⁠de Ýehowa ýaratdy+.   Ätiýaçly adam howpy görüp gizlenýär,Tejribesiz* bolsa gözsüz batyrlyk edip, zyýan* çekýär.   Pesgöwünli we Ýehowadan gorkýan ynsan,Baýlygy, şöhraty we uzak ömri sylag alýar+.   Hilegäriň ýolunda tikenek we duzak bardyr,Öz janyna haýpy gelýän olardan daşda durar+.   Çagany terbiýeläp, dogry ýola sal+,Ulalanda hem ondan sowulmaz+.   Baý garybyň hojaýynydyr,Bergili algydaryň guludyr+.   Adalatsyzlyk ekýän bela⁠-⁠beter orar+,Onuň gazap hasasy döwler+.   Jomart adamyň berekedi artýar,Sebäbi çöregini garyp bilen paýlaşýar+. 10  Ýaňsylaýjyny kow, dawa⁠-⁠jenjel ýatar,Goh⁠-⁠galmagaldan, kemsitmeden gulagyň dynar. 11  Päk ýürekli, süýji dilli adamPatyşanyň dosty bolar+. 12  Ýehowa bilimi goraýar,Dönügiň sözlerini puç edýär+. 13  Ýalta: «Daşarda arslan bar! Köçä çyksam, meni öldürer!» diýýändir+. 14  Azgyn* aýalyň agzy guýy kimindir+, Ýehowanyň höküm eden adamy oňa gaçýandyr. 15  Akylsyzlyk çaganyň ýüreginde kök urandyr+;Terbiýe taýagy akylsyzlygy çagadan aýrar+. 16  Mal⁠-⁠mülküni artdyrmak üçin garyby ezip+,Baýa sowgat berýän adam,Garyplyga duçar bolar. 17  Akyldaryň sözüni diňle, gulak as+,Şonda bilimi ýüregiň bilen kabul edersiň+. 18  Olary gursagyňa guýsaň+,Diliňden düşürmeseň janyňa hoş ýakar+. 19  Şu gün saňa köp zatlary öwretdim.Olara eýerseň, Ýehowa bil baglarsyň. 20  Muny öň hem saňa ýazyp,Maslahat, öwüt⁠-⁠ündew beripdim. 21  Saňa ynamdar we hak sözleri öwredipdim,Indi seni ýollana gowy habary getirersiň. 22  Garyby pukara bolany üçin talama+,Şäher derwezesinde ejize ganym bolma+. 23  Sebäbi olaryň dadyna Ýehowa ýetişer+,Olary talanlaryň janyny alar. 24  Ganygyzma bilen ýoldaş bolma,Gaharyny saklamaýan adam bilen tirkeşme. 25  Şonda onuň ýollaryny öwrenmersiň,Janyňy tora salmarsyň+. 26  El gysyp girew goýýanlaryň,Ýadyň karzyny öz boýnuna alýanlaryň arasynda bolma+. 27  Töläre puluň bolmasa,Ýatan düşegiňi alyp giderler. 28  Ata⁠-⁠babalaryň mellekde bellän araçägini,Gadymy araçäkleri üýtgetme+. 29  Işine ökde adamy gördüňmi? Ol garamaýak adamlara däl⁠-⁠de,Patyşalara hyzmat eder+.

Çykgytlar

Sözme-söz: Rehimdarlyk.
Ýa-da: Sada; ynanjaň.
Ýa-da: jeza.
Sözme-söz: Ýat. Nak 2:16-a serediň.