Ýahýa gelen Ylham 2:1—29

2  Efesdäki ýygnagyň+ perişdesine+ şeýle sözleri ýaz: „Sag elinde ýedi ýyldyzy saklaýan we ýedi altyn şemdanyň arasynda ýöreýän+ şeýle diýýär:  „Men seniň işleriňi, çekýän zähmetiňi, çydamlylygyňy, erbet adamlary kabul etmeýändigiňi, resul bolmasalar-da, özüne resul diýýänleri+ we ýalan sözleýänleri synaýandygyňy bilýärin.  Meniň adym üçin köp kynçylyklara duş gelen+ hem bolsaň, çydamly bolduň, berk durduň, ýadamadyň+.  Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: seniň başdaky söýgiň sowapdyr.  Sen nämäňi ýitirendigiňi ýadyňa sal, toba et-de+, öňki eden işleriňi edip başla. Eger toba etmeseň+, men gelip, şemdanyňy+ duran ýerinden aýraryn.  Ýöne seniň edýän ýagşy zadyň hem bar. Sen Nikolawusyň dini toparynyň*+ edýän işlerini ýigrenýärsiň, olary men hem ýigrenýärin.  Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin!+ Men söweşde ýeňene+ Hudaýyň jennetindäki ýaşaýyş agajynyň miwesinden iýmäge rugsat bererin“+.  Smirnadaky ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Ilkinji we Soňky“+, ýagny ölüp, soňra direlen+ şeýle diýýär:  „Men seniň çekýän kynçylygyňy we garypdygyňy bilýärin, ýöne sen baýsyň+. Ýehudy bolmasalar-da, özüne ýehudy diýip, saňa dil ýetirýänleri hem bilýärin, emma olar Şeýtanyň sinagogasydyr*+. 10  Kynçylyklardan gorkma+. Iblis siziň käbiriňizi türmä basar. Şonda siz doly synalyp, on günläp görgi görersiňiz. Soňky demiňe çenli wepaly bol, men hem saňa ýaşaýyş täjini bererin+. 11  Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin+: söweşde ýeňen adama+ ikinji ölüm zyýan ýetirmez“+. 12  Pergamdaky ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Ýiti, uzyn we iki tarapy kesgir gylyçly+ şeýle diýýär: 13  „Seniň ýaşaýan ýeriňi bilýärin, ol ýerde Şeýtanyň tagty durandyr. Emma sen adyma wepaly bolduň+, hatda wepaly şaýadym+ Antipasyň günlerinde-de maňa imanyňdan dänmediň+. Antipasy siziň şäheriňizde, ýagny Şeýtanyň öýjüginde öldüripdiler“+. 14  Ýöne welin sende oňlamaýan bir zadym bar: araňyzda Bilgamyň taglymatlaryna eýerýänler bar+. Ol Ballaga+ ysraýyl ogullarynyň öňünde büdredýän daş* goýmagy, ýagny butlara berlen gurbanlyklary iýmegi we ahlaksyzlyk*+ etmegi öwredipdi. 15  Şonuň ýaly-da araňyzda Nikolawusyň dini toparynyň taglymatlaryna+ eýerýänler hem bar. 16  Şonuň üçin toba et, ýogsam tizden baryp, agzymdan çykyp duran uzyn gylyjym bilen olara garşy söweşerin+. 17  Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin+: söweşde ýeňene+ gizlin manna+ we ak daş bererin, daşyň ýüzüne täze at ýazylandyr. Şol ady diňe daşy alan adam bilýändir“. 18  Tiýatiradaky+ ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Hudaýyň Ogly, ýagny gözleri oduň ýalnyna+, aýaklary arassa mise+ meňzeýän şeýle diýýär: 19  „Men seniň edýän işleriňi, söýgiňi, imanyňy, gullugyňy, çydamlylygyňy we öňküden has köp işleri edýändigiňi bilýärin. 20  Ýöne welin sende oňlamaýan bir zadym bar: özüni pygamber hasaplaýan Izabel+ atly aýalyň erbet işlerine göz ýumýarsyň. Ol gullarymy aldap, ahlaksyzlyk*+ etmegi we butlara berlen gurbanlyklary iýmegi öwredýär. 21  Men oňa toba etmäge wagt berdim, ýöne ol ahlaksyz* işlerine toba etmek islemeýär. 22  Men ony kesele uçradaryn, onuň täsirine düşüp, zyna edýänler toba etmeseler, olaryň başyna uly betbagtçylyk indererin. 23  Onuň çagalaryna ölüm jezasyny bererin. Şonda ýygnaklaryň ählisi pikirleri* we ýürekleri barlaýanyň mendigimi bilerler. Men her kese eden işine görä hakyny bererin+. 24  Tiýatiradaky Izabeliň taglymatyna eýermeýänlere we „Şeýtanyň syrlaryny“+ bilmek islemediklere bolsa şeýle diýýärin: „Men siziň üstüňize başga zat ýüklemerin. 25  Hawa, men barýançam, dogry ýolda berk duruň+. 26  Söweşde ýeňene we tabşyrygymy berjaý edýäne halklaryň üstünden höküm sürmäge ygtyýar bererin+. 27  Ol çopan kimin demir hasasy bilen adamlary bakar+. Şonda olar toýun gaplar kimin çym-pytrak bolar, sebäbi Atam maňa-da şeýle ygtyýar berdi. 28  Men oňa daň ýyldyzyny+ bererin. 29  Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin!“

Çykgytlar

Ýa-da: sektasynyň. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Ýa-da: duýgulary. Sözme-söz: böwrekleri.