Nesihat 11:1—10

  • Pursatdan peýdalan (1—8)

    • Çöregiňi derýa akdyr (1)

    • Säher bilen tohum sep (6)

  • Ýaşkaň şatlan (9, 10)

11  Çöregiňi derýa akdyr+, günler geçer, ol ýene öňüňden çykar+.  Bar zadyňdan ýedi, hatda sekiz adama paý ber+. Sebäbi ýer ýüzünde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň.  Bulutlar suwdan dolsa, ýere ýagyş ýagýar. Agaç günorta ýykylsa-da, demirgazyga ýykylsa-da, ýykylan ýerinde ýatýar.  Şemala seredýän tohum sepmez, buluda seredýän hasyl ormaz+.  Göwreli aýalyň çagasyna nädip jan girýändigini* bilmeýşiň ýaly+, ähli zady edýän hak Hudaýyň işlerine-de akyl ýetirip bilmersiň+.  Tohumyňy säher bilen sep, agşama çenli eliň boş durmasyn+, sebäbi haýsysynyň gögerjegini bilýän dälsiň. Belki, irden ekeniň ýa-da agşam ekeniň gögerer. Belki-de, ikisem gögerer.  Ýagtylyk ýakymlydyr, güneşi görmek gözüňe hoş ýakýandyr.  Goý, ynsan ömrüniň ähli gününi şatlyk bilen geçirsin+. Köp agyr günleriň hem boljakdygyny unutmasyn, sebäbi boljak zatlaryň bary biderekdir+.  Eý ýaş ýigit, heniz ýaşkaň şatlan! Goý, ýaşlyk günleriňde ýüregiň begensin! Göwün islän, gözüň gören ýoly bilen git, emma unutma, hak Alla ähli zat üçin hasap sorar+. 10  Şonuň üçin gaýgy-hasraty ýüregiňden çykar, erbet zatlardan gaça dur, sebäbi ýaşlyk-da, juwanlyk-da biderekdir+.

Çykgytlar

Ýa-da: Aýalyň göwresindäki çaganyň süňkünde ruhuň hereket edişini.