Nesihat 10:1—20
10 Öli siňek atyry porsadar we zaýalar, şonuň ýaly bir akylsyz iş hem paýhasly adamy abraýdan düşürer+.
2 Akyldaryň ýüregi dogry ýoly görkezýär, akylsyzyň ýüregi bolsa erbet ýola sowýar+.
3 Akmak haýsy ýoldan ýörese-de, akyly kemlik edýär+. Akmaklygyny hemmeler görýär+.
4 Patyşa saňa gazaplansa, ornuňy taşlap gitme+, sebäbi özüňi rahat alyp barsaň, agyr günäleriň hem bagyşlanar+.
5 Gök* astynda ruhdan düşürýän bir zat bar. Hökümdarlar şeýle ýalňyşlyk goýberýär+:
6 akmagy ýokary wezipä belleýärler, zehinli* adamy bolsa pes ýerde oturdýarlar.
7 At üstünde oturan gullary, gul kimin pyýada barýan şazadalary gördüm+.
8 Adam öz gazan çukuryna özi düşer+; diwary deşeni ýylan çakar.
9 Daş döwýän adam ýaralanar, odun çapýan howply ýagdaýa uçrar*.
10 Kütelen palta ýiteldilmese, köp güýç gerek bolar, akyldarlyk bolsa üstünlik getirer.
11 Ýylan oýnadýan adam tüýdügini çalmanka ýylan çaksa, tüýdükçiniň ukybyndan ne peýda?
12 Akyldaryň agzyndan çykan sözler ýakymlydyr+, akmagyň dili özüni heläk edýär+.
13 Agzyndan ilki bilen akmaklyk çykýar+, akmaklygy bolsa heläkçilik bilen gutarýar.
14 Şonda-da akmak agzyny ýummaýar+.
Adam näme boljagyny bilmeýär, ol dünýäden ötse, kim ony yzyna getirip, boljak zatlary aýdyp biler?+
15 Akylsyzy agyr zähmet ýadadýar, ol hatda şähere barýan ýoly tapmaýar.
16 Ýaş oglan patyşa bolsa, han-begleri ir-ertirden keýp çekmäge başlasa, ol ýurduň dat gününe!+
17 Patyşasy abraýly maşgaladan bolsa, han-begleri serhoşlyk etmän, wagtynda nahar iýip, güýç toplasa, ol ýurt gülläp ösýär!+
18 Ýaltanyň üçegi çökýär, elini gowşuryp oturýanyň üçeginden suw geçýär+.
19 Çörek ýüregi şatlandyrýar, şerap keýpi göterýär+, pul hem zada zar etmeýär+.
20 Patyşa içiňden-de* gargama+, baý adamy düşegiňde-de näletleme, sebäbi gögüň guşlary gargyşyňy ýetirer, guşlar aýdan sözleriňi habar berer.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Gün.
^ Sözme-söz: baý.
^ Başga manysy: odun çapýan seresap bolmalydyr.
^ Başga manysy: düşegiňde ýatanyňda-da.