Ýahýa gelen Ylham 13:1—18
13 Aždarha henizem deňziň kenarynda çägäniň üstünde durdy.
Men deňizden+ on şahly, ýedi kelleli wagşy haýwanyň+ çykyp gelýänini gördüm. Onuň şahlarynda on täç, kellelerinde bolsa Hudaýa dil ýetirýän atlar bardy.
2 Gören wagşy haýwanym alajabarsa meňzeýärdi, aýaklary aýynyňky, agzy bolsa ýolbarsyňky ýalydy. Aždarha+ oňa güýç, tagt we uly ygtyýar berdi+.
3 Men onuň bir kellesiniň agyr ýaralanandygyny gördüm. Ýarasy agyr bolsa-da, ol sagaldy+ we ýer ýüzüniň ähli adamlary oňa buýsanyp, yzyna düşdüler.
4 Adamlar aždarha sežde etdiler, sebäbi ol wagşy haýwana ygtyýar beripdi. Olar: «Wagşy haýwana taý geljek, onuň bilen söweşip biljek barmy?» diýip, wagşy haýwana-da sežde etdiler.
5 Aždarha wagşy haýwana tekepbirlik bilen gepläp, Hudaýa dil ýetirmäge we 42 aýlap+ ygtyýarly bolmaga ýol berdi.
6 Şonda ol Hudaýa, onuň adyna, mekanyna we gökde ýaşaýanlara+ dil ýetirip başlady+.
7 Wagşy haýwana mukaddesler bilen söweşip, olary ýeňmäge rugsat berildi+. Ähli taýpalaryň, halklaryň, dilleriň we milletleriň üstünden höküm sürmäge ygtyýar hem berildi.
8 Ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisi oňa sežde ederler. Dünýäniň başlangyjyndan bäri olaryň hiç biriniň ady gurban edilen Guzynyň+ ýaşaýyş kitabyna+ ýazylan däldir.
9 Goý, gulagy bar adam eşitsin!+
10 Sürgün edilmeli adam sürgün ediler. Gylyç bilen öldüren* adamy hem gylyç bilen öldürmeli+. Şeýle ýagdaýda mukaddeslere+ çydamly bolmak+ we iman etmek gerekdir+.
11 Soňra men ýerden çykan başga bir wagşy haýwany gördüm. Onuň guzynyňky ýaly iki şahy bardy, ýöne ol aždarha ýaly gepläp başlady+.
12 Ol birinji wagşy haýwanyň+ gözüniň alnynda onuňky ýaly erk-ygtyýarynyň bardygyny görkezýär. Şeýle-de ol ýeri we onda ýaşaýanlary agyr ýaralanan, soňra sagalan birinji wagşy haýwana sežde etdirdi+.
13 Ol uly alamatlar görkezýärdi, hatda bütin adamzadyň gözüniň alnynda gökden ýere ot ýagdyrýardy.
14 Ikinji wagşy haýwan birinji wagşy haýwanyň öňünde alamatlary görkezip, ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýardy. Şeýle-de ol ýerde ýaşaýanlara gylyç sanjylan, ýöne diri galan wagşy haýwanyň+ şekilini+ ýasamagy buýurdy.
15 Ikinji wagşy haýwana bolsa birinji wagşy haýwanyň şekiline ýaşaýyş demini bermek ygtyýary berildi. Şonda wagşy haýwanyň şekili gepläp, sežde etmedikleri öldürmegi buýrup bilýärdi.
16 Ol uludan-kiçä ähli adamlary, baýlary we garyplary, azatlary hem gullary sag eline ýa-da maňlaýyna bellik goýdurmaga+ mejbur etdi.
17 Wagşy haýwanyň belligini, adyny+ ýa-da adynyň sanyny alanlardan+ başga hiç kim ne satyn alyp, ne-de satyp bilýärdi.
18 Düşgür adam wagşy haýwanyň sanyny hasaplasyn. Ol ynsan sanydyr, onuň sany 666+. Muňa diňe paýhasly adam düşüner.
Çykgytlar
^ Başga manysy: Gylyç bilen öldürilmeli.