Ýahýa gelen Ylham 6:1—17
6 Soňra men Guzynyň+ ýedi möhüriň birini açanyny+ gördüm. Şonda dört perişdäniň+ biri gök gürrüldisine meňzeş ses bilen: «Gel!» diýdi.
2 Ine, bir ak at+ çykdy, onuň üstünde oturanyň elinde ýaýy we oky bardy. Oňa täç berildi+ we ol ýeňmek üçin çykyp, doly ýeňiş gazandy+.
3 Guzy ikinji möhüri açanda, ikinji perişdäniň+: «Gel!» diýenini eşitdim.
4 Şonda men başga bir dor aty gördüm. Adamlaryň bir-birini gyrmagy üçin atyň üstünde oturana ýer ýüzünden parahatlygy aýyrmak ygtyýary we uly gylyç berildi+.
5 Guzy üçünji möhüri açanda+, üçünji perişdäniň+: «Gel!» diýenini eşitdim. Şonda gara reňkli at gördüm. Onuň üstünde oturanyň elinde terezi bardy.
6 Dört perişdäniň arasyndan: «Bir golça* bugdaý bir teňňedir*+, üç golça arpa hem bir teňňedir. Ýöne zeýtun ýagy bilen şeraba zyýan ýetirme»+ diýen ses eşitdim.
7 Guzy dördünji möhüri açanda, dördünji perişdäniň+: «Gel!» diýenini eşitdim.
8 Ine, görsem, çal at çykdy. Onuň üstünde oturanyň ady Ölümdi. Mazar* hem onuň yzyndady. Olara ýer ýüzüniň dörtden bir bölegini uzyn gylyç, açlyk+, ölüm howply kesel we wagşy haýwanlar bilen öldürmek+ ygtyýary berildi.
9 Guzy bäşinji möhüri açanda, gurbanlyk ojagynyň*+ düýbünde Hudaýyň sözüni berjaý edip, wagyz işine gatnaşanlaryň+ dökülen ganyny+ gördüm.
10 Olar batly ses bilen: «Eý Älemiň Hökümdary, sen mukaddes hem dogruçyl Hudaý!+ Sen haçan ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny höküm edip, biziň ganymyz üçin ar aljak?»+ diýýärdiler.
11 Olaryň hersine uzyn ak don berildi+ we özleri ýaly öldürilen imandaşlarynyň hem-de doganlarynyň+ sany dolýança, biraz garaşmalydygy aýdyldy.
12 Guzy altynjy möhüri açanda, güýçli ýertitreme boldy. Şonda Gün gara ýüň* ýaly gap-gara, Aý hem gan ýaly gyp-gyzyl boldy+.
13 Güýçli ýel turanda, injir agajynyň miweleriniň dökülişi ýaly, gökdäki ýyldyzlar hem ýere gaçdy.
14 Gök bolsa kagyz ýaly düýrlenip, zym-zyýat boldy+. Daglaryň we adalaryň hemmesi ýerinden süýşdi+.
15 Şonda ýer ýüzüniň patyşalary, wezipeli adamlary, goşun serkerdeleri, baýlary, ygtyýarly adamlary, ähli gul we azat adamlary dagyň gowaklarynda hem-de gaýalaryň arasynda gizlendiler+.
16 Olar daglara we daşlara: «Üstümize ýykylyň-da+, bizi tagtda oturan Hudaýyň+ ýüzünden we Guzynyň+ gazabyndan gizläň.
17 Sebäbi olaryň beýik gazap güni geldi+, indi kim halas bolup biler?»+ diýýärdiler.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: dinardyr. Bir rim kümüş dinary bir günlük iş haky bolupdyr. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Geçiniň çöpüri, ýagny ýüňi göz öňünde tutulýan bolmaly.