Zebur 96:1—13
96 Ýehowanyň şanyna täze aýdym aýdyň+.
Bütin ýer ýüzi, Ýehowa aýdym aýdyň!+
2 Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyň, adyny wasp ediň.
Her gün halas edişi hakda wagyz ediň+.
3 Milletlere şan-şöhratyny ýetiriň,Halklara täsin işlerini buşlaň+.
4 Ýehowa beýikdir, öwgä mynasypdyr.
Başga taňrylardan has haýbatlydyr.
5 Milletleriň taňrylary dereksiz butlardyr+,Ýehowa gökleri ýaradan Hudaýdyr+.
6 Daşyny gurşaýar hormat, şan-şöhrat+,Mekanynda bar gözellik, güýç-kuwwat+.
7 Eý tire-taýpalar, Ýehowa alkyş aýdyň!Güýçli hem şan-şöhratly Ýehowa alkyş aýdyň!+
8 Ýehowanyň adyny arşa galdyryň!+Onuň howlusyna sowgatly giriň.
9 Mukaddes lybas geýiň*, Ýehowa tagzym* ediň,Öňünde bütin ýer ýüzi titresin.
10 Milletlere jar çekiň: «Ýehowa Patyşa boldy!+
Ýeriň düýbüni tutdy, ol indi asla sarsmaz.
Alla halklary adalatly höküm eder»+.
11 Goý, asman begensin, zemin şatlansyn,Deňiz we içindäkiler el çarpsyn+.
12 Çöl-beýewan we ondaky ähli zatlar guwansyn+,
Tokaýyň agaçlary şatlykdan ýaňa gygyrsyn+.
13 Olaryň ählisi Ýehowanyň öňünde şatlansyn.Sebäbi ol ýer ýüzüni höküm etmäge gelýär.
Ol dogruçyllyk we wepadarlyk bilen,Ýer ýüzüniň halklaryny höküm eder+.